HR3030 - Blender PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy
Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň HR3030 PHILIPS PDF formatynda.
Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Blender PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň HR3030 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. HR3030 markalaryň PHILIPS.
ULANYJY GOLLANMASY HR3030 PHILIPS
r557 Türkmençe 1 Soky 2 Ölçeg bulgury 3 Blenderiň golçasynyň gapagy 4 Blenderiň bankasy 5 Pyçak toplumynyň dykyzlaýjy halkasy 6 Pyçak toplumy 7 Motorly esas 8 Dolandyryş nurbady
Dograýjy (diňe HR3032/HR3033) 9 Birleşdirýän toplum 10 Dograýjynyň golçasy 11 Dograýjynyň pyçak toplumy 12 Dograýjynyň golçasynyň gapagy
Üweýji (diňe HR3034) 15 Üweýjiniň golçasynyň gapagy 16 Üweýjiniň golçasy
Enjamyň hereketlendiriji bölümini suwa ýa-da başga islendik suwuklyga çümdürmäň ýa-da ony kranyň aşagynda ýuwmaň. Hereketlendiriji bölümini arassalamak üçin diňe çygly mata ulanyň. Duýduryş
Enjamy açmak ýa-da öçürmek üçin blenderiň bankasyny ýa-da kömekçi enjamlaryny ulanmaň.
Çagalar bu enjamy ulanmaly däl. Enjamy we onuň elektrik kabelini çagalaryň eli ýetmejek ýerde saklaň.
Enjamyň talabalaýyk arassalanandygyna göz ýetiriň. Esasanam azyk bilen galtaşýan ýüzleriniň arassadygyna göz ýetiriň. Arassalamagyň jikme-jikliklerini “Arassalamak we abatlamak” bölüminde tapmak bolar. Seresap boluň
Beýleki öndürijilerden alnan ýa-da Philips tarapyndan ýörite maslahat berilmeýän aksessuarlary ýa-da şaýlary hiç haçan ulanmaň. Şeýle aksessuarlary ýa-da şaýlary ulanan halatyňyzda size berlen kepilligiň güýji ýitýär.
Enjam işläp durka hiç haçan blenderiň golçasynyň içine barmaklaryňyzy ýa-da başga bir närsäni girizmäň.
Blenderiň golçasyny hereketlendiriji bölümine gurnamazdan ozal blender bölüminiň blenderiň golçasyna mäkäm berkidilendigine göz ýetiriň.
Enjamy daşanyňyzda ýa-da ony arassalanyňyzda blenderiň pyçak bölüminiň ýiti gyralaryna degmäň. Olar iňňän ýiti bolup, barmagyňyz oňa degse, barmagyňyzy kesip biler.
Ýylylyk öçürgijiniň seresapsyz gaýtadan sazlanmagy netijesinde döräp biläýjek howpuň öňüni almak üçin, bu enjama taýmer ýaly daşarky öçürip ýakyjy enjamlar dakylmaly däldir ýa-da abzal arkaly yzygiderli öçürilip ýakylýan elektron shema çatylmaly däldir.
Şikes ýetmeginiň öňüni almak üçin enjamyň nädogry ulanylmagyndan gaça duruň.
Esasanam ýokary tizlikde işledýän wagtyňyz daşyna dökülmeginiň öňüni almak üçin blenderiň bankasynda görkezilen 1,5 litrden köp suwuklyk guýmaň. Çogmagy ähtimal gyzgyn suwuklyklary ýa-da azyk önümlerini işläp taýýarlanyňyzda blenderiň bankasyna 1,25 litrden köp suwuklyk guýmaň.
Eger blenderiň golçasynyň diwaryna azyk önümi ýapyşsa, enjamy öçüriň we ony tokdan aýryň. Soňra azyk önümini diwardan aýyrmak üçin çolpy ulanyň.
Enjamy açmazdan ozal elmydama golçanyň gapagynyň, şeýle hem gapaga dakylan ölçeg käsesiniň göwnejaý ýapylandygyna/golça dakylandygyna göz ýetiriň.
Dograýjyny hereketlendiriji bölümine gurnamazdan ozal birleşdirijiniň dograýjynyň jamyna mäkäm berkidilendigine göz ýetiriň.
Dograýjyny daşanyňyzda ýa-da ony arassalanyňyzda pyçak bölüminiň ýiti gyralaryna degmäň. Olar iňňän ýiti bolup, barmagyňyz oňa degse, barmagyňyzy kesip biler.
Enjam işläp durka hiç haçan dograýjynyň jamynyň içine barmaklaryňyzy ýa-da başga bir närsäni girizmäň.
Enjamy işletmezden ozal elmydama gapagyň dograýjynyň golçasyna talabalaýyk gurnalandygyna göz ýetiriň.
Eger dograýjynyň jamynyň diwaryna azyk önümi ýapyşsa, enjamy öçüriň we ony tokdan aýryň. Soňra azyk önümini diwardan aýyrmak üçin çolpy ulanyň.
Üweýjini hiç wagt hoz ýa-da hytaý daş şekeri ýaly iňňän gaty azyk önümlerini üwemek üçin lanmaň.
Enjamy daşanyňyzda ýa-da ony arassalanyňyzda üweýjiniň pyçak bölüminiň ýiti gyralaryna degmäň. Olar iňňän ýiti bolup, barmagyňyz oňa degse, barmagyňyzy kesip biler. Seresap boluň
Her toplumy işläniňizden soň elmydama enjamyň otag temperaturasyna çenli sowamagyny üpjün ediň. Azyk önüminiň täzeligini saklamagy üçin ony barabanyň içinde uzak wagtlap saklamaň. Elektromagnit meýdançalar (EMF) Şu enjam elektromagnit meýdanlara sezewar bolmak boýunça degişli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.561 Türkmençe Zibile zyňmak Bu nyşan enjamy adaty öý hojalygy zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar (2012/19/EU) Elektrikli we elektron önümleri aýratyn ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň. Dogry görnüşde zibile zyňmaklyk daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýaramaz täsir ýetirýän netijeleriň öňüni almaga ýardam berýär. Başgaça görkezilmedik bolsa, gutudaky ähli gaplaýyş materiallary gaýtadan işlenilen kagyzdan ýasalandyr; gutudaky PAP nyşanyna serediň. Kepillik we goldaw Versuni şu önüm satyn alnandan soň iki ýyllyk kepillik hödürleýär. Ygtyýarly hünärmen tarapyndan bejerilmändigi ýa-da nädogry ulanylandygy sebäpli ýüze çykan näsazlyklar bu kepilligiň çägine girmeýär. Biziň kepilligimiz siziň müşderi hökmündäki hukuklaryňyza täsir ýetirmeýär. Giňişleýin maglumat üçin ýa-da kepilligi ulanmak üçin www.philips.com/support web sahypasyna baryň. Ilkinji ulanyşdan öň Birinji gezek ulanmazdan öň enjamy we esbaplary mylaýym sabynly suw bilen ýuwuň. Olary gowy edip durlaň we ýygnamazdan öň doly guradyň. Blenderi durnukly we tekiz üstde ýerleşdiriň. Ony gyzgynlygyň çeşmeleriniň, suwuň ýa-da ýanyjy materiallaryň ýakynynda ýerleşdirmäň. Enjamy ulanmak 1 Dykyzlaýjy halkany blenderiň pyçak toplumyna dakyň. 2 Pyçak toplumyny blenderiň golçasyna ildirmek üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň. 3 Gurnalan blenderiň golçasyny motorly esasa ildirmek üçin ony sagadyň diliniň ugruna towlaň. Ol ýerine ildirileninde şyrkyldy sesini eşidersiňiz.562 Türkmençe 4 Azyk önümlerini blenderiň golçasyna goşuň. Blenderiň golçasyndaky aňryçäk derejeden geçmäň. 5 Ölçeg bulguryny blenderiň golçasynyň gapagyna dakyň we gapagy ýapyň. 6 Enjamy toga dakyň. 7 Dolandyryş nurbadyny islenilýän tizlige towlaň. Iň pes tizlik bilen başlaň we zerurlyga görä ýokarlandyryň. Zarba üçin dolandyryş nurbadyny zarba sazlamasyna towlaň.563 Türkmençe OFF 8 Enjamy öçürmek üçin dolandyryş nurbadyny 0 tizlige towlaň. 9 Enjamy tokdan aýryň. 10 Blenderiň golçasyny boşadyň we lezzet alyň. Sokyny ulanmak MAX 600g 1 Azyk önümlerini blenderiň golçasyna goşuň. Blenderiň golçasyna 600g-dan (takmynan ýarym golça) köp azyk önümini salmaň. 2 Ölçeg bulguryny blenderiň golçasynyň gapagyna dakyň we gapagy ýapyň.564 Türkmençe 3 Enjamy toga dakyň. ~ 6 x P 4 Dolandyryş nurbadyny zarba sazlamasyna birnäçe gezek towlaň. 5 Ölçeg bulguryny blenderiň golçasynyň gapagyndan aýryň. 6 Sokyny dakyň, emaý bilen garyň we aşak itiň. 7 Dolandyryş nurbadyny 3-nji tizlige towlaň.565 Türkmençe 8 Garyň we sokyny itiň. OFF 9 Enjamy öçürmek üçin dolandyryş nurbadyny 0 tizlige towlaň. 10 Enjamy tokdan aýryň. 11 Hödür ediň we lezzet alyň. Dograýjyny ulanmak 1 Birleşdirýän toplumy dograýjynyň golçasyna ildirmek üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň.566 Türkmençe 2 Gurnalan dograýjynyň golçasyny motorly esasa ildirmek üçin ony sagadyň diliniň ugruna towlaň. Ol ýerine ildirileninde şyrkyldy sesini eşidersiňiz. 3 Dograýjynyň pyçak toplumyny dograýjynyň golçasynyň sapyna dakyň. 4 Dograýjynyň golçasyna azyk önümlerini goşuň. Dograýjynyň golçasyndaky aňryçäk derejeden geçmäň. 5 Dograýjynyň golçasynyň gapagyny dograýjynyň golçasyna ildirmek üçin ony sagadyň diliniň ugruna towlaň. 6 Enjamy toga dakyň.567 Türkmençe 7 Dolandyryş nurbadyny islenilýän tizlige towlaň. OFF 8 Enjamy öçürmek üçin dolandyryş nurbadyny 0 tizlige towlaň. 9 Enjamy tokdan aýryň. 10 Dograýjynyň golçasyny motorly esasdan aýyrmak üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň. 11 Dograýjynyň pyçak toplumyny we gapagyny dograýjynyň golçasyndan aýryň.568 Türkmençe 12 Işlenen azyk önümlerini alyň. Owradyjyny ulanmak 1 Jüründikli jama azyk önümlerini goşuň. Jüründikli jamda görkezilen aňryçäk derejeden geçmäň. 2 Owradyjynyň pyçak toplumyny jüründikli jama ildirmek üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň. 3 Gurnalan jüründikli jamy motorly esasa ildirmek üçin ony sagadyň diliniň ugruna towlaň. Ol ýerine berk ildirileninde şyrkyldy sesini eşidersiňiz. 4 Enjamy toga dakyň.569 Türkmençe 5 Dolandyryş nurbadyny islenilýän tizlige towlaň. OFF 6 Enjamy öçürmek üçin dolandyryş nurbadyny 0 tizlige towlaň. 7 Enjamy tokdan aýryň. 8 Jüründikli jamy motorly esasdan aýyrmak üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň. 9 Owradyjynyň pyçak toplumyny jüründikli jamdan aýyrmak üçin sagadyň diliniň ugruna towlaň.570 Türkmençe 10 Işlenen azyk önümlerini alyň. Üweýjini ulanmak 1 Üweýjiniň golçasyna azyk önümlerini goşuň. Golçada görkezilen aňryçäk derejeden geçmäň. 2 Üweýjiniň golçasynyň gapagyny üweýjiniň golçasyna ildirmek üçin ony sagadyň diliniň ugruna towlaň. Ol ýerine ildirileninde şyrkyldy sesini eşidersiňiz. 3 Üweýjiniň golçasyny motorly esasa dakyň. 4 Gurnalan üweýjiniň golçasyny ildirmek üçin sagadyň diliniň ugruna towlaň. Ol ýerine ildirileninde şyrkyldy sesini eşidersiňiz.571 Türkmençe 5 Enjamy toga dakyň. 6 Dolandyryş nurbadyny 3-nji tizlige towlaň. OFF 7 Enjamy öçürmek üçin dolandyryş nurbadyny 0 tizlige towlaň. 8 Enjamy tokdan aýryň. 9 Üweýjiniň golçasyny motorly esasdan aýyrmak üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň.572 Türkmençe 10 Üweýjiniň golçasynyň gapagyny golçadan aýyrmak üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň. 11 Işlenen azyk önümlerini alyň. Bokaly ulanmak 1 Bokalyň golçasyna azyk önümlerini goşuň. Bokalyň golçasyndaky aňryçäk derejeden geçmäň. 2 Dykyzlaýjy halkany seresaplylyk bilen pyçak toplumyna dakyň. 3 Dykyzlaýjy halkany ýerine berk basyň. Pyçakdan şikes ýetmezligi üçin seresap boluň.573 Türkmençe 4 Pyçak toplumyny bokalyň golçasyna ildirmek üçin ony sagadyň diliniň ugruna towlaň. 5 Gurnalan bokalyň golçasyny motorly esasa ildirmek üçin ony sagadyň diliniň ugruna towlaň. Ol ýerine ildirileninde şyrkyldy sesini eşidersiňiz. 6 Enjamy toga dakyň. 7 Dolandyryş nurbadyny 3-nji tizlige towlaň. OFF 8 Enjamy öçürmek üçin dolandyryş nurbadyny 0 tizlige towlaň.574 Türkmençe 9 Enjamy tokdan aýryň. 10 Gurnalan bokalyň golçasyny motorly esasdan aýyrmak üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň. 11 Pyçak toplumyny bokalyň golçasyndan aýyrmak üçin ony sagadyň diliniň tersine towlaň. 12 Bokalyň gapagyny bokalyň golçasyna dakmak üçin ony sagadyň diliniň ugruna towlaň. 13 Bokaly ýanyňyza alyň.575 Türkmençe Işlenýän mukdar we işlemegiň wagty 30 sec.
Notice-Facile