HX3826/31 PHILIPS

HX3826/31 - Brosse_a_dents PHILIPS - Notice d'utilisation et mode d'emploi gratuit

Retrouvez gratuitement la notice de l'appareil HX3826/31 PHILIPS au format PDF.

Page 379
Assistant notice
Powered by ChatGPT
En attente de votre message
Informations produit

Marque : PHILIPS

Modèle : HX3826/31

Catégorie : Brosse_a_dents

Téléchargez la notice de votre Brosse_a_dents au format PDF gratuitement ! Retrouvez votre notice HX3826/31 - PHILIPS et reprennez votre appareil électronique en main. Sur cette page sont publiés tous les documents nécessaires à l'utilisation de votre appareil HX3826/31 de la marque PHILIPS.

MODE D'EMPLOI HX3826/31 PHILIPS

Möhüm howpsuzlyk maglumaty Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.

Zarýadnigi suwdan uzakda saklaň. Arassalanyňyzdan soň, zarýadnigi diwar rozetkasyna dakmazdan öň doly guradyň. Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl. Çagalar enjam bilen oýnamaly däl. Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diňe önümiň ýany bilen berlen USB zarýadnigi ulanyň. Önüme daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda zarýad bermäň. Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda arassalamaň. Fiziki şikes bolmaz ýaly, gaby gyzgyn suwdan doldurmaň. Gabyň içine del jisimler salmaň. Ulanmagyň maksimum beýikligi 4420 metrdir. Bu önüm diňe dişleri we diş etini arassalamak üçin dizaýn edilendir. Ony başga hiç maksat üçin ulanmaň. (meselem, gözler, burun we gulaklar). Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa, ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň ýüze çykmaga dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman bilen maslahatlaşyň.

Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň. Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza ýada implant enjamyň öndürijisine ýüz tutuň. Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň. Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik klinikada ýa-da edarada birnäçe näsagda ulanmak üçin niýetlenilmeýär. Önüme 5 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.

Bu enjamda diňe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar bar Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün edilýän esbaplar dürli önümlerde dürli bolup biler. Diňe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diňe aýryp bolýan WAAxxxx tok üpjünçilik bloguny ulanyň. Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň. Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese ýa-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philipse ýüz tutuň. Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.

Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öňüni almak üçin önümi ýada batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmäň, olary deşmäň ýa-da olara zeper ýetirmäň. Batareýlerde gysga utgaşma etmäň, olara aşa zarýad bermäň ýa-da ters tarapdan zarýad bermäň. Bu enjamda çalşyryp bolmaýan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zyňmak gerek, gaýtadan işlemek baradaky bölüme serediň. Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermäň. Batareýalaryň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmäň ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.

Elektromagnit meýdanlary (EMF) Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.

Tanyşdyryş Philips-e hoş geldiňiz! Täze Sonicare Cordless Power Flosser-iňiz gutly bolsun. Philips-iň hödürleýän goldawyndan doly peýdalanmak üçin, önümiňizi philips.com/welcome salgysynda bellige alyň.

Niýetlenilýän ulanyş Philips Sonicare Cordless Power Flosser dişiň çüýremegini azaltmak we diş etiniň saglygyny gowulandyrmak hemde saklamak maksady bilen, dişlerdäki daşy, şeýle hem, dişler bilen diş ýüzüniň aralygyndaky iýmit galyndylaryny aýyrmaklyga niýetlenilen agyz irrigatory bolup durýar. Bu önüm diňe öýde ulanmaklyga niýetlenilýär we adatça günde bir gezek ulanylýar. Çagalaryň ulanmagy ulularyň gözegçiligi astynda bolmalydyr.

Philips Sonicare Power Flosser-iňiz 1 Nasadka 2 Aýlanýan nasadka 3 Nasadkany goýberiş düwmesi 4 Aç/öçür düwmesi 5 Ýygjamlyk görkezijisi 6 Ýygjamlyk düwmesi 7 Tertip görkezijisi (Diňe belli bir modellerde) 8 Tertip düwmesi (Diňe belli bir modellerde) 9 Batareýa görkezijisi çyrasy 10 Zarýad beriş porty/gapak 11 Nasadkany gapda saklamak 12 Gap 13 Gap dolduryş gapysy 14 Nasadka çeholy (Diňe belli bir modellerde) 15 Syýahat torbajygy (Diňe belli bir modellerde) 16 C7 ştekerjigini USB-A adapterine 17 USB-A elektrik adapteri (Diňe belli bir modellerde) Bellik: Gutynyň içindäki zatlar satyn alnan önümiň düzülişine baglylykda, görkezilýän ähli zatlary öz içine alman biler.

Nasadkalar Özüňizde nähili nasadka görnüşiniň bardygyny görmek üçin, nasadkanyň aşagyndaky kody barlaň. Her nasadka başga dürli ýeňillikleri üpjün edýär.

Näzik diş eti bar bolan adamlar üçin rahat we ýeňil ýerleşýän ýumşak rezin nasadka.

384 Türkmençe Taýmeri işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek üçin Cordless Power Flosser öçük wagty, ýygjamlyk saýlaw düwmesini 3 sekuntlap basyp saklaň. - Deaktiwirlenen wagty, batareýa görkezijisiniň çyrasy bir gezek sary reňkde ýanyp söner - Işjeňleşen wagty, batareýa görkezijisiniň çyrasy iki gezek ýaşyl reňkde ýanyp söner Deep clean (3000 seriýasy) Bu tertip Pulse Wave tehnologiýasyndan peýdalanýar we sizi her dişe aýratyn ugrukdyryp, güýçli we näzik suw pulslary bilen düýpli arassaçylyk geçýär. Pulse Wave tehnologiýasy suw akymynyň ýygjamlygyny beýgeltmek we peseltmek arkaly, nasadkany dişleriň arasyndaky indiki boşluga geçirmegiňiz üçin sähelçe säginmegi üpjün edýär.

Ýygjamlyklar Cordless Power Flosser-iňiz üç dürli ýygjamlyk sazlamasy bilen gelýär. Ýygjamlygy öz isleýän sazlamaňyza üýtgetmek üçin, ýygjamlyk düwmesini basyň. Bellik: Bu Power Flosser-i iň pes ýygjamlykda ulanmaga başlap, ýygjamlygy birnäçe hepdäniň dowamynda beýgeltmeklik maslahat berilýär.

Ulanmaga başlamak Cordless Power Flosser-iňize zarýad bermek 1 Zarýad beriş portuny açmak üçin, Cordless Power Flosser-iň arkasyndaky zarýad beriş portunyň gapagyny emaý bilen çekip aýlaň.

3 USB-A kabeli 5 V USB diwar adapterine birikdiriň. Bellik: Diwar adapteri ähli modellerde bolmaýar. Diňe 5 V IPX4 adapterini ulanyň.

4 Batareýa görkezijisi zarýad berilýärkä ýanyp sönýär (ser. “Zarýad alýar”). Bellik: Batareýa doly zarýad bermek 8 sagada çenli çekip biler, ýöne Cordless Power Flosser-i doly zarýad almankada ulanyp bilersiňiz. Bellik: Işjeň zarýad almaýan wagty, Cordless Power Flosser-däki zarýad beriş portunyň gapagyny çalşyryň.

Gaby doldurmak Gaby mylaýym suwdan dolduryň. Gaby doldurmagyň iki sany ýeňil usuly bar. Bellik: Gaby doldurýarkaňyz, maksimum dolduryş çyzygyndan geçmäň. Bellik: Gaby doldurmazdan we enjamy ulanmazdan öň, zarýadnigi Cordless Power Flosser-den aýryň. Opsiýa 1: Gabyň gapdalyndaky açylýan gapagy galdyryň we çalt gapdaldan dolduryş porty arkaly gaby dolduryň. Opsiýa 2:

386 Türkmençe 1 Gaby towlap aýryň we ony giň agzy arkaly dolduryň. 2 Gaby dolduryň.

3 Gaby towlap, ýerine dakyň.

2 Nasadkanyň ujuny agzyňyza ýerleşdiriň. Rakowinanyň üstüne abanyň we suw syçramaz ýaly, dodaklaryňyz bilen nasadkanyň ujuny biraz gysyň. Suwuň agzyňyzdan rakowina akmagyna ýol bermek üçin ýeterlik boşluk goýuň. 3 Cordless Power Flosser-i işletmek üçin, tutawaçdaky aç/öçür düwmesini basyň. 4 Cordless Power Flosser işledilgi wagty: Bellik: Ulanyp durkaňyz nasadkany goýberiş düwmesini basmaň. a Nasadkanyň ujuny diş eti çyzygynyň çalaja ýokarsyna, 90° burç bilen ýerleşdiriň. Bellik: Quad Stream nasadkasynyň ujuny diş eti çyzygyna we dişlere deger ýaly edip emaý bilen basyň.

b Ýokary ýa-da aşaky eňekdäki iň aňyrky dişlerden başlap, nasadkanyň ujuny diş eti çyzygynda gezdiriň we her dişiň arasynda birazajyk säginiň.

Äňleriň birinde jemi 30 sekuntlap dişleriňiziň iç ýüzüni hem (15 sekunt), daş ýüzüni hem (15 sekunt) arassalamaga dowam ediň.

Bellik: Dişleriňiziň iç ýüzüni arassalamagy ýatdan çykarmaň. Bellik: Dişleriňiziň iç ýüzüni arassalar ýaly, nasadkanyň ujuny aýlamak we ýerleşdirmek üçin, Aýlanýan nasadkany ulanyp bilersiňiz.

388 Türkmençe d Beýleki äňde şol prosedurany iç tarapynda ýene 15 sekunt we daş tarapynda 15 sekuntlap, dişleriň töweregindäki we aralaryndaky ähli ýerler arassalanýança azyndan bir minutlap gaýtalaň. Bellik: Cordless Power Flosser-däki aç/öçür düwmesini basmak arkaly, ulanýan wagtyňyz suwuň akmagyny duruzyp bilersiňiz. Bellik: Cordless Power Flosser 2 minut geçensoň awtomatik öçýär. Bellik: Gaby ulanyp durkaňyz doldurmakçy bolsaňyz, gaby doldurýarkaňyz enjamy öçüriň we soňra galan ýeriňizden dowam edip, dişleriň töweregindäki we aralaryndaky ähli ýerleri azyndan bir minutlap arassalaň.

Diş breketlerini Quad Stream nasadkasy bilen arassalamak 1 Diş breketleriniň daş-töweregini arassalamak üçin, nasadkanyň ujuny her bir breketiň üstüne ýerleşdiriň.

2 Nasadkanyň ujuny breketiň daşynda halkajyk edip emaý bilen aýlaň we indiki dişdäki brekete geçiň.

Her ulanyşdan soň 1 Cordless Power Flosser-i öçüriň. 2 Gaby aýryň we boşadyň. 3 Tutawajyň üstündäki nasadkany goýberiş düwmesini basmak arkaly, nasadkany aýryň. 4 Nasadkany kranyň aşagyna tutup ýuwuň. 5 Nasadkadaky, tutawajyň daşyndaky we gapdaky artykmaç suwy guradyň.

6 Nasadkany tutawaja yzyna dakyň ýa-da Nasadkany gapda saklamak aýratynlygyndan peýdalanyň (ser. “Saklamak”). Bellik: Guratmagy ýeňilleşdirmek üçin, gabyň gapdalyndaky dolduryş portunyň gapysyny açyk saklaň ýa-da Cordless Power Flosser-i her ulanyşdan soň sökülgi galdyryň.

Zarýad alýar Batareýa ýagdaýy Bu Cordless Power Flosser azyndan 25 sany arassalama seansy üçin niýetlenilmek bilen, her seans 1 minuta çekýär. Batareýa görkezijisi arassalama seansy gutaranda ýa-da Power Flosser-i sägindireniňizde batareýa ýagdaýyny görkezýär. Bellik: Enjam 2 minut ulanylansoň öçer. Power Flosser zarýad alyp durka

Ýanyp sönýän ýaşyl Bellik: Zarýad doly alynýança, batareýa görkezijisi ýanyp söner. Toga dakylgy wagty doly zarýad alanda, çyra 30 sekuntlap ýaşyl reňkde ýanyp durar we soňra söner Power Flosser zarýad alman durka

Saklamak Nasadkany gapda saklamak Cordless Power Flosser-iňiz bir sany nasadkany Cordless Power Flosser-iň aşagyndan gabyň içine sallap goýar ýaly görnüşde dizaýn edilendir. Bu funksiýany ulanmak üçin: 1 Gaby towlap aýryň.

2 Tutawajyň arkasyndaky nasadka çykaryş düwmesini basmak arkaly, nasadkany aýryň.

3 Nasadkanyň düýbüni Power Flosser-iň düýbüne giriziň.

4 Gaby towlap, ýerine dakyň. Bellik: Bu funksiýany ulanmazdan öň, gabyň içini we nasadkany hökman guradyň. Bellik: Guratmagy ýeňilleşdirmek üçin, gabyň gapdalyndaky dolduryş portunyň gapysyny açyk saklaň ýa-da Cordless Power Flosser-i her ulanyşdan soň sökülgi galdyryň.

392 Türkmençe Bellik: Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýän salkyn, gury ýerde saklaň.

Duýduryş: Gabyň içinde başga zatlary goýmaň. Ylaýta-da, zarýad beriş şnuruny we diwar adapterini gapda goýmaň

Çalşyrmak Nasadkalary her 6 aýdan ýa-da zeper ýetende dessine çalşyryň. Esbaplary ýa-da ätiýaçlyk şaýlary satyn almak üçin, philips.com saýtyna giriň ýa-da ýerli Philips Sonicare dileriňize baryň.

Model belgisiniň ýerini tapmak Enjamyňyzyň model belgisi üçin gutynyň daşyna serediň. 2000 seriýasy - (ähli HX3801 modelleri üçin) 3000 seriýasy - (ähli HX3804, HX3805, HX3806 modelleri üçin)

Kepillik we goldaw Önüm maglumaty, goldaw we onlaýn ulanyjy görkezmeleri üçin: www.philips.com/support salgysyna baryň ýa-da halkara kepillik talonyny okaň.

Kepillik çäklendirmeleri Halkara kepilligiň şertleri şu aşakdakylary öz içine almaýar: - Gap - Nasadkalar - Ygtyýar berilmedik ätiýaçlyk şaýlaryň ýa-da ygtyýar berilmedik nasadkalaryň ulanylmagy sebäpli ýüze çykan zeper - Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze şykan zeper - Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çyzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy

Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar. Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.