Sonicare 4100 Series HX3683 - Elektrik diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy
Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare 4100 Series HX3683 PHILIPS PDF formatynda.
Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Elektrik diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare 4100 Series HX3683 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare 4100 Series HX3683 markalaryň PHILIPS.
ULANYJY GOLLANMASY Sonicare 4100 Series HX3683 PHILIPS
Türkmençe Tanyşdyryş Alan harydyňyz nesip etsin, Philips-e hoş geldiňiz! Philips- iň hödürleýän goldawyndan doly peýdalanmak üçin, önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige alyň. Möhüm howpsuzlyk maglumaty Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär. Duýduryşlar - Diňe giriş (100–240 V~; 50/60 Hz; 3,5 W) we çykyş (5 Vdc; 2,5 W) kuwwaty bar bolan Philips WAA1001, WAA2001, UL ýa-da ekwiwalent tassyklanylan howpsuzlyk adapterleri bilen zarýad beriň. Adapterleriň sanawy üçin, www.philips.com/support salgysyna serediň. - Zarýadnigi suwdan uzakda saklaň. - USB zarýadnigiň kabelini dakmazdan öň, tutawajyň doly gurandygyny anyklaň. - Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl. - Çagalaryň önüm bilen oýnamazlygyny üpjün etmek üçin olary gözegçilikde saklamaly. - Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diňe önümiň ýany bilen berlen USB zarýadnigi, şeýle hem UL (Synp 2) ýa-da ekwiwalent tassyklanan 5V DC adapter (IPX4 ýa-da ýokarsy) ulanyň.403 Türkmençe - Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky (ser. “Kepillik we goldaw”) Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň. - Önüme daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda zarýad bermäň. - Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda arassalamaň. - Bu enjam diňe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin dizaýn edilendir. - Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa, ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň ýüze çykmaga dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman bilen maslahatlaşyň. - Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň. - Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa- da implant enjamyň öndürijisine ýüz tutuň. - Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň. - Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik klinikada ýa-da edarada birnäçe näsagda ulanmak üçin niýetlenilmeýär. - Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aýdan ýa-da könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir çalşyryň. - Eger diş pastaňyzda peroksid, azyk sodasy ýa-da bikarbonat bar bolsa (agardyjy diş pastalarynda köp ulanylýar), nasadkany her ulanyşdan soň sabyn we suw bilen mazaly arassalaň. Ol plastikde ähtimal jaýrylmanyň öňüni alýar. - Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler. - Önümi 32 °F / 0°C bilen 104 °F / 40°C arasynda temperaturada zarýad beriň, önümi şol temperatura aralygynda ulanyň we saklaň.404 Türkmençe - Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň. - Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese ýa-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips- e ýüz tutuň. - Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň. - Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öňüni almak üçin önümi ýa- da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmäň, olary deşmäň ýa-da olara zeper ýetirmäň. Batareýlerde gysga utgaşma etmäň, olara aşa zarýad bermäň ýa-da ters tarapdan zarýad bermäň. - Batareýlere zeper ýeten bolsa ýa-da olardan suwuklyk syzyp çykýan bolsa, onuň derä ýa-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeýle ýagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip ýuwuň we lukmançylyk kömegini alyň. Elektromagnit meýdanlary (EMF) Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär. Radio enjam direktiwasy Şunlukda, Philips radioýygylyk interfeýsi (Bluetooth ýa-da BrushSync) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär. - Bluetooth radioýygylygy: 2,4 GGs - Maksimum Bluetooth radioýygylygy kuwwaty: 3 dBm - NFC radioýygylygy: 13,56 MGs - Maksimum NFC radioýygylygy kuwwaty: 30,16 dBm ÝB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşakdaky internet salgysynda elýeterlidir: www.philips.com/support405 Türkmençe Niýetlenilýän ulanyş 3000 we 4000 seriýaly elektrikli diş çotgalary dişiň çüýremegini azaltmak we agyz saglygyny saklamak maksady bilen, dişlerdäki daşy hem-de iýmit galyndylaryny aýyrmaklyga niýetlenilýär. 3000 we 4000 seriýaly elektrikli diş çotgalary diňe öýde ulanmaklyga niýetlenilýär. Çagalaryň ulanmagy ulularyň gözegçiligi astynda bolmalydyr. Philips Sonicare diş çotgaňyz 1 Gigiýenik syýahat gapagy 2 Nasadka 3 Tutawaç 4 Aç/öçür düwmesi 5 Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş 6 Zarýad derejesi görkezijisi 7 USB zarýadnik (diwar adapteri degişli däl) 8 Syýahat çeholy (Diňe belli bir modellerde) Bellik: Diwar adapteri degişli däl. Diňe 5V adapter (Görnüş A) ulanyň. Bellik: Nasadkalar dürlüçe bolup bilýär. Ulanmaga başlamak Nasadkany dakmak
Nasadkany metal walyň üstüne ol baryp durýança berk basyň. Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr. Ol nasadkanyň talabalaýyk titremegine mümkinçilik berýär.406 Türkmençe Philips Sonicare-iňize zarýad bermek
Tutawajy zarýadnige ýerleşdiriň. - Zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy ýagtylýar we tutawaç iki gezek bipleýär. Ol diş çotgasynyň zarýad alyp durandygyny görkezýär. Bellik: Batareýa doly zarýad bermek 24 sagada çenli çekip biler, ýöne Philips Sonicare diş çotgasyny doly zarýad almanka-da ulanyp bilersiňiz. Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmak Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmäge kömek etmek üçin, onda EasyStart aýratynlygy işledilgi gelýär. Bu aýratynlyk Philips Sonicare diş çotgasy bilen çotgalamaga uýgunlaşmagyňyza kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär. Çotgalama görkezmeleri
Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45 gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çyzygyna ýa-da diş eti çyzygynyň çalaja aşagyna ýeter ýaly edip, çalajadan basyň. Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriňize degrip saklaň.
Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly edip, çalaja öňe-yza hereket etdirip, dişleriňizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwräňiziň dowamynda dowam ediň. Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen ulanylýan diş çotgasynda bolşy ýaly, gazalap çotgalamak maslahat berilmeýär.
Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin, çotganyň tutawajyny ýarym ýokaryk egiň we her dişe birnäçe dik örtüşýän çotgalama hereketini ediň. Bellik: Tutuş agyzda gyradeň çotgalamak üçin, QuadPacer aýratynlygy arkaly agyz boşlugyňyzy 4 bölege bölüň ("Aýratynlyklar" bölümine serediň).
Tutawajy zarýadnige ýerleşdiriň. Bellik: Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp, tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny we zarýad alyp durandygyny tassyklaýar. Bellik: Bu Philips Sonicare diş çotgasy azyndan 28 sany çotgalama seansy üçin niýetlenilmek bilen, her seans 2 minuta çekýär (eger günde iki gezek ulanylsa, 14 gün). Zarýad derejesi görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, tutawajy sägindireniňizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär. Batareýa ýagdaýy (tutawaç işläp duran zarýadnigiň üstünde wagty) Batareýa ýagdaýy Batareýa görkezijisi Doly Ýanyp duran ýaşyl (30 sekuntdan sönýär) Zarýad alýar Ýanyp sönýän ýaşyl Batareýa ýagdaýy (tutawaç zarýadnigiň üstünde däl wagty) Batareýa ýagdaýy Batareýa görkezijisi Ses Doly Ýanyp duran ýaşyl - Bölekleýin doly Ýanyp sönýän ýaşyl - Pes Ýanyp sönýän mämişi 3 bipleme Boş Ýanyp sönýän mämişi 2 tapgyrdan 5 bipleme Bellik: Energiýa tygşytlamak üçin, batareýa çyrasy ulanylmaýan wagty öçer. Bellik: Batareýanyň zarýady doly çökende, Philips Sonicare diş çotgasy öçýär. Philips Sonicare diş çotgasyny zarýadnige goýup zarýad beriň.409 Türkmençe Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz zarýadnikde goýuň. Aýratynlyklar - Tertipler (4000 seriýasy üçin) - EasyStart - Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş - Basyş sensory - QuadPacer - SmarTimer Tertipler (4000 seriýasy üçin) Elektrikli diş çotgaňyz size duýgur we arassalamak tertiplerini özara çalşyp ulanmak mümkinçiligini berýär. Bellik: Diş çotgasyny birinji gezek ulanan wagtyňyz, standart sazlama duýgur tertipde durýar. Tertipleri üýtgetmek üçin: - Diş çotgasyny işletmek üçin, aç/öçür düwmesini bir gezek basyň. - Tertibi üýtgetmek üçin, 2 sekundyň içinde ikinji gezek basyň. - Sägindirmek üçin, 2 sekundyň içinde üçünji gezek basyň. 2 sekunt çotgalanyňyzdan soň, energiýa düwmesini gaýtadan basmak diş çotgasyny hem sägindirer. EasyStart Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy işjeňleşen görnüşde gelýär. EasyStart aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiňize kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär. EasyStart-y deaktiwirlemek üçin, “Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek” bölümine serediň. Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş Philips Sonicare-iňiz nasadkanyň könelmegini yzarlaýan BrushSync tehnologiýasy bilen üpjün edilendir.410 Türkmençe Bellik: Bu aýratynlyk diňe BrushSync tehnologiýasy bar bolan Philips Sonicare akylly nasadkalarynda işleýär.
Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlaýar.
Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we wagt möçberiňiz esasynda, tutawaç nasadkany çalyşmagyň amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlar. Bu aýratynlyk dişleriňize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.
Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
Aç/öçür düwmesini goýberiň. - Pes-orta-ýokary üç sany ton eşidilse, ol EasyStart aýratynlygynyň işjeňleşendigini aňladýar. Işjeňleşmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 2 gezek ýaşyl reňkde ýanyp söner. - Ýokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol EasyStart aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini aňladýar. Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp söner. Bellik: Kliniki netijeliligi gazanmak üçin, EasyStart-y deaktiwirlemek gerek.412 Türkmençe Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş Bellik: Nasadkany çalşyrmagy ýatladyşy diňe akylly nasadka tutawaja dakylgy wagty işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz. Bellik: Täze akylly nasadkalar nasadkany çalşyrmagy ýatladyş aýratynlygy işjeňleşdirilgi görnüşde gelýär.
Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
Aç/öçür düwmesini goýberiň. - Pes-orta-ýokary üç sany ton eşidilse, ol nasadkany çalşyrmagy ýatladyş aýratynlygynyň işjeňleşendigini aňladýar. Işjeňleşmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 2 gezek ýaşyl reňkde ýanyp söner. - Ýokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol nasadkany çalşyrmagy ýatladyş aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini aňladýar. Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp söner. Basyş sensory
Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Syýahat gapagyny näçe ýygylykda zerur bolsa ýuwup durlaň. Zarýadnik
Zarýadnigiň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.414 Türkmençe Syýahat çeholy Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň. Saklamak Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony tokdan sogrup arassalaň ("Arassalamak" bölümine serediň) we gönümel gün şöhlesi düşmeýän salkyn, gury ýerde saklaň. Çalşyrmak Nasadka Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aýdan çalşyryp duruň. Diňe Philips Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň. Model belgisiniň ýerini tapmak Model belgisi (HX36XX) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň. Kepillik we goldaw Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da halkara kepillik hatyny okaň. Kepillik çäklendirmeleri Halkara kepilligiň şertleri şu aşakdakylary öz içine almaýar: - Nasadkalar. - Ygtyýar berilmedik ätiýaçlyk şaýlaryň ulanylmagy sebäpli ýüze çykan zeper. - Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze şykan zeper. - Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çyzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.415 Türkmençe Gaýtadan işlemek - Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar. - Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň. Enjamyň içindäki gaýtadan zarýad berip bolýan batareýi aýyrmak Önüm zibile zyňlanynda önümiň içine ornaşdyrylan zarýad berip bolýan batareýi diňe ýörite hünärli ussa aýyrmaly. Batareýany aýyrmazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň. Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi, barmaklaryňyzy we üstünde işleýän ýeriňizi goraň. Batareýleri elläniňizde elleriňiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň. Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermäň. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmäň ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň. Zarýad berilýän batareýany aýyrmak Batareýany aýyrmazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň. Zarýad berilýän batareýany aýyrmak üçin, size polotense ýa-da mata, çekiç we ýasy (standart) towlaýjy gerek.416 Türkmençe
Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, Philips Sonicare-i açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi Philips Sonicare-i işledip bolmajak derejä çenli gaýtalaň.
Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense ýa- da mata bilen ýapyň.
Batareýa bilen içerki komponentleriň aşagyndaky ak çarçuwanyň arasyna towlaýjyny sokuň. Soňra batareýany towlaýjy arkaly galdyryp, ak çarçuwanyň aşagyny döwüň.417 Türkmençe
Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen ak çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany ýaşyl çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.
Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň. Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan häzir boluň.
Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz ýaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň. Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýýardyr.Ελληνικά
Notice-Facile