Sonicare For Kids HX3601 - Elektrik diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy
Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare For Kids HX3601 PHILIPS PDF formatynda.
| Marka | Philips |
| Model | Sonicare For Kids HX3601 |
| Önümiň görnüşi | Elektr diş çotgasy |
| Tehnologiýa | Sonik |
| Iýmitleniş | Litium-ion gaýtadan zarýad edilýän batareýa, 5V USB zarýadkär (diwar adapteri goşulmaýar) |
| Awtonomlyk | Iň azynda 28 sessiýa 2 minutdan (14 gün günde iki gezek ulanylanda) |
| Zarýad wagty | Doly zarýad üçin 24 sagat çenli |
| Diş çotgasy intensiwlikleri | 2: Ýumşak we Örän ýumşak |
| Wagty ölçeýji | KidPacer (4 zolak) we SmarTimer (2 minut) |
| EasyStart funksiýasy | Hawa: ilkinji 14 diş çotgalanyşda güýji kem-kemden artdyrýar |
| Mobil goýma | Hawa: Sonicare for Kids (iOS we Android bilen gabat gelýär) |
| Goşulan çotga başlary | 1 (çaga ululygy, ýygjam) |
| Kelle çalşygy | Her 3 aýda ýa-da könelensoň has ir |
| Arassalaýyş | Çotga sapgy: çygly mata; kelle: ulanylandan soň durulaň; zarýadkär: çykaryp, çygly mata bilen arassalaň |
| Howpsuzlyk | Çagalar ulular gözegçiliginde ulanmaly. Ortodontiki enjamlarda ulanyp bolýar. |
| Goşulan aksesuarlar | USB zarýadkär, bezeg stikerleri, syýahat gaby, 1 çotga başy |
| Batareýa görkezijisi | Hawa: ýaşyl (doly/zarýad alýar), mämişi (pes) |
| Bejeriş mümkinçiligi | Batareýa ulanyjy tarapyndan çalşylmaýar; gaýtadan işlemek üçin hünärmen tarapyndan çykarylmaly |
| Kepillik | Halkara kepillik (jikme-jiklikler üçin Philips web sahypasyna serediň) |
Köplenç soralýan soraglar - Sonicare For Kids HX3601 PHILIPS
Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare For Kids HX3601 PHILIPS
0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.
Bu enjam barada täze sorag beriň
Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Elektrik diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare For Kids HX3601 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare For Kids HX3601 markalaryň PHILIPS.
ULANYJY GOLLANMASY Sonicare For Kids HX3601 PHILIPS
Bu diş çotgasy has kämil daş aýrymaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiňiz.
Bu önümi diñe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.
Duýduryşlar
- Zarýadnigi suwdan uzakda saklaň.
- Arassalanyňyzdan soň, zarýadnigw dakmazdan öň doly guradyň.
- Enjamy çagalar, şeyle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boyunça gözükdirijiler berlen ya-da howpsuz ulanmak boyunça gözegçilik astyndaky we değişli howplar özlerine mälim edilen yagdaýnda fiziki, duýgurlyk ya-da zehin ukyplary pes ya-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge değişli abatlayış işlerini geçirmeli däl.
- Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
- Diñe hakyky Philips esbaplaryny yá-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diñe önümiň yany bilen berlen zarýadnigi ulanyň. Eger berlen bolsa, diñe original USB kabelini we USB tok üpjünçilik bloguny ulanyň.
- Zarýadnigi daşarda yá-da gyzgyn üstleriň golaýynda ulanmaň.
- Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç yuwujyda arassalamaň.
- Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşyän şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň.
- Eger önüm adatdan daşary gyzsa yá-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese yá-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e yüz tutuň.
- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ya-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.
- Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, gaytadan işlemek baradaky bölüme serediň.
- Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň önüni almak üçin batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin, teňñeler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermän.
Elektromagnit meýdanlary (EMF)
Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.
Saklamagyň we daşamagyň şertleri
Temperatura -10 °C bilen 60 °C. Önümde şu aşağıdaki simwollaryň görünmegi mümkin: Operatoryň Gollanmasyny okaň.


Dakylyan tok beriş blogy: "xxxxxx" ulanylmak üçin tassyklanylan zarýadnikleriň model belgisini görkezýär.
Niyetlenilýän ulanyş
Halaýan stikeriňizi ulanmak
Sonicare for Kids - Design a Pet Edition-iň ýany bilen saýlap almaga birnäge stiker hem berilýär. Stikerleri eýlä-beýlä süýşürip, öz saýlan dizaynyňy yasamak bolýar.
1 Halaýan stikerleriňizi tutwaçda ulanyň
Bellik: Tutawagyň gur we arassadygyny anyklap, stikerleri doly ýelmeşer ýaly hiç hili howa galdyrman tutawaja göwnejaý basyň.
Bellik: Stikerleri ýelmeyärkäniz, çagalary gözegçiliksiz galdyrmak bolmayar.
Nasadkany dakmak

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.
Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini
Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

Eger batareÿa görkezijisiniň 1 gezek sary reňkde ýanyp sönenini görseñiz we gatydan çala 3 signal eşitseñiz, onda ol aýratynlyk deaktiwirlenen bolýar.
Bellik: EasyStart aýratnlygyny ilkibaşdaky döwürden soň ulanmak maslahat berilmeyär, sebäbi ol Sonicare-iň daşlary aýryrmakdaky netijeliligini peseldýär.
Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy
Bu Philips Sonicare diş çotgasy azyndan 28 sany çotgalama seansy üçin niyetlenilmek bilen, her seams doly zarýad berlen batareýada 2 minuta çekýär (eger günde iki gezek ulanylsa, 14 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniñizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär.
Bellik: Ilkinji gezek ulanmazdan öň, batareýa doly zarýad bermek 24 sagada çenli çekip biler, ýöne Philips Sonicare diş çotgasyny doly zarýad almanka-da ulanyp bilersiňiz.
Zarýad alýar

- Batareÿa derejesi çyrasy ÿanýar we tutawaç iki gezek bipleýär. Ol diş çotgasynyň zarýad alyp durandygyny görkezýär.
Batareía yagdayy
Tutawaç zarýadnigiň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.
Batareía yagdaíy Batareía görkezijisi
Zarýad alýar Yaşyl reňkde yanyp sönýär
Doly 30 sekuntlap bitewi yaşyl reňkde
ýanýar we soňra sönýär
Batareya yagdayy (tutawaç zarýadnigiň üstünde däl wagty)
Diş çotgasy oÿa wagty, tutawajyñ aşagyndaky batareÿa görkezijisi batareÿanyñ derejesini görkezýär.
Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.
Arassalamak
Diş çotgasynyň tutawajy
1 Nasadkany aýryň we metal wally yeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman aýryň.
Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip biler.
2 Tutawajyň tutuş yüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy rakowina kakmaň.
Nasadka
1 Her ulanyşdan soň nasadkany we gyllary ýuwup durlaň.
2 Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Syýahat gapagyny näçe ýygylykda zerur bolsa ýuwup durlaň.
Zarýadnik
1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2 Zarýadnigiň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Syýahat çeholy
Syýahat çeholyny arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.
Saklamak
Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýän salkyn, gury yerde saklaň.
Çalşyrmak
Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Sonicare for Kids Compact ya-da Standard nasadkalaryny ulanyň.
Model belgisiniň yerini tapmak
Model belgisi (HX360XX) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.
Kepillik we goldaw
Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.
- Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny öz içine alýan agyz nasadkalarynda.
- Ygtyyar berilmedik ätiyaçlyk şaylaryň ya-da ygtyyar berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy sebäpli yüze çykan zeper.
- Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze sykan zeper.
- Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.
Gaytadan işlemek

- Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.
- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.
Zarýad berilýän batareýany aýyrmak
DÜZÜMINDE ZARÝAD BERILÝÄN LITIÝ-ION ÖÝJÜK BAR. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI YA-DA TALABALAÝYK ZYŇYLMALY. Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän batareýany diňe yörite hünärli ussa aýryrmalydyr. Batareýany aýrymazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.
Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi, barmaklaryňyzy we üstünde işleýän yeriňizi goraň.
Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.
Zarýad berilýän batareýany aýrymak üçin, size polotense ýa-da mata, çekiç we ýasy (standart) towlaýjy gerek. Aşakda görkezilýän prosedurany ćerine ćetirýärkăniz, esasy howpsuzlyk çärelerini berjaý ediň.
1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, diş çotgasyny açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi diş çotgasyny işledip bolmajak derejä çenli gaytalaň.
2 Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense yáda mata bilen ýapyň.
3 Tutawajyň ýokarky bölegini bir elde saklap, tutawajyň korpusynyň aşaky ujundan 1,27 sm ýokarsyny uruň. Uçky gapajygy çykarmak üçin, çekiç bilen 4 tarapyndan düzümli uruň.

6 Batareya bilen içerki komponentleriň aşagyndaky çarçuwanyň arasyna towlaýjyny sokuň. Soňra batareýany towlaýjy arkaly galdyryp, çarçuwanyň aşagyny döwüň.

7 Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.
8 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.
Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ÿetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan häzir boluň.
9 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň.

Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýyardyr.
Bellik: Hyzmat ömri guataransoň, enjamy adaty hojalyk zibiline taşlamaň-da, resmi utilizasiýa ýygnaýyş nokadyna tabşyryň. Şeyle etmek bilen, daşky gurşawy gorap saklamaga kömek edýärsiňiz.