2000 Series DST2020 - üti PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy
Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň 2000 Series DST2020 PHILIPS PDF formatynda.
Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň üti PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň 2000 Series DST2020 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. 2000 Series DST2020 markalaryň PHILIPS.
ULANYJY GOLLANMASY 2000 Series DST2020 PHILIPS
ff457 Türkmençe 1 Bugy saýlaýjy 2 Bug güýçlendiriş düwmesi 3 Suw pürkme 4 Kabeli saramak 5 Temperaturany düzüş nurbady 6 Suw gabynyň gapagy Enjamy ulanmak Ulanyşa taýýarlamak Bellik: Birinji gezek ulananyňyzda ütükden birneme bug çykmagy mümkin. Bu gysga wagtdan soň ýitirim bolar. Ulanylmaly suwuň görnüşi Enjamy agyz suw üpjünçiligi arkaly gelýän suw bilen ulanmak ýerlikli bolar. Emma, ýaşaýan ýeriňizde gaty suw bar bolsa, şäheriň suw ulgamyndan gelýän suw bilen distillirlenen ýa-da mineralsyzlaşdyrylan suwy deň möçberde goşmagyňyzy maslahat berýäris. Şeýtmek enjamda galyndylaryň çalt emele gelmeginiň öňüni alar we enjamyň ömrüni uzaldar. Ys beriji, guradyjy enjamdan çykan suw, sirke, krahmal, galyndyny aýyrýan serişdeler, ütük etmekde kömekçi serişdeler, himiki taýdan galyndysy aýrylan suw ýa-da başga himikatlary ulanmaň, sebäbi olar suwuň dammagyna, goňur tegmillere ýa-da enjamyňyza zeper ýetmegine sebäp bolup biler. Suw gabyny doldurmak 1 Enjamy toga dakmaň. 2 Enjamyň sowandygyna göz ýetiriň.458 Türkmençe 3 Bugsuz tertibi (gurulygyna ütüklemek) saýlamak üçin bugy saýlaýjyny saga süýşüriň. 4 Suw gabynyň gapagyny dikläp açyň. 5 Suw gabyny suw gabyndaky MAX görkezijisine çenli dolduryň. 6 Suw gabynyň gapagyny berk ýapyň. Temperaturany sazlamak MAX ÇIT MATA PAGTA459 Türkmençe ÝÜPEK SINTETIK ECO sazlamasy: Az ýygyrtly geýimler üçin iň pes möçberde bug üznüksiz berilýär. Bu sazlamada energiýa hem tygşytlanýar. Iki bug buludy: Gaty ýygyrtlar üçin has köp möçberde bug üznüksiz berilýär. Üç bug buludy: Aýrylmasy kyn ýygyrtlar üçin aňryçäk möçberde bug üznüksiz berilýär. Enjamy ulanmak 1 Nähili ütüklemelidigini görmek üçin geýimiň tagmasyny barlaň.460 Türkmençe 2 Temperatura nurbadyny ýerlikli temperatura görkezijisine aýlamak arkaly ütüklemegiň temperaturasyny düzüň. 3 Ütügiň öz ökjesinde durmagyna maý beriň. 4 Enjamy topraga çatylan elektrik rozetkasyna dakyň. 5 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra ýanmak bilen enjamyň gyzýandygyny görkezýär. 6 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra öçeninde ütükläp başlamazdan öň birneme garaşyň. Ütüklenýän wagty taýýardygyny görkezýän çyra wagtal- wagtal ýanar.461 Türkmençe Bug ýok / Gury ütüklemek 1 Bug sazlamasyny bug ýok sazlamasyna düzüň. 2 Biraz wagtdan soň ütüklenýärkä bug çykmasy kesiler. Suw pürkme 1 Bug sazlamasyny bug ýok sazlamasyna düzüň. Aýrylmasy kyn ýygyrtlary aýyrmak maksady bilen bug dumanyny emele getirmek üçin suw pürkme düwmesini basyň. Güýçli bug 1 Temperatura nurbadyny pagta bilen çit matanyň arasyndaky MAX sazlamasyna düzüň.462 Türkmençe 2 Aýrylmasy kyn ýygyrtlary aýyrmak maksady bilen güýçli bug bermek üçin güýçli bug beriş düwmesine basyp goýberiň. 3 Asylgy duran eşiklerden, perdelerden we ş.m. ýygyrtlary aýyrmak üçin ütügi dik saklap güýçli bug bermek funksiýasyny ulanyp bilersiňiz (diňe DST2020 we DST2030 üçin). 4 Aýrylmasy kyn ýygyrtlary aýyrmak üçin güýçli bug berilýärkä geýimiňizi çekiň we sozuň (diňe DST2020 we DST2030 üçin). 5 Bugy ulanýan wagtyňyz ýakaňaç eliňizi söýget tekizligi hökmünde ulanmaň. 6 Enjamy özüňize/başga birine ýakyn ýerleşdirmäň.463 Türkmençe Awto-öçürmek (DST2030) 1 Kelläňiziň rahat bolmagy üçin enjamyňyz belli bir wagt gözegçiliksiz galdyrylan ýagdaýynda öz-özünden sowaýar. 30 sec. sec sec sec sec 30 sec. sec sec sec sec sec sec sec 8 min. 2 Enjam özüniň dabanynda durka 30 sekuntdan köp ulanylmasa ýa-da ökjesinde / esasynda durka 8 minutlap ulanylmasa, enjam awto-öçürmek tertibine geçýär. 3 Awto-öçürmek tertibinde enjamyň temperaturasy peselýär. Enjamyň awto- öçüriş ýagdaýyndadygyny görkezmek üçin ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra üznüksiz ýanyp-öçýär. Enjamy bütinleý öçürmek üçin enjamy rozetkadan aýryň. 4 Enjamyň gaýtadan gyzmagy üçin ony ýerinden göteriň ýa-da çalaja süýşüriň. 5 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra ýanmak bilen enjamyň gyzýandygyny görkezýär.464 Türkmençe 6 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra öçeninden soň enjam ulanyşa taýýar bolýar. Arassalamak we abatlamak 1 Enjamyň toga dakylmandygyna göz ýetiriň. 2 Enjamyň sowandygyna göz ýetiriň. 3 Ütügiň dabanynda galan übtükleri we islendik beýleki galyndylary çygly mata bilen süpürip aýryň.465 Türkmençe Bellik: Ütügiň dabanyny tekiz saklamak üçin onuň gaty metal närseler bilen galtaşmagynyň öňüni alyň. Ütügiň dabanyny arassalamak üçin hiç haçan gazaw, sirke ýa-da beýleki himikatlary ulanmaň. 4 Enjamy krandan akýan suwda ýuwmaň / arassalamaň. Calc-Clean Maslahat: Çökündileri çalt aýyrmak funksiýasyny islendik wagt ulanyp bolýar. Ýaşaýan sebitiňizdäki suw talh bolsa, funksiýany has ýygy ulanyň.
1 1 aý ulanylanyndan soň enjamyň ömrüni uzatmak we onuň gyzmagyny kepillendirmek üçin ýygnanan çökündileri aýyrmagy ýerine ýetirmek maslahat berilýär. 2 Ütügiň tokdan aýrylandygyna we bug sazlamasynyň bugsuz (gurulygyna ütüklemek) tertibine sazlanandygyna göz ýetiriň.466 Türkmençe 3 Suw gabyny MAX görkezijisine çenli dolduryň. 4 Temperatura nurbadyny MAX edip sazlaň. 5 Enjamy topraga çatylan rozetka dakyň. 6 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra ýanmak bilen enjamyň gyzýandygyny görkezýär. 7 Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyranyň öçmegine garaşyň.467 Türkmençe 8 Ütügi tokdan aýryň. 9 Bugy saýlaýjyny Calc-Clean ýagdaýyna süýşüriň we basyp saklaň. 10 Ütügi nowajygyň üstünde saklaň we ütügi emaý bilen silkiň. Dabanyndan gyzgyn suw we çökündi bölejikleri çykar. Seresap boluň: Çökündiler ýuwlup aýrylýan wagty ütügiň dabanyndan bug we gaýnap duran suw hem çykýar. 11 Suw gabyndaky suwuň hemmesi çykýança ütügi silkmäge dowam ediň. 12 Enjamy toga dakyň we dabanynyň guramagy üçin enjamyň gyzmagyna maý beriň. Bu takmynan 2 minut wagt alýar.468 Türkmençe 13 Ütügiň sowamagyna maý beriň. 14 Elektrik kabelini ütügiň dabanynyň daşyna saraň. Ammarda saklamak 1 Bugsuz tertibi (gurulygyna ütüklemegi) saýlamak üçin bugy saýlaýjyny süýşüriň. 2 Enjamy tokdan aýryň. 3 Enjamyň sowamagyna maý beriň.469 Türkmençe 4 Suw gabynda galan suwy döküň. 5 Elektrik kabelini enjamyň esasy korpusynyň daşyna saraň. Näsazlyklary anyklaýyş Bu bölümde enjamda öňüňize çykyp biljek umumy meseleler barada gysgaça maglumat berilýär. Aşakda berlen maglumatlar bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, köp soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň. Näsazlyk Ähtimal sebäbi Çözgüt Ütük eşikdäki ýygyrtlary aýryp bilmeýär. Ütük edilýän wagty bug berilmeýär. Suw gabyny dolduryň we bugy açýan/ýapýan geçirgiji ornuna geçiriň. Ütükden hiç hili bug çykmaýar. Gapda ýeterlik suw ýok. Suw gabyny dolduryň. Bugy açýan/ýapýan geçirgiç ýagdaýyna sazlanan. Bugy açýan/ýapýan geçirgiji ýagdaýyna sazlaň. Ütük bug öndürmek üçin ýeterlik gyzgyn däl. Ütük gyzyp guran wagty "ütük taýýar" çyrasy ýanyp durýar. Ütük ulanyşa taýýar bolanynda çyra öçýär. Ütük edilýän wagty geýimiň üstüne suw damjalary damýar. Gysga wagtyň dowamynda güýçli bug bermek funksiýasyny çendenaşa ýygy ulanypsyňyz. Kese ýagdaýda ütüklemäge dowam ediň we güýçli bug bermegi gaýtadan ulanmazdan ozal biraz garaşyň. Suw gabynyň gapagyny talabalaýyk ýapmansyňyz. Tykgyldy sesini eşidýänçäňiz gapagy basyň.470 Türkmençe Ütükden güýçli bug çykmaýar. Gysga wagtyň dowamynda güýçli bug bermek funksiýasyny çendenaşa ýygy ulanypsyňyz. Kese ýagdaýda ütüklemäge dowam ediň we güýçli bug bermegi gaýtadan ulanmazdan ozal biraz garaşyň. Ütük entek ütüklemek üçin ýeterlik gyzgyn däl. “Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra” ýanyp-öçmegini bes edýänçä we birsyhly ýanyp durýança garaşyň. Suw gabyna himikat goşupsyňyz. Suw gabyny ýuwuň we suw gabyna hiç hili ys beriji ýa-da himikat goşmaň. Ütük tokdan aýrylanyndan soň ütügiň dabanyndan suw damýar. Bugy açýan/ýapýan geçirgiç ýagdaýyna sazlanan. Bugy açýan/ýapýan geçirgiji ýagdaýyna sazlaň. Suw gabynda suw barka ütügi kese goýupsyňyz. Ulananyňyzdan soň suw gabyny boşadyň ýa-da ütügi dik ýagdaýda goýuň. Ütük geýimiň üstünde ýalpyldy ýa- da yz galdyrýar. Ütüklenjek ýüz bitekiz, mysal üçin geýimiň tikinini ýa-da epinini ütükläpsiňiz. Ütügi ütüklenmäge degişli ähli matalarda ulanmak howpsuz bolup durýar. Ýalpyldy ýa-da yz hemişelik bolman, olar, geýimi ýuwanyňyzda ýitýär. Tikinleri ýa-da epinleri ütüklemekden gaça duruň. Yz galmagynyň öňüni almak üçin ütüklenjek ýeriň üstüne pagta mata goýup bilersiňiz.Ελληνικά
Notice-Facile