M8889 - Expresso SAECO - Notice d'utilisation et mode d'emploi gratuit
Retrouvez gratuitement la notice de l'appareil M8889 SAECO au format PDF.
Téléchargez la notice de votre Expresso au format PDF gratuitement ! Retrouvez votre notice M8889 - SAECO et reprennez votre appareil électronique en main. Sur cette page sont publiés tous les documents nécessaires à l'utilisation de votre appareil M8889 de la marque SAECO.
MODE D'EMPLOI M8889 SAECO
A2 Üwelen kofe bölüminiň gapagy
A9 HygieSteam gap A10 HygieSteam süýt turbajygyny tutujy bilen gapagy
A20 Kofe löderesi gaby A21 Suw gaby
A11 Kofe we süýt guýmak üçin beýikligi sazlanýan jürnük
A28 Çalgy ýagy týubigi
B6/C6 Gaýnadyjynyň sazlamalary
Size Xelsis SUPREMA (diňe SM8885, SM8889) bar bolsa, gaýnadyjyny açmak Gaýnadyjynyň arka tarapyndaky elektrik beriş geçirgijini basmak arkaly, gaýnadyjyny açyň. "Açmak" şekiljiginiň ekranda peýda bolmagy üçin dolandyryş paneliniň merkezine basyň. "Açmak" şekiljigine degip, dolandyryş panelindäki ädimleýin gözükdirijilere eýeriň.
Wi-Fi toruna birikmek Kofe gaýnadyjyňyzy 2.4 GHz 802.11 b/g/n home Wi-Fi toruna birikdiriň. Kofe gaýnadyjyňyzy öýdäki Wi-Fi toruňyza birikdirmeklik size ulanyjy tejribäňizi güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Kofe gaýnadyjysy bilen Wi-Fi routeriň birek-birege arabaglanyşyk çäklerinde bolmagyna üns beriň. Kofe gaýnadyjyňyzy Wi-Fi toruňyza birikdirmek üçin aşakdaky ädimlere eýeriň.
1 Sazlamalar şekiljigine degiň we Wi-Fi ;ekiljigini tapmak üçin çepden saga tarap gaýdyryň. 2 Wi-Fi şekiljigine degiň. 3 Gaýnadyjyňyzy Wi-Fi toruňyza birikdirmek üçin ekrandaky ädimlere eýeriň. Indi siz birikdirilen görnüşde tejribelige başlamak üçin taýýar. Sesli dolandyryş arkaly işledilen we öçürilen wagty hem-de belli bir wagt işjeň bolman öçürilen wagty, kofe gaýnadyjyňyz awtomatik ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetirer. Kofe gaýnadyjynyň ýerleşýän daşky gurşawynyň howpsuzdygyny anyklaň.
Ýörite funksiýalar Ýörite funksiýa
Maksady BeanMaestro bilen kofe däneleriňiziň görnüşini we gowrulyşyny saýlap bilýärsiňiz. Soňra ol kofe däneleriňizden iň oňat netijäni almak üçin demleýiş sazlamalaryny awtomatik usulda laýyklaýar.
Türkmençe 573 HygieSteam funksiýasy süýt ulgamyny awtomatik usulda aýyrýar, mikroorganizmleri aýyrýar: ony kapuçino ýa-da başga süýt esasly içgileri demläniňizden soň ulanyň.
Biziň çydamly owradyjymyz adatdan daşary berk we takyk bolmagy üçin 100% keramikadan ýasaldy. Ony 12 ädimli derejeler bilen öz halaýan tagamyňyza düzüp bolýar.
Tehniki ideg paneli suwuň derejesi ýaly peýdaly umumy maglumatlary ýa-da AquaClean azalyp barýandygyny size habar berýär.
Içgileri taýýarlamak Umumy ädimler Içgi gaýnatmak üçin, birnäçe ýönekeý ädimi berjaý etmegiňiz gerek.
1 Guw gabyny kran suwundan dolduryp, däne konteýnerini däneden dolduryň. 2 Guýmak üçin beýikligi sazlanýan jürnügiň aşagyna bir ýa-da iki çaşka goýuň. Ulanylýan çaşkanyň ýa-da stakanyň ölçegine görä beýikligi sazlar ýaly paýlaýjy jürnügi ýokaryk ýa-da aşak gaýdyryň. 3 "Içgiler" menýusyna girmek üçin Içgiler şekline degiň. Içgiňizi saýlamak üçin oňa degiň we çepden saga gaýdyryň. - Iki çaşka gaýnatmak isleseňiz, "2x" şekiljigine degiň. Kofe gaýnadyjy awtomatik usulda saýlanan içgileriň yzygiderligine görä iki sany üweme döwresini berjaý eder. "2x" şekiljigi ähli içgiler üçin elýeterli däldir. 4 Içgini saýlanyňyzdan soň sazlaýjyny aşak we ýokaryk gaýdyrmak arkaly öz islegiňize görä sazlamalary üýtgedip bilersiňiz. 5 Saýlanan içgini gaýnadyp başlamak üçin başlat/duruz şekiljigini basyň. Karamelli ýa-da ysly kofe dänelerini ulanmaň. Üweme sazlaýjy towlanýan düwmäni kiçi ädimler bilen aýlaň, 5 çaşka kofe demläniňizden soň tapawudyň tagamyny alarsyňyz.
Içginiň parametrleri barada goldaw Belli bir içginiň parametrleri barada goşmaça maglumat almak üçin düzülýän sütüni 3 sekundyň dowamynda basyp saklaň.
1 Guw gabyny kran suwundan dolduryp, däne konteýnerini däneden dolduryň. Tär: Maýyşgak süýt turbajygy kapuçinatora birikdirileninde suw gabyna aňsat baryp bilmek üçin paýlaýjy jüründigi iň ýokary ýagdaýa süýşüriň. 2 Süýt gabynyň gapagyny towlap açyň we süýt gabyny süýt bilen dolduryň. Optimal netijeler üçin, hemişe göni sowadyjydan alnan süýt ulanyň. 3 4 5 6 7
Süýt guýýan maýyşgak turbajygy kapuçinatora birikdiriň. Süýt guýýan metal turbajygy gaba ýerleşdiriň. Içgiler şekiljigine degiň, saraň we isleýän süýt-esasly içgiňiziň şekiljigini saýlaň. Sazlaýjyny ýokaryk we aşak gaýdyrmak arkaly öz islegiňize görä sazlamalary üýtgedip bilersiňiz. Saýlanylan içgini gaýnadyp başlamak üçin, islendik wagt başlat/duruz şekiljigine basyň. - Ýörite içgiler üçin gaýnadyjy ilki bilen süýt, soňra kofe guýýar. Birnäçe beýleki içgiler babatda bu tersine edilýär, gaýnadyjy ilki bilen kofe, soňra bolsa süýt guýýar. - Gaýnadyjy bellenilen möçberi guýmanka süýt guýmagy duruzmak üçin başlatmak/duruzmak şekiljigine täzeden basyň (diňe SM8780, SM8782, SM8785) ýa-da duruzmak şekiljigine basyň (diňe SM8885, SM8889). - Gaýnadyjy işini tamamlamanka doly içgini (süýt we kofe) paýlamagy duruzmak üçin başlatmak/duruzmak şekiljigine täzeden basyň (diňe SM8780, SM8782, SM8785) ýa-da duruzmak şekiljigine basyň (diňe SM8885, SM8889).
Süýt berlensoň, gönümel "HygieSteam Shot" prosedurasy ýerine ýetirilýär. Kofe gaýnadyjy içerki süýt ulgamynyň içinden bug zyňyp, ony çalt ýuwup durlaýar. Süýt turbajygynyň metal bölegi gyzyp biler. Ýanyk howpy bolmaz ýaly, ilki bilen onuň sowamagyna maý beriň. Tär: Süýt esasly içgileriňizi gaýnatmak üçin adaty süýt kartony hem ulanyp bilersiňiz. Süýt guýýan metal turbajygy gönümel süýt kartonyň içine ýerleşdiriň.
Üwelen kofe bilen kofe taýýarlamak Üwelen kofeden kofe gaýnatmak üçin, birnäçe ýönekeý ädimi berjaý etmegiňiz gerek.
1 Üwelen kofe bölüminiň gapagyny açyň we bir ölçeg çemçejik üwelen kofeden oňa guýuň. Soňra gapagy ýapyň. 2 Içgiler şekiljigine degiň, çepden saga saraň we içgiňiziň saýlaň. 3 Üwelen kofe şekiljige degiň. 4 Sazlaýjyny ýokaryk we aşak gaýdyrmak arkaly öz islegiňize görä sazlamalary üýtgedip bilersiňiz. 5 Saýlanan içgini gaýnadyp başlamak üçin başlat/duruz şekiljigini basyň. Eger üwelen kofe saýlasaňyz, kofäniň ajylygyny sazlap ýa-da bir gezekde bir içişden artyk taýýarlap bilmersiňiz.
Gyzgyn suw guýmak 1 2 3 4
Içerki kapuçinatoryň gaýnadyja dogry dakylandygyny anyklaň (Sur. 1). Jürnügiň aşagyna çaşka goýuň. "Gyzgyn suw" degiň (Sur. 2). Gyzgyn suwuň möçberini ýa-da temperaturasyny öz islegiňize görä sazlamak üçin sazlaýjyny ýokaryk we aşak gaýdyryň (Sur. 3). 5 Başlat/duruz şekiljigine basyň. 6 Gaýnadyjy işini tamamlamanka gyzgyn suw berilmegini duruzmak üçin başlatmak/duruzmak şekiljigine gaýtadan basyň (diňe SM8780, SM8782, SM8785) ýa-da duruzmak şekiljigine gaýtadan basyň (diňe SM8885, SM8889).
Şahsylaşdyryş Gaýnadyjy içginiň sazlamalaryny öz islegiňize sazlamaga we sazlanylan içgini şahsy profilde saklamaga mümkinçilik berýär. Öz şekiljigiňizi we öz profil adyňyzy saýlap bilersiňiz.
BeanMaestro funksiýasy bilen kofe däneleriňizden iň oňat netijäni alyň BeanMaestro bilen kofe däneleriňiziň görnüşini we gowrulyşyny saýlap bilýärsiňiz. Soňra ol kofe däneleriňizden iň oňat netijäni almak üçin demleýiş sazlamalaryny awtomatik usulda laýyklaýar. 1 Esasy menýuda Kofe däneleri şekiljigine basyň (Sur. 4). 2 BeanMaestro funksiýasyna basyň (Sur. 5). 3 Kofe däneleriniň görnüşini saýlaň. Arabika bilen robusta ikisinden birini saýlap bilersiňiz. 4 Kofe däneleriňiziň gowrulyş derejesini saýlaň. 5 Demleýiş sazlamalary awtomatik usulda laýyklanylýar. 6 Indiki kofeňiziň hözirini görüň.
CoffeeMaestro bilen tizlendiriň Gaýnadyjyňyz CoffeeMaestro funksiýasy bilen ähli sazlamalary aýratynlykda düzmegiň ýerine tagam profillerini saýlamak mümkinçiligini hödürleýär. Delicato, Intenso we Forte arasyndan birini saýlap bilersiňiz. CoffeeMaestro tagam profilini saýlamak üçin: 1 Saýlamak isleýän içgiňiziň şekiljigine degiň (Sur. 6). 2 CoffeeMaestro şekiljigine gaýta-gaýta basyň (Sur. 7). - Indi içginiň esasy sazlamalary degişlilikde düzülýär. 3 Içgini gaýnadyp başlamak üçin başlatmak/duruzmak şekiljigini basyň.
Içgiňizi CoffeeEqualizer Touch+ funksiýasy bilen şahsylaşdyryň. Içgini saýlanyňyzdan soň CoffeeEqualizer Touch+ funksiýasy awtomatik usulda işjeňleşdirilýär we size içgi sazlamalaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Kömek funksiýasyny işjeňleşdirmek we has giňişleýin maglumat almak üçin displeýdäki her bir zada köpräk wagtlap basyp saklaň. CoffeeEqualizer Touch+ funksiýasy arkaly şu aşakdaky sazlamalary sazlap bilersiňiz: 1 Tagamyň ýitiligi 6 Köpürjik möçberi 2 Kofe möçberi 7 Kofeniň ysy 3 Süýt möçberi 8 1 ýa-da 2 çaşka taýynlamagy kesgitläp bilersiňiz 4 Suw möçberi 9 Ilki bilen kofe ýa-da süýt guýmagyň tertibi 5 Içgi temperaturasy Bellik: Haýsy sazlamalary düzüp biljekdigiňiz saýlan içgiňize bagly bolup durýar.
Halaýan içgileriňizi profilde ýatda saklatmak Gaýnadyjy içginiň sazlamalaryny öz islegiňize sazlamaga we sazlanylan içgini şahsy profilde saklamaga mümkinçilik berýär. Profil saýlap we profiller arkaly resept saklap bilersiňiz. Profil döredip we profiller şekiljigi arkaly içgini goşup bilersiňiz. 1 Esasy menýuda profil şekiljigine degiň (Sur. 8). 2 Goşmak şekiljigini basyň (Sur. 9). 3 Adyňyzy ýazyň we halaýan şekiljigiňizi saýlaň. 4 Siz indi içgi goşmaga taýýar. Saýlamak isleýän içgiňiziň şekiljigine degiň. 5 Içgiňizi CoffeeEqualizer Touch+ ýa-da CoffeeMaestro funksiýasy arkaly şahsylaşdyryň. 6 Şahsy profilde saklamak üçin "Profilde sakla" şekiljigine degiň (Sur. 10).
Goşmaça porsiýa (ExtraShot) Mysal üçin, eger has ajy kofe ýasamak isleseňiz, gaýnadyjyňyz kofäňize we süýtli içgileriňize goşmaça ristretto porsiýasyny goşmak mümkinçiligini hödürleýär. 1 Jürnügiň aşagyna çaşka goýuň. 2 Içgi saýlamak üçin ýeke degişde içgiler şekiljikleriň birine degiň (Sur. 6). 3 Ajylygy iň ýokary derejä bellemek üçin sazlaýjyny ýokaryk gaýdyryň we ExtraShot funksiýasyny saýlaň (Sur. 11). 4 Soňra içgini demläp başlamak üçin başlatmak/duruzmak şekiljigine (diňe SM8780, SM8782, SM8785) ýa-da başlatmak şekiljigine (diňe SM8885, SM8889) basyň. 5 Gaýnadyjy işini tamamlamanka içginiň berilmegini duruzmak üçin başlatmak/duruzmak şekiljigine gaýtadan basyň (diňe SM8780, SM8782, SM8785) ýa-da duruzmak şekiljigine gaýtadan basyň (diňe SM8885, SM8889). ExtraShot funksiýasyny saýlan wagtyňyz, bir gezekde diňe bir kofe gaýnadyp bilersiňiz. Goşmaça porsiýa funksiýasy ähli içgiler üçin elýeterli däldir.
Gaýnadyjynyň sazlamalaryny sazlamak Sazlamaalr şekiljigine degmek we ekrandaky ädimlere eýermek arkaly gaýnadyjynyň sazlamalarynyň köpüsini düzüp bilersiňiz. Onlaýn goldaw (ýygy soralýan soraglar, wideolar we ş.m.) üçin şu kitapçanyň sahabyndaky QR koduny okadyň ýa-da www.saeco.com/care salgysyna giriň.
Suwuň talhlygyny bellemek Gaýnadyjynyň optimal öndürijiligi we has uzak hyzmat möhleti üçin, suwuň talhlyk sazlamasyny sebitiňizdäki suwuň talhlyk derejesine sazlamagyňyz maslahat berilýär. Ol gaýnadyjynyň kesmegini gaty ýygy aýyrmaly bolmagyňyzyň hem öňüni alýar. Standart suw talhlygy sazlamasy 4-dür: talh suw.
Sebitiňizdäki suw talhlygyny kesgitlemek üçin, gutuda berlen suw talhlygy synag zolajygyny ulanyň: 1 Suw talhlygy synag zolajygyny kranyň suwuna çümdüriň ýa-da ony kranyň aşagynda 1 sekunt saklaň (Sur. 12). 2 1 minut garaşyň. Synag zolajygyndaky gyzyla öwrülen kwadratlaryň sany suwuň talhlygyny görkezýär (Sur. 13).
Gaýnadyjyny dogry suw talhlygyna belläň: 1 Sazlamalar şekiljigine degiň we "Suwuň talhlygyny" saýlamak üçin çepden saga tarap gaýdyryň. 2 Suwuň talhlygynyň derejesini saýlaň. Displeýde saýlanylan gyzyl inedördülleriň sany bilen synag zolajygyndaky gyzyl inedördülleriň sany birmeňzeş bolmalydyr (Sur. 14). 3 Dogry suw talhlygyny bellän wagtyňyz, tassyklamak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň.
Üweme sazlamasyny düzmek Kofe dänesi üçin konteýneriň içindäki üwemäni sazlaýan geçiriji bilen kofe berkligini sazlap bilersiňiz. Üweme sazlamasy pes boldugyça kofe däneleri has ownuk üwelýär, kofe bolsa şonça berk bolýar. Saýlamak üçin 12 dürli üweme sazlamasy elýeterlidir. Bu gaýnadyjy size kofe däneleriniň iň aňrybaş tagamyny bermek üçin sazlanandyr. Şonuň üçin size 100–150 çaşka (takmynan 1 aý ulanyş) içgi taýýarlaýançaňyz üweme sazlamasyny sazlamagy maslahat bermeýäris. Tagamdaky tapawudy doly dadyp bilmegiňiz üçin 2-3 sany içgi gaýnatmagyňyz gerek. Üweýjä zeper ýetirmez ýaly üwemäni sazlaýan geçirijini bir gezekde bir towdan artyk aýlamaň. 1 Esasy menýuda Kofe däneleri şekiljigine basyň. 2 "Üweýji" şekiljigine degiň. 3 "Nädip etmeli" wideosyna tomaşa ediň.
Zawod sazlamalaryny dikeltmek Gaýnadyjy zawod sazlamalaryny islendik pursatda dikeltmek mümkinçiligini hödürleýär. 1 Sazlamalar şekiljigini basyň. 2 "Zawod sazlamalary" saýlamak üçin çepden saga gaýdyryň. Tassyklama şekiljigine degip tassyklaň. - Sazlamalar häzir dikeldilip dur. Şu aşakdaky zawod sazlamalary standarda dikeldildi: suwuň talhlygy, garaşma wagty, displeý ýagtylygy, ses, öň tarapyň yşyklandyrylyşy, profiller, gabyň çyrasy, ölçeg birlikleri, öý ekranyň sazlamalary, BeanMaestro saýlawlary, Wi-Fi giriş maglumatlary, programma täzelemeleri boýunça islegler, Saeco ygtyýarlyklary, Amazon ygtyýarlyklary.
AquaClean suw filtri Gaýnadyjyňyzda AquaClean işledilen. Kofäňiziň tagamyny saklamak üçin, AquaClean filtrini suw gabyna ýerleşdirip bilersiňiz. Ol gaýnadyjyňyzda üýşýän hek kesmegini azaltmak arkaly, kesmek aýyrmak zerurlygyny gowşadýar. AquaClean suw filtrini ýerli ýa-da onlaýn bölek satyjyňyzdan ýa-da ygtyýarly tehniki hyzmat merkezlerinden satyn alyp bilersiňiz.
AquaClean filtr ýagdaýy görkezijisi AquaClean filtriniň ýagdaýy hemişe "Ýagdaý" menýusynda göterim görnüşinde görkezilýär. - Eger AquaClean filtriniň ýagdaýy 10% ýa-da az bolsa, her gezek gaýnadyjyny açanyňyzda ekranda 2 sekuntlap hat görkezilýär. Ol hat size täze filtr satyn almagy maslahat berýär. - Eger filtriň ýagdaýy 0% bolsa, her gezek gaýnadyjyny açanyňyzda, gaýnadyjy AquaClean filtrini çalşyrmagyňyzy soraýar.
AquaClean suw filtrini işjeňleşdirmek (5 min.) Gaýnadyjy suw gabyna filtr goýlandygyny awtomatik anyklamaýar. Şol sebäpli dakýan her täze AquaClean suw filtriňizi "Ýagdaý" menýusynda işjeňleşdirmegiňiz gerek. Gaýnadyjy filtr işjeňleşdiriş hatyny görkezmegi bes edende hem, AquaClean suw filtrini işjeňleşdirip bilersiňiz, ýöne ilki bilen gaýnadyjynyň kesmegini aýyrmaly bolarsyňyz. AquaClean suw filtrini ulanyp başlamazdan öň, gaýnadyjyňyz hek kesmeginden doly arassalanan bolmalydyr. AquaClean suw filtrini işjeňleşdirmezden öň, aşakda beýan edilişi ýaly ony suwda ezip taýýarlamak gerek. Eger şeýtmeseňiz, gaýnadyjynyň içine suwa derek howa çekilmegi mümkin, ol bolsa köp ses çykarýar we gaýnadyjynyň kofe gaýnadyp bilmegine ýol bermeýär. 1 "Ýagdaý" şekiljigine degiň we AquaClean saýlamak üçin çepden saga süýşüriň. 2 Işjeňleşdiriş ekrany peýda blanynda tassyklaýyş şekiljigine gaýtadan basyň. Ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň.
AquaClean suw filtrini çalşyrmak (5 min.) Filtriň üsti bilen 95 litr suw akansoň, filtr işlemegini bes eder. Size filtri çalşyrmagy ýatlatmak üçin, AquaClean ýagdaý görkezijisi 0%-e peselýär. AquaClean suw filtrini wagtynda çalşyrmasaňyz, henizem filtri çalşyryp bilersiňiz, ýöne ilki bilen gaýnadyjynyň kesmegini aýyrmaly bolarsyňyz. AquaClean ýagdaý görkezijisi 0%-e peselende ýa-da gaýnadyjy size filtri çalşyrmagy ýatladanda: 1 köne AquaClean suw filtrini çykaryň. 2 täze filtr dakyň we ony "AquaClean suw filtrini işjeňleşdirmek (5 min.)" babynda beýan edilişi ýaly işjeňleşdiriň. AquaClean suw filtrini azyndan her 3 aýdan çalşyryň, hatda gaýnadyjy heniz çalşyrmak gerekdigini aýtmaýan hem bolsa.
Gaýnadyş toplumyny aýyrmak we salmak Gaýnadyş toparyny aýyrmagyň, dakmagyň we arassalamagyň usulyny öwrenmek üçin "Ýagdaý" menýusyna giriň we "Brew group clean" (Demleýiş toparyny arassalamak) saýlaň ýa-da jikme-jik wideo gözükdirijiler üçin www.saeco.com/care salgysyna giriň.
Gaýnadyş toparyny gaýnadyjydan aýyrmak 1 Tehniki hyzmat gapagyny açyň (Sur. 15).
Türkmençe 579 2 Kofe çökündileri çekerini aýryň (Sur. 16). 3 PUSH düwmesini (Sur. 17) basyp, gaýnadyş toparynyň tutawajyndan çekiň we ony gaýnadyjydan aýryň (Sur. 18).
Gaýnadyjy tarapyndan talap edilende ýa-da her üç aýda.
ÝAGDAÝ -> NETIJELIK ->KOFE ÝAGYNY AÝYRMAK. Kofe ýagynyň galyndylaryny gaýnadyş toparyndan awtomatik aýyrmak üçin özbaşdak arassalaýyş prosesiniň ädimlerine eýeriň.
Ulanylan her günden soň
ÝAGDAÝ -> HYGIESTEAM. Süýt ulgamyny arassalamak üçin özbaşdak arassalaýyş prosesiniň ädimlerine eýeriň. Süýt guýýan metal turbajygyň daşyny süýt turbajygyň tutawajyna ýerleşdirmezden öň mata bilen süpüriň.
Süýt gabyny (Sur. 24) söküň we süýt turbajygyň ştiftini ulanmak bilen şary itip çykaryň (Sur. 25). Süýt gabynyň ähli böleklerini krana tutup ýa-da gap-gaç ýuwujyda arassalaň.
HygieSteam konteýneri (süýt turbajygyň tutawajy)
Hepdelik ýa-da gaýnadyjy size ýatladan wagty.
Gaýnadyş toparyny ýaglamak
Gaýnadyş toparyny toplum bilen üpjün edilýän çalgy ýagy bilen ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny ýaglamak'). Gidiň: www.saeco.com/care jikme-jik wideo görkezmeler üçin.
Gaýnadyjynyň öň tarapy
Abraziw däl mata bilen arassalaň.
Gaýnadyjynyň kesmegini aýyrmak
Gaýnadyjy sizden kesmegi aýyrmagy talap edende.
ÝAGDAÝ -> KESMEGI AÝYRMAK. Gaýnadyjyny kesmekden aýyrmak üçin görkezilen ädimlere eýeriň. Kesmegi aýyrmak zerur bolanda gaýnadyjy sizden kesmegi aýyrmagy sorar, şonda OK şekiljigine basyň we görkezilen ädimlere eýeriň.
Gaýnadyş toplumyny arassalamak Gaýnadyş toparyny wagtly-wagtyna arassalamak içerki konturlarda kofe çökündisiniň dykylmagynyň öňüni alýar. Gaýnadyş toparyny aýyrmagyň, dakmagyň we arassalamagyň usulyny öwrenmek üçin "Ýagdaý" menýusyna giriň we "Brew group clean" (Demleýiş toparyny arassalamak) saýlaň ýa-da goldaw wideolary üçin www.saeco.com/care salgysyna giriň.
Gaýnadyş toplumyny kranyň aşagynda arassalamak 1 "Ýagdaý" şekiljigine degiň we "Brew group clean" (Gaýnadyş toparyny arassalamak) saýlamak üçin süýşüriň. 2 Tassyklamak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň, soňra ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň.
Gaýnadyş toplumyny kofe ýagyny aýyrýan tabletkalar bilen arassalamak Diňe Philips-iň kofe ýagyny aýyrýan tabletkalaryny ulanyň. 1 "Ýagdaý" şekiljigine degiň we "Brew group clean" (Gaýnadyş toparyny arassalamak) saýlamak üçin süýşüriň. 2 Tassyklamak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň, soňra ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň.
Gaýnadyş toplumyny ýaglamak Gaýnadyjynyň öndürijiligini gowulandyrmak maksady bilen hereket edýän şaýlaryň endigan hereketine dowam etmegi üçin demleýiş toparyny 2 aýda bir ýaglamagy maslahat berýäris. 1 Demleýiş toparynyň silindrine (küljümek bölek) üstüne ýuka edip ýag çalyň (Sur. 31). 2 Demleýiş toparynyň aşagyndaky walyň (küljümek bölek) töweregine ýuka edip ýag çalyň (Sur. 32). 3 Iki gapdaldaky ugrukdyryjy relslere ýuka edip ýag çalyň (Sur. 33).
Içerki kapuçinator üçin arassaçylyk programmalary Gaýnadyjylary içerki kapuçinatory haçan arassalamalydygyny size aýdýar. Gaýnadyjynyň içerki kapuçinatory arassalamak üçin üç sany programmasy bar:
Kesmek aýyrmak prosedurasy Diňe Philips-iň kesmek aýryjysyny ulanyň. Hiç hili ýagdaýda kükürt kislotasyna, duz kislotasyna, sulfamin ýada sirke kislotasyna esaslanýan kesmek aýryjy ulanmaň, sebäbi ol gaýnadyjynyň suw konturyna zeper ýetirip biler we hek kesmegini talabalaýyk eretmez. Philips-iň kesmek aýryjysyny ulanmasaňyz, kepilligiňiz güýjüni ýitirer. Enjamyň kesmegini aýyrmasaňyz, onda hem kepilligiňiz güýjüni ýitirer. Philips kesmek aýyrýan serişdesini ýerli ýa-da onlaýn bölek satyjyňyzdan ýa-da ygtyýarly tehniki hyzmat merkezlerinden satyn alyp bilersiňiz. 1 Gaýnadyjy sizden kesmegi aýyrmagy soranda, başlatmak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň. Gaýnadyjy tarapyndan soralmanka kesmegi aýyrmagy başlatmak üçin "Ýagdaý" şekiljigini basyň we "Descale" (Kesmegi aýyrmak) saýlaň. 2 Damja mejimesini, kofe löderesi gabyny we HygieSteam gabyny (Sur. 26) aýryp, olary boşadyň we ýerine dakyň. 3 Suw gabyny aýryp, boşadyň. Soňra AquaClean filtrini aýryň. 4 Philips kesmek aýryjysynyň tutuş bir çüýşesini suw gabyna guýuň we ony CALC CLEAN derejesine çenli suwdan dolduryň (Sur. 41). Soňra suw gabyny gaýtadan gaýnadyja dakyň. 5 Kofe guýýan jürnügiň aşagyna uly gap (1,5 l) goýuň. 6 HygieSteam gabynyň dogry ýygnalandygyna (Sur. 34) we gaýnadyja dakylandygyna göz ýetiriň (Sur. 35). Süýt turbajygyny süýt turbajygyny saklaýja ýerleşdiriň. 7 Kesmegi aýyrmak prosedurasyny başlatmak üçin ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň. Kesmek aýyrmak prosedurasy takmynan 30 minuta çekýär we kesmek aýyrmak döwresinden hem-de ýuwup durlamak döwresinden ybarat bolýar. 8 Kesmegi aýyrmak döwresi tamamlanandan soň suw gabyny we suw konturyny ýuwmaly. Ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň. 9 Täze AquaClean suw filtrini suw gabyna ýerleşdiriň we ony işjeňleşdiriň (Ser. 'AquaClean suw filtrini işjeňleşdirmek (5 min.)'). Tär: AquaClean filtrini ulanmaklyk kesmek aýyrma zerurlygyny azaldýar!
Kesmek aýyrmak prosedurasynyň arasy üzülse näme etmeli Dolandyryş panelinde açmak/öçürmek şekiljigini basmak arkaly kesmek aýyrmek prosedurasyndan çykyp bilersiňiz. Kesmegi aýyrmak prosedurasy doly tamamlanmanka onuň arasy kesilse, suw gabynda ýa-da suw konturynda kesmegi aýyrýan serişdäniň belli bir möçberi galyp biler. Şeýle ýagdaýda aşakdakylary ýerine ýetiriň: 1 Suw gabyny boşadyň we mazaly ýuwup durlaň. 2 Suw gabyna CALC CLEAN dereje görkezijisine çenli arassa suw guýuň we gaýnadyjyny täzeden işlediň. Gaýnadyjy gyzar we awtomatik ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetirer. 3 Islendik içgini gaýnatmazdan öň, el bilen ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetiriň. El bilen ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetirmek üçin, ilki bilen gyzgyn suw gabyndaky suwuň ýarysyny akdyryň, soňra üwelen kofe goşmazdan taýýar üwelen kofeden 2 çaşka demläň. Bellik: Kesmek aýyrmak prosedurasy tamamlanmadyk bolsa, gaýnadyjy mümkin bolan tiz wagtda ýene kesmek aýyrmak prosedurasyny talap eder.
Gaýnadyş topary hapa ýa-da gowy ýaglanmadyk.
Gaýnadyjyny öçüriň. Gaýnadyş toparyny arassa suw bilen ýuwup durlaň, howada guradyň we soňra ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny ýaglamak'). "Gaýnadyş toparyny arassalamak" babyna ýüz tutuň ýa-da şuňa baryň: www.saeco.com/care jikme-jik wideo görkezmeler üçin. Soňra gaýnadyjyny täzeden işlediň.
Öçürip we işledip, gaýnadyjyny täzeden açyň. Eger ol işe ýarasa, 2-3 çaşka gyzgyn suw guýuň. Uzak wagtlap gaýnadyjynyň kesmegini aýyrmadyk bolsaňyz, onda kesmegini aýryň.
Gaýnadyjy diwar rozetkasyna talabalaýyk dakylmadyk.
Elektrik şnurunyň kiçi wilkasynyň enjamyň arkasyndaky rozetka talabalaýyk dakylandygyny anyklaň.
Esbaplary sargyt etmek Gaýnadyjyny arassalamak we kesmegini aýyrmak üçin, diňe Philips-iň tehniki hyzmat önümlerini ulanyň. Bu önümleri Amazon Smart Reorders işletmek arkaly, ýerli ýa-da onlaýn bölek satyjydan ýa-da ygtyýarly tehniki hyzmat merkezlerinden satyn alyp bolýar. Amazon Smart Reorders ulanyp bilmek üçin ilki bu hyzmaty Amazon-da işjeňleşdirmeli bolarsyňyz. Soňra Amazon hasabyňyzy Saeco hasabyňyza birikdirmek üçin ekrandaky ädimleri berjaý ediň. Şu ädimleriň hemmesini tamamlanyňyzdan soň Amazon Smart Reorder hyzmatyny ulanyp bilersiňiz. Gaýnadyjyňyzyň dolandyryş panelindäki "Dükan" menýusynda Philips abatlaýyş önümleriniň we esbaplarynyň ýerli bölek satyjylarda bardygyny ýa-da ýokdugyny görüp bilersiňiz. Ätiýaçlyk şaýlaryň doly sanawyny onlaýn tapmak üçin gaýnadyjyňyzyň görnüş belgisini giriziň. Görnüş belgisini tehniki hyzmat gapagynyň iç ýüzünden tapyp bilersiňiz. Tehniki hyzmat önümleri we model belgileri: - Kesmek aýyrýan ergin CA6700 - AquaClean filtri CA6903 - Gaýnadyş topary çalgy ýagy HD5061 - Kofe ýagyny aýyrýan tabletkalar CA6704 - Süýt kontury arassalaýjysy CA6705 - Tehniki hyzmat toplumy CA6707
Programma üpjünçiligi täzelemeleri Şahsy gizlinligiňizi goramak we kofe gaýnadyjyňyzyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek üçin täzelemek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Gaýnadyjyny elde täzelejekdigiňizi ýa-da onuň haçan awtomatik usulda täzelenjekdigini sazlap bilersiňiz. Awtomatitk täzelemeleri saýlanyňyzda gaýnadyjynyň programma üpjünçiligi täzelemelerini gijesine alyp bilmegi üçin gaýnadyjynyň gije toga dakylgydygyna we Wi-Fi işledilendigine göz ýetiriň. Programma üpjünçiliginde kämilleşdirmeler, gaýnadyjy üçin täze funksiýalar bar bolanynda we howpsuzlyk bilen bagly ähtimal meseleleriň öňüni almak üçin täzelemeler elýeter edilýär. Kofe gaýnadyjy garaşýan tertipde wagty hökmany proşiwka täzelemeleri awtomatik usulda başlaýar. Proşiwda täzelemesi ýerine ýetirilýän wagty kofe gaýnadyjyny ulanyp bolmaýar.
Gaýnadyjynyň arka tarapyndaky elektrik beriş geçirgiji bilen gaýnadyjyny öçüriň we täzeden işlediň.
Damja poddony çalt dolýar / damja poddonynda hemişe biraz suw bolýar.
Bu adaty ýagdaý bolup durýar. Gaýnadyjy içerki kontury we gaýnadyş toparyny ýuwup durlamak üçin, suwdan peýdalanýar. Biraz suw içerki ulgamyň içinden geçip, gönümel damja poddonyna tarap akýar.
Damja mejimesini her gün ýa-da damja mejimesiniň gapagynda gyzyl reňkli "damja mejimesi doldy" görkezijisi çykan badyna boşadyň (Sur. 29). Tär: çykýan ýuwup durlaýyş suwuny ýygnamak üçin, guýýan jürnügiň aşagyna çaşka goýuň.
"Kofe löderesi gabyny boşat" şekiljigi açyk durýar.
Gaýnadyş toparyny aýryp bilmeýärin.
Gaýnadyş topary dogry orunda däl.
Gaýnadyjyny şu aşakdaky görnüşde nol ediň: tehniki hyzmat gapagyny ýapyň. Gaýnadyjyny öçürip, gaýtadan işlediň we gaýnadyjy ulanyşa taýýar bolýança garaşyň. Gaýnadyş toparyny täzeden aýryp görüň. Ädimleýin görkezmeler üçin "Gaýnadyş toparyny aýyrmak we dakmak" babyna serediň.
Gaýnadyjyny şu aşakdaky görnüşde nol ediň: tehniki hyzmat gapagyny ýapyň. Gaýnadyş toparyny entek ýerine dakmaň. Gaýnadyjyny öçürip, tokdan sogruň. 30 sekunt garaşyp, gaýnadyjyny täzeden toga dakyň, ony işlediň we gaýnadyjy ulanyşa taýýar bolýança garaşyň. Soňra gaýnadyş toparyny dogry orna ýerleşdirip, ony täzeden gaýnadyja dakyň. Ädimleýin görkezmeler üçin "Gaýnadyş toparyny aýyrmak we dakmak" babyna serediň.
Gaýnadyş topary hapa ýa-da ony ýaglamak gerek.
Gaýnadyş toparyny aýryp, kranda ýuwup durlaň we guramaga goýuň. Soňra hereket edýän bölekleri ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny ýaglamak').
Gaýnadyjy öz-özüni sazlamak prosedurasyny ýerine ýetirýär. Gaýnadyjyny ilkinji gezek ulanan, kofe dänesiniň başga bir görnüşine geçen ýa-da uzak wagtlap ulanmadyk wagtyňyz, şu prosedura awtomatik başlanýar.
Gaýnadyjynyň öz-özüni sazlamak prosedurasyny tamamlamagy üçin ilkibaşda 5 çaşka kofe gaýnadyň.
Üweýji gaty iri sazlamada goýlan.
Sowuk çaşka içginiň temperaturasyny peseldýär.
Çaşkalary gyzgyn suw bilen ýuwup durlap, öňünden ýyladyň.
Süýt goşmak içginiň temperaturasyny peseldýär.
Gyzgyn ýa-da sowuk süýt goşsaňyz tapawudy ýok, süýt goşmak hemişe kofäniň temperaturasyny peseldýär. Çaşkalary gyzgyn suw bilen ýuwup durlap, öňünden ýyladyň.
AquaClean suw filtri dakylmaga talabalaýyk taýýarlanmandyr.
AquaClean filtrini aýryp, biraz gyzgyn suw akdyryň. Eger ol işe ýarasa, AquaClean filtri talabalaýyk dakylmandyr. AquaClean filtrini täzeden dakyp işjeňleşdiriň we "AquaClean suw filtri" babyndaky ähli ädimleri berjaý ediň.
Kofe ýeterlik gyzgyn bolmaýar.
Kofe çykmaýar ýa-da haýal çykýar.
Uzak wagtlap ulanylmadyk halatynda, AquaClean suw filtrini täzeden ulanmaga taýýarlamagyňyz we 2-3 çaşka gyzgyn akdyrmagyňyz gerek. AquaClean suw filtri dykyldy.
Kofe guýýan jürnügi we onuň deşiklerini turbajyk arassalaýjy ýa-da iňňe bilen arassalaň.
Üwelen kofe bölümi dykyldy
Gaýnadyjyny öçüriň we gaýnadyş toparyny aýryň. Üwelen kofe bölüminiň gapagyny açyp, oňa çemçe sapyny sokuň. Dykylan üwelen kofe aşak gaçýança, sapy aşakýokaryk süýşüriň (Sur. 28).
Gaýnadyjynyň konturyny hek kesmegi dykypdyr.
Philips kesmek aýryjysy bilen, gaýnadyjynyň kesmegini aýryň (Ser. 'Kesmek aýyrmak prosedurasy'). Gaýnadyjy sizden soranda, hemişe kesmegi aýryň.
Içerki kapuçinator hapa ýa-da dogry dakylmandyr.
Içerki kapuçinatory arassalaň we onuň dogry ornaşdyrylandygyna we dakylandygyna göz ýetiriň (Ser. 'Içerki kapuçinatory krandan akýan suwda arassalamak').
Ulanylýan süýdüň görnüşi köpürjikletmäge ýaramsyz.
Süýdüň dürli görnüşleri dürli möçberde köpürjigini we dürli köpürjik hillerini emele getirýär.
Ulanýan süýdüňiz ýeterlikçe sowuk däl.
Göni sowadyjydan alnan sowuk süýdi ulanýandygyňyza göz ýetiriň.
Maýyşgak süýt turbajygy talabalaýyk birikdirilmedi.
Kofe guýýan jürnügiň (Sur. 37) gapagyny açyň we maýyşgak süýt turbajygynyň kapuçinatora doly birikdirilendigini anyklaň (Sur. 43). Üns beriň, kapuçinator we süýt turbajyklary gyzgyn bolup biler. Ellemezden ozal, kapuçinatoryň we turbajyklaryň sowamagyna garaşyň.
Süýt köpürjiklemeýär.
Süýt gabyny sowadyjyda hemişe süýt turbajyksyz saklaň. Süýt galyndylary süýt turbajyklaryň içinde üýşüp biler we süýt akymynyň turbajyklardan geçmegine päsgel berip biler. Ýygnap saklamazdan öň süýt turbajyklary ýuwup durlaň.
Gaýnadyjy içerki kontury we gaýnadyş toparyny ýuwup durlamak üçin, suwdan peýdalanýar. Ol suw içerki ulgamyň içinden geçip, gönümel damja poddonyna tarap akýar. Bu adaty ýagdaý bolup durýar.
Damja poddonyny her gün ýa-da damja poddonynyň gapagynda "damja poddony doldy" görkezijisi çykan badyna boşadyň (Sur. 29). Tär: Çykýan ýuwup durlaýyş suwuny ýygnamak we damja poddonyndaky suwuň möçberini azaltmak üçin çaşka goýuň.
Damja poddony gaty doldy we çogdy, ol bolsa, gaýnadyjyny syzdyrýan ýaly edip görkezýär.
Damja poddonyny her gün ýa-da damja poddonynyň gapagynda "damja poddony doldy" görkezijisi çykan badyna boşadyň (Sur. 29).
Suw gaby doly dakylmadyk, suw Suw gabynyň dogry orunda durandygyny gabyndan biraz suw syzýar we anyklaň: ony aýryň we mümkin boldugyça gaýnadyjynyň içine howa çekilýär. gaýnadyjynyň aňrysyna itekläp, täzeden dakyň. Gaýnadyş topary hapa/dykylan.
Gaýnadyş toparyny ýuwup durlaň.
Gaýnadyjy kese, tekiz ýerde goýulmadyk.
Damja poddonynyň çogmazlygy we "damja poddony doldy" görkezijisiniň talabalaýyk işlemegi üçin, gaýnadyjyny kese, tekiz ýerde goýuň.
AquaClean suw filtrini işjeňleşdirip bilmeýärin we gaýnadyjy kesmegiň aýrylmagy soraýar.
Ekran AquaClean ýatladyjysyny Ilki bilen gaýnadyjyňyzyň kesmegini aýryp, görkezensoň filtr dakylmandyr ýa- soňra AquaClean suw filtrini dakyň. da öz wagtynda çalşyrylmandyr. Ýagny, gaýnadyjyňyz indi hek kesmeginden doly saplanan däl.
Täze suw filtri ylaýyk bolmaýar.
Siz Philips-iň AquaClean suw filtrinden başga filtr dakmakçy bolýarsyňyz.
Gaýnadyjyňyza diňe Philips-iň AquaClean suw filtri ylaýyk bolýar.
AquaClean suw filtrindäki rezin halka öz ýerinde däl.
AquaClean suw filtrindäki rezin halkany yzyna öz ýerine goýuň.
Gaýnadyjyňyz ulanylýarka biraz ses çykarmagy adaty ýagdaýdyr.
Eger gaýnadyjy başgaça bir ses çykaryp ugrasa, gaýnadyş toparyny arassalaň we ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny ýaglamak').
AquaClean suw filtri dakylmaga talabalaýyk taýýarlanmandyr we häzir gaýnadyjynyň içine howa çekilýär.
AquaClean suw filtrini suw gabyndan aýryň we ony ulanyşa talabalaýyk taýýarlap, ýene ýerine dakyň. Ädimleýin görkezmeler üçin, "AquaClean suw filtri" babyna serediň.
Gaýnadyjy gaty ses çykarýar.
Kofe gaýnadyjysy bilen Wi-Fi routeriň birek-birege arabaglanyşyk çäklerinde bolmagyna üns beriň.
Wi-Fi routeri talabalaýyk işlemeýär.
Wi-Fi routeriň talabalaýyk işleýändigine we internete birikdirilendigine göz ýetiriň.
Gaýnadyjy routeriň arabaglanyşyk Gaýnadyjynyň router bilen arabaglanyşyk çäklerinde däl. çäklerinde bolmagyna üns beriň. Siz Wi-Fi signalyny gaýtalaýjyny hem ulanyp bilersiňiz. Kofe gaýnadyjyňyzyň birikmäge synanyşýan routeri 5 GHz iki diapazonly we kofe gaýnadyjyňyz 2.4 GHz toruna birikmäge synanyşmaýar.
Alexa ses dolandyryş we Amazon Smart Reorders hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmek üçin Amazon hasabyňyzy Saeco hasabyňyz bilen birikdirer ýaly gaýnadyjynyň dolandyryş panelindäki görkezmelerine eýeriň. Bellik: Bu aýratynlyklardan peýdalanyp bilmek üçin sizde Alexa programmasy ýada Alexa enjamy bolmaly we siz Amazonda Smart Reorders hyzmatyny işletmeli.
Gaýnadyjynyň Wi-Fi birikdirmesi işleýärdi, indi bolsa işlemeýär.
Siziň Wi-Fi atlandyrmaňyz we/ýada parolyňyz üýtgedildi.
"Wi-Fi toruna birikmek" bölümindäki görkezmelere eýeriň we birikmek üçin täze Wi-Fi atlandyrmaly tory saýlaň.
Wi-Fi paroly üýtgedildi.
"Wi-Fi toruna birikmek" bölümindäki görkezmelere eýeriň we täze Wi-Fi paroly giriziň.
Wi-Fi routeriňiz talabalaýyk işlemeýär.
Routeri barlaň we onuň işleýändigine göz ýetiriň.
Elektromagnit ýa-da beýleki päsgelçilikler sebäpli Wi-Fi birikmesiniň arabaglanyşygy gopup biler.
Elektrik şnurunyň uzynlygy
Tehniki hyzmat gapagynyň iç ýüzündäki maglumat tagmasyna serediň
Notice Facile