M6680/00 - Espresso SAECO - Notice d'utilisation et mode d'emploi gratuit

Retrouvez gratuitement la notice de l'appareil M6680/00 SAECO au format PDF.

Page 544
Assistant notice
Powered by ChatGPT
En attente de votre message
Informations produit

Marque : SAECO

Modèle : M6680/00

Catégorie : Espresso

Téléchargez la notice de votre Espresso au format PDF gratuitement ! Retrouvez votre notice M6680/00 - SAECO et reprennez votre appareil électronique en main. Sur cette page sont publiés tous les documents nécessaires à l'utilisation de votre appareil M6680/00 de la marque SAECO.

MODE D'EMPLOI M6680/00 SAECO

A12 Üwemäni sazlaýan geçiriji (has giňişleýin maglumat üçin şu ýeri gidiň: www.saeco.com/care)

A13 Kofe däneleri üçin konteýner

A14 Gaýnadyjy topar (has giňişleýin maglumat üçin şu ýeri gidiň: www.saeco.com/care)

A9 Kofe we süýt guýmak üçin beýikligi sazlanýan jürnük

Wi-Fi-a birikmek Kofe gaýnadyjyňyzy 2,4 GHz 802.11 b/g/n home Wi-Fi toruna birikdiriň. Kofe gaýnadyjyňyzy öýdäki Wi-Fi toruňyza birikdirmeklik size ulanyjy tejribäňizi güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Kofe gaýnadyjysy bilen Wi-Fi routeriň birek-birege arabaglanyşyk çäklerinde bolmagyna üns beriň. Kofe gaýnadyjyňyzy Wi-Fi toruňyza birikdirmek üçin aşakdaky ädimlere eýeriň.

1 Sazlamalar şekiljigine degiň we Wi-Fi; ekiljigini tapmak üçin çepden saga tarap gaýdyryň. 2 Wi-Fi şekiljigine degiň. 3 Gaýnadyjyňyzy Wi-Fi toruňyza birikdirmek üçin ekrandaky ädimlere eýeriň. Indi siz birikdirilen görnüşde tejribelige başlamak üçin taýýar.

544 Türkmençe Sesli dolandyryş arkaly işledilen we öçürilen wagty hem-de belli bir wagt işjeň bolman öçürilen wagty, kofe gaýnadyjyňyz awtomatik ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetirer. Kofe gaýnadyjynyň ýerleşýän daşky gurşawynyň howpsuzdygyny anyklaň.

Ýörite funksiýalar Ýörite funksiýa

Maksady Sazlamalary özbaşdak çalyşmagyň deregine içgiňiz üçin öňden kesgitlenen tagam profilleri (Delicato, Intenso, Forte) saýlamak arkaly öz kofeňizi CoffeeMaestro bilen şahsylaşdyryp bilersiňiz.

HygieSteam funksiýasy süýt ulgamyny awtomatik usulda aýyrýar, mikroorganizmleri aýyrýar: ony kapuçino ýa-da başga süýt esasly içgileri demläniňizden soň ulanyň.

Biziň çydamly owradyjymyz adatdan daşary berk we takyk bolmagy üçin 100% keramikadan ýasaldy. Ony 12 ädimli derejeler bilen öz halaýan tagamyňyza düzüp bolýar.

Tehniki ideg paneli peýdaly bolan umumy maglumatlary we AquaClean haýal işleýär ýaly dürli zatlaryň ýagdaýyny habar berýär.

Içgileri taýýarlamak Umumy ädimler Içgi gaýnatmak üçin, birnäçe ýönekeý ädimi berjaý etmegiňiz gerek.

1 Guw gabyny kran suwundan dolduryp, däne konteýnerini däneden dolduryň. 2 Guýmak üçin beýikligi sazlanýan jürnügiň aşagyna bir ýa-da iki çaşka goýuň. Ulanylýan çaşkanyň ýa-da stakanyň ölçegine görä beýikligi sazlar ýaly paýlaýjy jürnügi ýokaryk ýa-da aşak gaýdyryň. 3 "Içgiler" menýusyna girmek üçin Içgiler şekline degiň. Içgiňizi saýlamak üçin oňa degiň we çepden saga gaýdyryň.

Iki çaşka gaýnatmak isleseňiz, "2x" şekiljigine degiň. Kofe gaýnadyjy awtomatik usulda saýlanan içgileriň yzygiderligine görä iki sany üweme döwresini berjaý eder. "2x" şekiljigi ähli içgiler üçin elýeterli däldir.

4 Içgini saýlanyňyzdan soň, sazlaýjyny aşak we ýokaryk gaýdyrmak arkaly öz islegiňize görä sazlamalary üýtgedip bilersiňiz. 5 Saýlanan içgini gaýnadyp başlamak üçin başlat/duruz şekiljigini basyň. Karamelli ýa-da ysly kofe dänelerini ulanmaň.

Süýt esasly içgileri demlemek Süýt esasly içgileri gaýnatmak üçin, birnäçe ýönekeý ädimi berjaý etmegiňiz gerek.

1 Guw gabyny kran suwundan dolduryp, däne konteýnerini däneden dolduryň. 2 Süýt gabynyň gapagyny towlap açyň we süýt gabyny süýt bilen dolduryň. Optimal netijeler üçin, hemişe göni sowadyjydan alnan süýt ulanyň. 3 4 5 6 7

Süýt guýýan maýyşgak turbajygy kapuçinatora birikdiriň. Süýt guýýan metal turbajygy gaba ýerleşdiriň. Içgiler şekiljigine degiň, saraň we isleýän süýt-esasly içgiňiziň şekiljigini saýlaň. Sazlaýjyny ýokaryk we aşak gaýdyrmak arkaly öz islegiňize görä sazlamalary üýtgedip bilersiňiz. Saýlanylan içgini gaýnadyp başlamak üçin, islendik wagt başlat/duruz şekiljigine basyň. - Ýörite içgiler üçin gaýnadyjy ilki bilen süýt, soňra kofe guýýar. Birnäçe beýleki içgiler babatda bu tersine edilýär, gaýnadyjy ilki bilen kofe, soňra bolsa süýt guýýar. - Gaýnadyjy bellenilen möçberi guýmanka süýt guýmagy duruzmak üçin, başlat/duruz şekiljigine täzeden basyň. - Gaýnadyjy guýup bolmanka tutuş içginiň (süýt we kofe) guýulmagyny duruzmak üçin, başlat/duruz şekiljigini basyp saklaň.

Süýt berlensoň, gönümel "HygieSteam Shot" prosedurasy ýerine ýetirilýär. Kofe gaýnadyjy içerki süýt ulgamynyň içinden bug zyňyp, ony çalt ýuwup durlaýar. Süýt turbajygynyň metal bölegi gyzyp biler. Ýanyk howpy bolmaz ýaly, ilki bilen onuň sowamagyna maý beriň.

546 Türkmençe Tär: Süýt esasly içgileriňizi gaýnatmak üçin adaty süýt kartony hem ulanyp bilersiňiz. Süýt guýýan metal turbajygy gönümel süýt kartonyň içine ýerleşdiriň.

Üwelen kofe bilen kofe taýýarlamak Üwelen kofeden kofe gaýnatmak üçin, birnäçe ýönekeý ädimi berjaý etmegiňiz gerek.

1 Üwelen kofe bölüminiň gapagyny açyň we bir ölçeg çemçejik üwelen kofeden oňa guýuň. Soňra gapagy ýapyň. 2 Içgiler şekiljigine degiň, çepden saga saraň we içgiňiziň saýlaň. 3 Üwelen kofe şekiljige degiň. 4 Sazlaýjyny ýokaryk we aşak gaýdyrmak arkaly öz islegiňize görä sazlamalary üýtgedip bilersiňiz. 5 Saýlanan içgini gaýnadyp başlamak üçin başlat/duruz şekiljigini basyň. Eger üwelen kofe saýlasaňyz, kofäniň ajylygyny sazlap ýa-da bir gezekde bir içişden artyk taýýarlap bilmersiňiz.

Gyzgyn suw guýmak 1 2 3 4

Içerki kapuçinatoryň gaýnadyja dogry dakylandygyny anyklaň (Sur. 1). Jürnügiň aşagyna çaşka goýuň. "Gyzgyn suw" degiň (Sur. 2). Gyzgyn suwuň möçberini ýa-da temperaturasyny öz islegiňize görä sazlamak üçin sazlaýjyny ýokaryk we aşak gaýdyryň (Sur. 3). 5 Başlat/duruz şekiljigine basyň. 6 Gaýnadyjy guýup bolmanka gyzgyn suwuň guýulmagyny duruzmak üçin, başlat/duruz şekiljigini täzeden basyň.

Şahsylaşdyryş Gaýnadyjy içginiň sazlamalaryny öz islegiňize sazlamaga we sazlanylan içgini şahsy profilde saklamaga mümkinçilik berýär. Öz şekiljigiňizi we öz profil adyňyzy saýlap bilersiňiz.

CoffeeMaestro bilen tizlendiriň Gaýnadyjyňyz CoffeeMaestro funksiýasy bilen ähli sazlamalary aýratynlykda düzmegiň ýerine tagam profillerini saýlamak mümkinçiligini hödürleýär. Delicato, Intenso we Forte arasyndan birini saýlap bilersiňiz. CoffeeMaestro tagam profilini saýlamak üçin: 1 Saýlamak isleýän içgiňiziň şekiljigine degiň (Sur. 4). 2 CoffeeMaestro şekiljigine gaýta-gaýta basyň (Sur. 5). - Indi içginiň esasy sazlamalary degişlilikde düzülýär. 3 Içgini gaýnadyp başlamak üçin başlatmak/duruzmak şekiljigini basyň.

Içgiňizi CoffeeEqualizer degiş funksiýasy bilen şahsylaşdyryň. Içgini saýlanyňyzdan soň, CoffeeEqualizer degiş funksiýasy awtomatik işjeňleşdirilýär we size içgi sazlamalaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Kömek funksiýasyny işjeňleşdirmek we has giňişleýin maglumat almak üçin displeýdäki her bir zada köpräk wagtlap basyp saklaň. CoffeeEqualizer degiş funksiýasy arkaly, şu aşakdaky sazlamalary sazlap bilersiňiz: 1 Tagamyň ýitiligi 5 Içgi temperaturasy 2 Kofe möçberi 6 Köpürjik möçberi 3 Süýt möçberi 7 1 ýa-da 2 çaşka taýynlamagy kesgitläp bilersiňiz 4 Suw möçberi 8 Ilki bilen kofe ýa-da süýt guýmagyyň tertibini Bellik: Haýsy sazlamalary düzüp biljekdigiňiz saýlan içgiňize bagly bolup durýar.

Halaýan içgileriňizi profilde ýatda saklatmak Gaýnadyjy içginiň sazlamalaryny öz islegiňize sazlamaga we sazlanylan içgini şahsy profilde saklamaga mümkinçilik berýär. Profil saýlap we profiller arkaly resept saklap bilersiňiz. Profil döredip we profiller şekiljigi arkaly içgini goşup bilersiňiz. 1 Esasy menýuda profil şekiljigine degiň (Sur. 6). 2 Goşmak şekiljigini basyň (Sur. 7). 3 Adyňyzy ýazyň we halaýan şekiljigiňizi saýlaň. 4 Siz indi içgi goşmaga taýýar. Saýlamak isleýän içgiňiziň şekiljigine degiň. 5 Içgiňizi CoffeeEqualizer degiş ýa-da CoffeeMaestro funksiýasy arkaly şahsylaşdyryň. 6 Şahsy profilde saklamak üçin "Profilde sakla" şekiljigine degiň (Sur. 8).

Goşmaça porsiýa (ExtraShot) Mysal üçin, eger has ajy kofe ýasamak isleseňiz, gaýnadyjyňyz kofäňize we süýtli içgileriňize goşmaça ristretto porsiýasyny goşmak mümkinçiligini hödürleýär. 1 Jürnügiň aşagyna çaşka goýuň. 2 Içgi saýlamak üçin ýeke degişde içgiler şekiljikleriň birine degiň (Sur. 4). 3 Ajylygy iň ýokary derejä bellemek üçin sazlaýjyny ýokaryk gaýdyryň we ExtraShot funksiýasyny saýlaň (Sur. 9). 4 Soňra, içgini gaýnadyp başlamak üçin, başlat/duruz şekiljigini basyň. 5 Gaýnadyjy guýup bolmanka içginiň guýulmagyny duruzmak üçin, başlat/duruz şekiljigini täzeden basyň. ExtraShot funksiýasyny saýlan wagtyňyz, bir gezekde diňe bir kofe gaýnadyp bilersiňiz. Goşmaça porsiýa funksiýasy ähli içgiler üçin elýeterli däldir.

Gaýnadyjynyň sazlamalaryny sazlamak Sazlamaalr şekiljigine degmek we ekrandaky ädimlere eýermek arkaly gaýnadyjynyň sazlamalarynyň köpüsini düzüp bilersiňiz. Onlaýn goldaw (ýygy soralýan soraglar, wideolar we ş.m.) üçin şu kitapçanyň sahabyndaky QR koduny okadyň ýa-da www.saeco.com/care salgysyna giriň.

Suwuň talhlygyny bellemek Gaýnadyjynyň optimal öndürijiligi we has uzak hyzmat möhleti üçin, suwuň talhlyk sazlamasyny sebitiňizdäki suwuň talhlyk derejesine sazlamagyňyz maslahat berilýär. Ol gaýnadyjynyň kesmegini gaty ýygy aýyrmaly bolmagyňyzyň hem öňüni alýar. Standart suw talhlygy sazlamasy 4-dür: talh suw.

Sebitiňizdäki suw talhlygyny kesgitlemek üçin, gutuda berlen suw talhlygy synag zolajygyny ulanyň: 1 Suw talhlygy synag zolajygyny kranyň suwuna çümdüriň ýa-da ony kranyň aşagynda 1 sekunt saklaň (Sur. 10). 2 1 minut garaşyň. Synag zolajygyndaky gyzyla öwrülen kwadratlaryň sany suwuň talhlygyny görkezýär (Sur. 11).

Gaýnadyjyny dogry suw talhlygyna belläň: 1 Sazlamalar şekiljigine degiň we "Suwuň talhlygyny" saýlamak üçin çepden saga tarap gaýdyryň. 2 Suwuň talhlygynyň derejesini saýlaň. Displeýde saýlanylan gyzyl inedördülleriň sany bilen synag zolajygyndaky gyzyl inedördülleriň sany birmeňzeş bolmalydyr (Sur. 12). 3 Dogry suw talhlygyny bellän wagtyňyz, tassyklamak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň.

Üweme sazlamasyny düzmek Kofe dänesi üçin konteýneriň içindäki üwemäni sazlaýan geçiriji bilen kofe berkligini sazlap bilersiňiz. Üweme sazlamasy pes boldugyça kofe däneleri has ownuk üwelýär, kofe bolsa şonça berk bolýar. Saýlamak üçin 12 dürli üweme sazlamasy elýeterlidir. Bu gaýnadyjy size kofe däneleriniň iň aňrybaş tagamyny bermek üçin sazlanandyr. Şonuň üçin size 100–150 çaşka (takmynan 1 aý ulanyş) içgi taýýarlaýançaňyz üweme sazlamasyny sazlamagy maslahat bermeýäris. Tagamdaky tapawudy doly dadyp bilmegiňiz üçin 2–3 sany içgi gaýnatmagyňyz gerek. Üweýjä zeper ýetirmez ýaly üwemäni sazlaýan geçirijini bir gezekde bir towdan artyk aýlamaň. 1 Esasy menýuda Sazlamalar şekiljigine degiň. 2 "Üweýji" degiň. 3 Edilşini görkezýän wideo serediň.

Zawod sazlamalaryny dikeltmek Gaýnadyjy zawod sazlamalaryny islendik pursatda dikeltmek mümkinçiligini hödürleýär. 1 Sazlamalar şekiljigini basyň. 2 "Zawod sazlamalary" saýlamak üçin çepden saga gaýdyryň. Tassyklama şekiljigine degip tassyklaň. - Sazlamalar häzir dikeldilip dur. Şu aşakdaky zawod sazlamalary standarda dikeldildi: suwuň talhlygy, garaşma wagty, displeý ýagtylygy, ses, öň tarapyň yşyklandyrylyşy, profiller, ölçeg birlikleri, öý ekranyň sazlamalary, Wi-Fi ygtyýarlyklary, programma täzelemeleri boýunça islegler, Saeco ygtyýarlyklary, Amazon ygtyýarlyklary.

AquaClean suw filtri Gaýnadyjyňyzda AquaClean işledilen. Kofäňiziň tagamyny saklamak üçin, AquaClean filtrini suw gabyna ýerleşdirip bilersiňiz. Ol gaýnadyjyňyzda üýşýän hek kesmegini azaltmak arkaly, kesmek aýyrmak zerurlygyny gowşadýar. AquaClean suw filtrini ýerli ýa-da onlaýn bölek satyjyňyzdan ýa-da ygtyýarly tehniki hyzmat merkezlerinden satyn alyp bilersiňiz.

AquaClean filtr ýagdaýy görkezijisi AquaClean filtriniň ýagdaýy hemişe "Ýagdaý" menýusynda göterim görnüşinde görkezilýär. - Eger AquaClean filtriniň ýagdaýy 10% ýa-da az bolsa, her gezek gaýnadyjyny açanyňyzda ekranda 2 sekuntlap hat görkezilýär. Ol hat size täze filtr satyn almagy maslahat berýär. - Eger filtriň ýagdaýy 0% bolsa, her gezek gaýnadyjyny açanyňyzda, gaýnadyjy AquaClean filtrini çalşyrmagyňyzy soraýar.

AquaClean suw filtrini işjeňleşdirmek (5 min.) Gaýnadyjy suw gabyna filtr goýlandygyny awtomatik anyklamaýar. Şol sebäpli dakýan her täze AquaClean suw filtriňizi "Ýagdaý" menýusynda işjeňleşdirmegiňiz gerek. Gaýnadyjy filtr işjeňleşdiriş hatyny görkezmegi bes edende hem, AquaClean suw filtrini işjeňleşdirip bilersiňiz, ýöne ilki bilen gaýnadyjynyň kesmegini aýyrmaly bolarsyňyz. AquaClean suw filtrini ulanyp başlamazdan öň, gaýnadyjyňyz hek kesmeginden doly arassalanan bolmalydyr. AquaClean suw filtrini işjeňleşdirmezden öň, aşakda beýan edilişi ýaly ony suwda ezip taýýarlamak gerek. Eger şeýtmeseňiz, gaýnadyjynyň içine suwa derek howa çekilmegi mümkin, ol bolsa köp ses çykarýar we gaýnadyjynyň kofe gaýnadyp bilmegine ýol bermeýär. 1 "Ýagdaý" şekiljigine degiň we AquaClean saýlamak üçin çepden saga süýşüriň. 2 Işjeňleşdiriş ekrany peýda blanynda tassyklaýyş şekiljigine gaýtadan basyň. Ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň.

AquaClean suw filtrini çalşyrmak (5 min.) Filtriň üsti bilen 95 litr suw akansoň, filtr işlemegini bes eder. Size filtri çalşyrmagy ýatlatmak üçin, AquaClean ýagdaý görkezijisi 0%-e peselýär. AquaClean suw filtrini wagtynda çalşyrmasaňyz, henizem filtri çalşyryp bilersiňiz, ýöne ilki bilen gaýnadyjynyň kesmegini aýyrmaly bolarsyňyz. AquaClean ýagdaý görkezijisi 0%-e peselende ýa-da gaýnadyjy size filtri çalşyrmagy ýatladanda: 1 köne AquaClean suw filtrini çykaryň. 2 täze filtr dakyň we ony "AquaClean suw filtrini işjeňleşdirmek (5 min.)" babynda beýan edilişi ýaly işjeňleşdiriň. AquaClean suw filtrini azyndan her 3 aýdan çalşyryň, hatda gaýnadyjy heniz çalşyrmak gerekdigini aýtmaýan hem bolsa.

Gaýnadyş toplumyny aýyrmak we salmak Gaýnadyş toparyny aýyrmagyň, dakmagyň we arassalamagyň usulyny öwrenmek üçin "Ýagdaý" menýusyna giriň we "Brew group clean" (Demleýiş toparyny arassalamak) saýlaň ýa-da jikme-jik wideo gözükdirijiler üçin www.saeco.com/care salgysyna giriň.

Gaýnadyş toparyny gaýnadyjydan aýyrmak 1 Suw gabyny aýryň we serwis gapysyny açyň (Sur. 13). 2 PUSH leňňerine (Sur. 14) basyň we gaýnadyş topary gaýdadyjydan aýyrmak üçin onuň tutawajyndan çekiň (Sur. 15). Gaýnadyş toparyny gaýnadyjydan aýran wagtyňyz, damja poddony we kofe löderesi gabyny hem boşatmagy ýatdan çykarmaň.

Gaýnadyş toparyny täzeden dakmak Gaýnadyş toparyny gaýnadyja yzyna salmazdan öň, onuň dogry orunda durandygyny anyklaň. 1 Gaýnadyş toplumynyň dogry orunda durup durmaýandygyny barlaň. Gaýnadyş toparynyň böwründäki sary silindrdäki ok gara ok we N belliginiň deňinde duran bolmaly (Sur. 16). - Eger olar deňinde durmaýan bolsa, ryçagy gaýnadyş toparynyň binýadyna degýänçä aşak basyň (Sur. 17). 2 Gaýnadyş toparyny gapdallardaky ugrukdyryjy relsler boýunça gaýnadyja giriziň (Sur. 18) we öz ornuna tykgyldy sesi bilen ildirilýänçä itiň (Sur. 19). PUSH düwmesini basmaň.

Gaýnadyjy tarapyndan talap edilende ýa-da her üç aýda.

ÝAGDAÝ -> NETIJELIK -> KOFE ÝAGYNY AÝYRMAK. Kofe ýagynyň galyndylaryny gaýnadyş toparyndan awtomatik aýyrmak üçin özbaşdak arassalaýyş prosesiniň ädimlerine eýeriň.

Ulanylan her günden soň

ÝAGDAÝ -> HYGIESTEAM. Süýt ulgamyny arassalamak üçin özbaşdak arassalaýyş prosesiniň ädimlerine eýeriň. Süýt guýýan metal turbajygyň daşyny süýt turbajygyň tutawajyna ýerleşdirmezden öň mata bilen süpüriň.

Süýt gabyny (Sur. 20) söküň we süýt turbajygyň ştiftini ulanmak bilen şary itip çykaryň (Sur. 21). Süýt gabynyň ähli böleklerini krana tutup ýa-da gap-gaç ýuwujyda arassalaň.

HygieSteam konteýneri (süýt turbajygyň tutawajy)

Hepdelik ýa-da gaýnadyjy size ýatladan wagty.

Damja poddonyny her gün ýa-da damja poddonynda gyzyl reňkli "damja poddony doldy" görkezijisi çykan badyna boşadyň (Sur. 25). Damja poddonyny hepdelik arassalaň.

Damja poddonyny (Sur. 26) aýryň we ony biraz ýuwujy serişde bilen kranda ýuwup durlaň ýada gap-gaç ýuwujyda arassalaň.

Gaýnadyş toparyny ýaglamak

Gaýnadyş toparyny toplum bilen üpjün edilýän çalgy ýagy bilen ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny ýaglamak'). Gidiň: www.saeco.com/care jikme-jik wideo görkezmeler üçin.

Gaýnadyjynyň öň tarapy

Gaýnadyjynyň kesmegini aýyrmak

Gaýnadyjy sizden kesmegi aýyrmagy talap edende.

ÝAGDAÝ -> KESMEGI AÝYRMAK. Gaýnadyjyny kesmekden aýyrmak üçin görkezilen ädimlere eýeriň. Kesmegi aýyrmak zerur bolanda gaýnadyjy sizden kesmegi aýyrmagy sorar, şonda OK şekiljigine basyň we görkezilen ädimlere eýeriň.

Gaýnadyş toplumyny arassalamak Gaýnadyş toparyny wagtly-wagtyna arassalamak içerki konturlarda kofe çökündisiniň dykylmagynyň öňüni alýar. Gaýnadyş toparyny aýyrmagyň, dakmagyň we arassalamagyň usulyny öwrenmek üçin "Ýagdaý" menýusyna giriň we "Brew group clean" (Demleýiş toparyny arassalamak) saýlaň ýa-da goldaw wideolary üçin www.saeco.com/care salgysyna giriň.

Gaýnadyş toplumyny kranyň aşagynda arassalamak 1 "Ýagdaý" şekiljigine degiň we "Brew group clean" (Gaýnadyş toparyny arassalamak) saýlamak üçin süýşüriň. 2 Tassyklamak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň, soňra ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň.

Gaýnadyş toplumyny kofe ýagyny aýyrýan tabletkalar bilen arassalamak Diňe Philips-iň kofe ýagyny aýyrýan tabletkalaryny ulanyň. 1 "Ýagdaý" şekiljigine degiň we "Brew group clean" (Gaýnadyş toparyny arassalamak) saýlamak üçin süýşüriň. 2 Tassyklamak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň, soňra ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň.

Gaýnadyş toplumyny ýaglamak Gaýnadyjynyň öndürijiligini gowulandyrmak maksady bilen hereket edýän şaýlaryň endigan hereketine dowam etmegi üçin demleýiş toparyny 2 aýda bir ýaglamagy maslahat berýäris. 1 Demleýiş toparynyň silindrine (küljümek bölek) üstüne ýuka edip ýag çalyň (Sur. 27). 2 Demleýiş toparynyň aşagyndaky walyň (küljümek bölek) töweregine ýuka edip ýag çalyň (Sur. 28). 3 Iki gapdaldaky ugrukdyryjy relslere ýuka edip ýag çalyň (Sur. 29).

Içerki kapuçinator üçin arassaçylyk programmalary Gaýnadyjylary içerki kapuçinatory haçan arassalamalydygyny size aýdýar. Gaýnadyjynyň içerki kapuçinatory arassalamak üçin üç sany programmasy bar: - "HygieSteam Shot": süýt esasly içgi taýýarlanylýan wagty gaýnadyjy içerki kapuçinatory çaltlyk bilen ýuwmak üçin onuň içinden bug zarbalaryny awtomatik usulda geçirýär. - "HygieSteam": gaýnadyjy içerki süýt ulgamyny bug bilen mazaly arassalaýar. HygieSteam gabynyň dogry ýygnalandygyna (Sur. 30) we gaýnadyja dakylandygyna göz ýetiriň (Sur. 31). Süýt turbajygyny süýt turbajygy saklaýjysyna (Sur. 32) ýerleşdirip, ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň. - "Deep Milk Clean": Içerki süýt ulgamyny mazaly arassalamak üçin, Philips-iň süýt konturyny arassalaýjysy bilen "Deep Milk Clean" prosedurasyny ýerine ýetiriň.

Içerki kapuçinatory aşak çekmek arkaly ony aýryň (Sur. 34). Aşaky bölegini ýokarky böleginden çekip aýyrmak arkaly içerki kapuçinatory dargadyň (Sur. 35). Ähli bölekleri (Sur. 36) dargadyň we olary krandan akýan suwda arassalaň. Içerki kapuçinatory gaýtadan ýygnaň. Içerki kapuçinatory ýerine dakmak üçin ony dik tutuň we deşikleriň gaýnadyjydaky iki turbajyk bilen deňleşendigine göz ýetiriň. Soňra öz ildirilýänçä içerki kapuçinatory bokaryk itiň (Sur. 1). 7 Gapagy ýapyň. Jikme-jik wideo gözükdirijiler üçin www.saeco.com/care salgysyna baryň.

Kesmek aýyrmak prosedurasy Diňe Philips-iň kesmek aýryjysyny ulanyň. Hiç hili ýagdaýda kükürt kislotasyna, duz kislotasyna, sulfamin ýada sirke kislotasyna esaslanýan kesmek aýryjy ulanmaň, sebäbi ol gaýnadyjynyň suw konturyna zeper ýetirip biler we hek kesmegini talabalaýyk eretmez. Philips-iň kesmek aýryjysyny ulanmasaňyz, kepilligiňiz güýjüni ýitirer. Enjamyň kesmegini aýyrmasaňyz, onda hem kepilligiňiz güýjüni ýitirer. Philips kesmek aýyrýan serişdesini ýerli ýa-da onlaýn bölek satyjyňyzdan ýa-da ygtyýarly tehniki hyzmat merkezlerinden satyn alyp bilersiňiz. 1 Gaýnadyjy sizden kesmegi aýyrmagy soranda, başlatmak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň. Gaýnadyjy tarapyndan soralmanka kesmegi aýyrmagy başlatmak üçin "Ýagdaý" şekiljigini basyň we "Descale" (Kesmegi aýyrmak) saýlaň. 2 Damja mejimesini, kofe löderesi gabyny we HygieSteam gabyny (Sur. 22) aýryp, olary boşadyň we ýerine dakyň. 3 Suw gabyny aýryp, boşadyň. Soňra AquaClean filtrini aýryň. 4 Philips kesmek aýryjysynyň tutuş bir çüýşesini suw gabyna guýuň we ony CALC CLEAN derejesine çenli suwdan dolduryň (Sur. 37). Soňra suw gabyny gaýtadan gaýnadyja dakyň. 5 Kofe guýýan jürnügiň aşagyna uly gap (1,5 l) goýuň. 6 HygieSteam gabynyň dogry ýygnalandygyna (Sur. 30) we gaýnadyja dakylandygyna göz ýetiriň (Sur. 31). Süýt turbajygyny süýt turbajygyny saklaýja ýerleşdiriň. 7 Kesmegi aýyrmak prosedurasyny başlatmak üçin ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň. Kesmek aýyrmak prosedurasy takmynan 30 minuta çekýär we kesmek aýyrmak döwresinden hem-de ýuwup durlamak döwresinden ybarat bolýar. 8 Kesmegi aýyrmak döwresi tamamlanandan soň suw gabyny we suw konturyny ýuwmaly. Ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň. 9 Täze AquaClean suw filtrini suw gabyna ýerleşdiriň we ony işjeňleşdiriň (Ser. 'AquaClean suw filtrini işjeňleşdirmek (5 min.)'). Tär: AquaClean filtrini ulanmaklyk kesmek aýyrma zerurlygyny azaldýar!

Kesmek aýyrmak prosedurasynyň arasy üzülse näme etmeli Dolandyryş panelinde açmak/öçürmek şekiljigini basmak arkaly kesmek aýyrmek prosedurasyndan çykyp bilersiňiz. Kesmegi aýyrmak prosedurasy doly tamamlanmanka onuň arasy kesilse, suw gabynda ýa-da suw konturynda kesmegi aýyrýan serişdäniň belli bir möçberi galyp biler. Şeýle ýagdaýda aşakdakylary ýerine ýetiriň: 1 Suw gabyny boşadyň we mazaly ýuwup durlaň. 2 Suw gabyna CALC CLEAN dereje görkezijisine çenli arassa suw guýuň we gaýnadyjyny täzeden işlediň. Gaýnadyjy gyzar we awtomatik ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetirer. 3 Islendik içgini gaýnatmazdan öň, el bilen ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetiriň. El bilen ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetirmek üçin, ilki bilen gyzgyn suw gabyndaky suwuň ýarysyny akdyryň, soňra üwelen kofe goşmazdan taýýar üwelen kofeden 2 çaşka demläň.

554 Türkmençe Bellik: Kesmek aýyrmak prosedurasy tamamlanmadyk bolsa, gaýnadyjy mümkin bolan tiz wagtda ýene kesmek aýyrmak prosedurasyny talap eder.

Gaýnadyş topary hapa ýa-da gowy ýaglanmadyk.

Gaýnadyjyny öçüriň. Gaýnadyş toparyny arassa suw bilen ýuwup durlaň, howada guradyň we soňra ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny ýaglamak'). "Gaýnadyş toparyny arassalamak" babyna ýüz tutuň ýa-da şuňa baryň: www.saeco.com/care jikme-jik wideo görkezmeler üçin. Soňra gaýnadyjyny täzeden işlediň.

Öçürip we işledip, gaýnadyjyny täzeden açyň. Eger ol işe ýarasa, 2-3 çaşka gyzgyn suw guýuň. Uzak wagtlap gaýnadyjynyň kesmegini aýyrmadyk bolsaňyz, onda kesmegini aýryň.

Elektrik şnurunyň kiçi wilkasynyň enjamyň arkasyndaky rozetka talabalaýyk dakylandygyny anyklaň.

Esbaplary sargyt etmek Gaýnadyjyny arassalamak we kesmegini aýyrmak üçin, diňe Philips-iň tehniki hyzmat önümlerini ulanyň. Bu önümleri Amazon Smart Reorders işletmek arkaly, ýerli ýa-da onlaýn bölek satyjydan ýa-da ygtyýarly tehniki hyzmat merkezlerinden satyn alyp bolýar. Amazon Smart Reorders ulanyp bilmek üçin ilki bu hyzmaty Amazon-da işjeňleşdirmeli bolarsyňyz. Soňra Amazon hasabyňyzy Saeco hasabyňyza birikdirmek üçin ekrandaky ädimleri berjaý ediň. Şu ädimleriň hemmesini tamamlanyňyzdan soň Amazon Smart Reorder hyzmatyny ulanyp bilersiňiz. Gaýnadyjyňyzyň dolandyryş panelindäki "Dükan" menýusynda Philips abatlaýyş önümleriniň we esbaplarynyň ýerli bölek satyjylarda bardygyny ýa-da ýokdugyny görüp bilersiňiz. Ätiýaçlyk şaýlaryň doly sanawyny onlaýn tapmak üçin gaýnadyjyňyzyň görnüş belgisini giriziň. Görnüş belgisini tehniki hyzmat gapagynyň iç ýüzünden tapyp bilersiňiz. Tehniki hyzmat önümleri we model belgileri: - Kesmek aýyrýan ergin CA6700 - AquaClean filtri CA6903 - Gaýnadyş topary çalgy ýagy HD5061 - Kofe ýagyny aýyrýan tabletkalar CA6704 - Süýt kontury arassalaýjysy CA6705 - Tehniki hyzmat toplumy CA6707

Elektrik şnuryny çykaryp gaýtadan dakmak bilen gaýnadyjyny öçürip ýakyň.

Damja poddony çalt dolýar / damja poddonynda hemişe biraz suw bolýar.

Bu adaty ýagdaý bolup durýar. Gaýnadyjy içerki kontury we gaýnadyş toparyny ýuwup durlamak üçin, suwdan peýdalanýar. Biraz suw içerki ulgamyň içinden geçip, gönümel damja poddonyna tarap akýar.

Damja poddonyny her gün ýa-da damja poddonynyň gapagynda gyzyl reňkli "damja poddony doldy" görkezijisi çykan badyna boşadyň. Tär: çykýan ýuwup durlaýyş suwuny ýygnamak üçin, guýýan jürnügiň aşagyna çaşka goýuň.

"Kofe löderesi gabyny boşat" şekiljigi açyk durýar.

Gaýnadyş toparyny aýryp bilmeýärin.

Gaýnadyş topary dogry orunda däl.

Gaýnadyjyny şu aşakdaky görnüşde nol ediň: serwis gapysyny ýapyp, suw gabyny ýerine goýuň. Gaýnadyjyny öçürip, gaýtadan işlediň we içgiler şekiljigindäki çyralaryň ýanmagyna garaşyň. Gaýnadyş toparyny täzeden aýryp görüň. Ädimleýin görkezmeler üçin "Gaýnadyş toparyny aýyrmak we dakmak" babyna serediň.

Gaýnadyş toparyny girizip Gaýnadyş topary dogry orunda bilmeýärin. däl.

Gaýnadyjyny şu aşakdaky görnüşde nol ediň: serwis gapysyny ýapyp, suw gabyny ýerine goýuň. Gaýnadyş toparyny entek ýerine dakmaň. Gaýnadyjyny öçürip, tokdan sogruň. 30 sekunt garaşyp gaýnadyjyny täzeden toga dakyň, ony işlediň we içgiler şekiljigindäki çyralaryň ýanmagyna garaşyň. Soňra gaýnadyş toparyny dogry orna ýerleşdirip, ony täzeden gaýnadyja dakyň. Ädimleýin görkezmeler üçin "Gaýnadyş toparyny aýyrmak we dakmak" babyna serediň.

Gaýnadyş toparyny aýryp, kranda ýuwup durlaň we guramaga goýuň. Soňra hereket edýän bölekleri ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny ýaglamak').

Gaýnadyş topary hapa ýa-da ony ýaglamak gerek.

Kofe ýeterlik gyzgyn bolmaýar.

Kofe çykmaýar ýa-da haýal çykýar.

Gaýnadyjy öz-özüni sazlamak prosedurasyny ýerine ýetirýär. Gaýnadyjyny ilkinji gezek ulanan, kofe dänesiniň başga bir görnüşine geçen ýa-da uzak wagtlap ulanmadyk wagtyňyz, şu prosedura awtomatik başlanýar.

Gaýnadyjynyň öz-özüni sazlamak prosedurasyny tamamlamagy üçin ilkibaşda 5 çaşka kofe gaýnadyň.

Üweýji gaty iri sazlamada goýlan.

Sowuk çaşka içginiň temperaturasyny peseldýär.

Çaşkalary gyzgyn suw bilen ýuwup durlap, öňünden ýyladyň.

Süýt goşmak içginiň temperaturasyny peseldýär.

Gyzgyn ýa-da sowuk süýt goşsaňyz tapawudy ýok, süýt goşmak hemişe kofäniň temperaturasyny peseldýär. Çaşkalary gyzgyn suw bilen ýuwup durlap, öňünden ýyladyň.

AquaClean suw filtri dakylmaga talabalaýyk taýýarlanmandyr.

Kofe guýýan jürnügi we onuň deşiklerini turbajyk arassalaýjy ýa-da iňňe bilen arassalaň.

Üwelen kofe bölümi dykyldy

Gaýnadyjyny öçüriň we gaýnadyş toparyny aýryň. Üwelen kofe bölüminiň gapagyny açyp, oňa çemçe sapyny sokuň. Dykylan üwelen kofe aşak gaçýança, sapy aşakýokaryk süýşüriň (Sur. 24).

558 Türkmençe Mesele

Süýt köpürjiklemeýär.

Philips kesmek aýryjysy bilen, gaýnadyjynyň kesmegini aýryň (Ser. 'Kesmek aýyrmak prosedurasy'). Gaýnadyjy sizden soranda, hemişe kesmegi aýryň.

Içerki kapuçinator hapa ýa-da dogry dakylmandyr.

Içerki kapuçinatory arassalaň we onuň dogry ornaşdyrylandygyna we dakylandygyna göz ýetiriň (Ser. 'Içerki kapuçinatory krandan akýan suwda arassalamak').

Ulanylýan süýdüň görnüşi köpürjikletmäge ýaramsyz.

Süýdüň dürli görnüşleri dürli möçberde köpürjigini we dürli köpürjik hillerini emele getirýär.

Ulanýan süýdüňiz ýeterlikçe sowuk däl.

Göni sowadyjydan alnan sowuk süýdi ulanýandygyňyza göz ýetiriň.

Maýyşgak süýt turbajygy talabalaýyk birikdirilmedi.

Kofe paýlaýjy jürnügiň (Sur. 33) gapagyny açyň we maýyşgak süýt turbajygyň kapuçinatora doly birikdirilendigine göz ýetiriň (Sur. 39). Kapuçinator we süýt turbajyklaryň gyzgyn bolup biljekdigini ýatdan çykarmaň. Ellemezden ozal, kapuçinator we turbajyklaryň sowamagyna garaşyň.

Kapuçinator we süýt turbajyklary arassa däl.

Megerem, gaýnadyjyda syzma bar.

Gaýnadyjy içerki kontury we gaýnadyş toparyny ýuwup durlamak üçin, suwdan peýdalanýar. Ol suw içerki ulgamyň içinden geçip, gönümel damja poddonyna tarap akýar. Bu adaty ýagdaý bolup durýar.

Damja poddonyny her gün ýa-da damja poddonynyň gapagynda "damja poddony doldy" görkezijisi çykan badyna boşadyň. Tär: Çykýan ýuwup durlaýyş suwuny ýygnamak we damja poddonyndaky suwuň möçberini azaltmak üçin çaşka goýuň.

Damja poddony gaty doldy we çogdy, ol bolsa, gaýnadyjyny syzdyrýan ýaly edip görkezýär.

Damja poddonyny her gün ýa-da damja poddonynyň gapagynda "damja poddony doldy" görkezijisi çykan badyna boşadyň.

Suw gaby doly dakylmadyk, suw Suw gabynyň dogry orunda durandygyny gabyndan biraz suw syzýar we anyklaň: ony aýryň we mümkin boldugyça gaýnadyjynyň içine howa çekilýär. gaýnadyjynyň aňrysyna itekläp, täzeden dakyň. Gaýnadyş topary hapa/dykylan.

Gaýnadyş toparyny ýuwup durlaň.

Gaýnadyjy kese, tekiz ýerde goýulmadyk.

Damja poddonynyň çogmazlygy we "damja poddony doldy" görkezijisiniň talabalaýyk işlemegi üçin, gaýnadyjyny kese, tekiz ýerde goýuň.

AquaClean suw filtrini işjeňleşdirip bilmeýärin we gaýnadyjy kesmegiň aýrylmagy soraýar.

Ekran AquaClean ýatladyjysyny Ilki bilen gaýnadyjyňyzyň kesmegini aýryp, görkezensoň filtr dakylmandyr ýa- soňra AquaClean suw filtrini dakyň. da öz wagtynda çalşyrylmandyr. Ýagny, gaýnadyjyňyz indi hek kesmeginden doly saplanan däl.

Täze suw filtri ylaýyk bolmaýar.

Siz Philips-iň AquaClean suw filtrinden başga filtr dakmakçy bolýarsyňyz.

Gaýnadyjyňyza diňe Philips-iň AquaClean suw filtri ylaýyk bolýar.

AquaClean suw filtrindäki rezin halka öz ýerinde däl.

AquaClean suw filtrindäki rezin halkany yzyna öz ýerine goýuň.

Gaýnadyjyňyz ulanylýarka biraz ses çykarmagy adaty ýagdaýdyr.

Eger gaýnadyjy başgaça bir ses çykaryp ugrasa, gaýnadyş toparyny arassalaň we ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny ýaglamak').

AquaClean suw filtri dakylmaga talabalaýyk taýýarlanmandyr we häzir gaýnadyjynyň içine howa çekilýär.

AquaClean suw filtrini suw gabyndan aýryň we ony ulanyşa talabalaýyk taýýarlap, ýene ýerine dakyň. Ädimleýin görkezmeler üçin, "AquaClean suw filtri" babyna serediň.

Gaýnadyjy gaty ses çykarýar.

Suw gaby doly dakylmandyr we Suw gabynyň dogry orunda durandygyny gaýnadyjynyň içine howa çekilýär. anyklaň: ony aýryň we mümkin boldugyça gaýnadyjynyň aňrysyna itekläp, täzeden dakyň.

560 Türkmençe Mesele

Kofe gaýnadyjysy bilen Wi-Fi routeriň birek-birege arabaglanyşyk çäklerinde bolmagyna üns beriň.

Wi-Fi routeri talabalaýyk işlemeýär.

Wi-Fi routeriň talabalaýyk işleýändigine we internete birikdirilendigine göz ýetiriň.

Gaýnadyjy öýdäki Wi-Fi toruny tapyp bilmeýär.

Alexa ses dolandyryş we Amazon Smart Reorders hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmek üçin Amazon hasabyňyzy Saeco hasabyňyz bilen birikdirer ýaly gaýnadyjynyň dolandyryş panelindäki görkezmelerine eýeriň. Bellik: Bu aýratynlyklardan peýdalanyp bilmek üçin sizde Alexa programmasy ýada Alexa enjamy bolmaly we siz Amazonda Smart Reorders hyzmatyny işletmeli.

Gaýnadyjynyň Wi-Fi birikdirmesi işleýärdi, indi bolsa işlemeýär.

Siziň Wi-Fi atlandyrmaňyz we/ýada parolyňyz üýtgedildi.

"Wi-Fi-a birikmek" bölümindäki görkezmelere eýeriň we birikmek üçin täze Wi-Fi atlandyrmaly tory saýlaň.

Wi-Fi paroly üýtgedildi.

"Wi-Fi-a birikmek" bölümindäki görkezmelere eýeriň we täze Wi-Fi paroly giriziň.

Wi-Fi routeriňiz talabalaýyk işlemeýär.

Routeri barlaň we onuň işleýändigine göz ýetiriň.

Elektromagnit ýa-da beýleki päsgelçilikler sebäpli Wi-Fi birikmesiniň arabaglanyşygy gopup biler.

Wi-Fi birikmesini gaýtadan barlamak üçin gaýnadyjyny öçüriň we tokdan sogruň, soňra gaýnadyjyny gaýtadan toga dakyň we işlediň.

Elektrik şnuryň uzynlygy

Nominal güýjenme — Toguň güýji — Tok üpjünçiligi Serwis gapysynyň iç ýüzündäki maglumat etiketkasyna serediň Wi-Fi ýygylygyň diapazony