Sonicare for Kids Connected HX6352 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy
Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare for Kids Connected HX6352 PHILIPS PDF formatynda.
| Broşuň görnüşi | Çagalar üçin elektrik soniki diş çotgasy |
| Markasy | Philips |
| Modeli | Sonicare for Kids Connected HX6352 |
| Iýmitlenişi | Litium-ion gaýtadan zarýadlanýan batareýa, HX6100 zarýadka |
| Özbaşdak iş wagty | 2 minutdan 28 gezek diş çotgalamaga çenli (14 gün) |
| Zarýad wagty | Doly zarýad üçin takmynan 24 sagat |
| Diş çotgalamak režimleri | Pes režim (pes güýç) we ýokary režim (doly güýç) |
| Funksiýalary | KidPacer (4 zonaly wagtlama), KidTimer (soňky melodiya), EasyStart (kem-kemden güýç artdyrma) |
| Baglanyşyklylyk | Bluetooth (2,4 GHz, 3 dBm) we NFC (13,56 MHz, 30,16 dBm) modeline bagly |
| Mobil goýma | Sonicare for Kids (iOS we Android) |
| Çotga kelleleri | Sonicare For Kids, her 3 aýda çalyşylmaly |
| Howpsuzlyk | 8 ýaşdan kiçi çagalar üçin ulularyň gözegçiliginde ulanyň; dowamly gan akma ýagdaýynda ulanmaň |
| Ideg etmek | Tutawajy nemli mata bilen arassalaň; her ulanyşdan soň çotga kellesini ýuwuň |
| Kepillik | Halkara kepillik (bukletä serediň) |
| Goşmaça enjamlar | Çotga kelleleri, zarýad stend, stiker, syýahat gutusy (modeline bagly) |
| Gaýtadan işlemek | Goşulan batareýany gaýtadan işlemeli; öý haýat bilen taşlamaly däl |
Köplenç soralýan soraglar - Sonicare for Kids Connected HX6352 PHILIPS
Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare for Kids Connected HX6352 PHILIPS
0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.
Bu enjam barada täze sorag beriň
Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare for Kids Connected HX6352 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare for Kids Connected HX6352 markalaryň PHILIPS.
ULANYJY GOLLANMASY Sonicare for Kids Connected HX6352 PHILIPS
Bu önümi diñe onuň niyetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.
Duýduryşlar
- Zarýadnikleri suwdan uzakda saklaň.
- Arassalanyňyzdan soň, zarýadnigi diwar rozetkasyna dakmazdan öň doly guradyň.
- Enjamy çagalar, şeyle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boyunça gözükdirijiler berlen ya-da howpsuz ulanmak boyunça gözegçilik astyndaky we değişli howplar özlerine mälim edilen yagdaýynda fiziki, duýgurlyk ya-da zehin ukyplary pes ya-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge değişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.
- Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
- Diñe hakyky Philips esbaplaryny yá-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diñe önümiň yany bilen berlen zarádnigi ulanyň.
- Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň. Eger şnura zeper ýeten bolsa, zarýadnigi täzesi bilen çalşyryň.
- Zarýadnikleri daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda ulanmaň.
- Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç yuwujyda arassalamaň.
-
Bu enjam diñe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin dizayın edilendir.
-
Gyllary mynjiyran yá-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aydan yá-da könelme alamatlary yüze çyksa, ondan hem ir çalşyryň.
- Düzüminde efir yaglary ya-da kokos yagy bar bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
- Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama yüze çyksa, ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň yüze çykmaga dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman bilen maslahatlaşyn.
- Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň stomatologyňyz bilen maslahatlaşyn.
- Eger size kardiostimulýator yá-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza yá-da implant enjamyň öndürijisine yüz tutuň.
- Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik klinikada ya-da edarada birnäge näsagda ulanmak üçin niyetlenilmeyär.
- Bu enjamda diñe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar bar.
- Bu önümi diñe onuň niyetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün edilýän esbaplar dürli önünemlerde dürli bolup biler.
- Diñe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diñe aýryp bolýan HX6100 tok üpjünçilik bloguny ulanyň.
- Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.
-
Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günün göni düşyän şöhlesine yá-da ýokary temperaturalara sezewar etmään.
-
Eger önlem adatdan daşary gyzsa yá-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese yá-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e yüz tutuň.
- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.
- Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, gaytadan işlemek baradaky bölüme serediň.
- Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.
Saklamagyň we daşamagyň şertleri
Temperatura -10 °C bilen 60 °C.
Radio enjam direktiwasy
Şunlukda, Philips radioenjam görnüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.
- Degişli önümlerdäki Bluetooth radioýygylyk interfeýsi 2,4 GHz ýygylykda işleýär.
- Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.
- Degişli önümlerdäki NFC radioyygylyk interfeýsi 13,56 MHz ýygylykda işleýär.
- Enjamyn geçirýän maksimal RÝ kuwwatlygy 30,16 dBm.
YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir:
Bellik: Dürli modelleriň esbaplary we aýratynlyklary dürlüçe bolýar. Mysal üçin, käbir modelleriň ýany bilen syýahat çeholy berilýär ýa-da Bluetooth goýlan bolýar.
Bellik: Diş çotgasyny işleden wagtyňyz, onuň zarýadnikde däldigini anyklaň.
5 Programma arkaly ene-ata maglumat paneli üçin Philips hasabyny dörediň. Iň täze gowulandyrmalara we ayratynlyklara girmek üçin, eger soralsa, proşiwka täzelemesini tamamlaň.
6 Programm diş çotgasy bilen awtomatik birigyär. Eger diş çotgasy birikmese, programmada görkezilýän guratlama ädimlerini berjaý ediň.
Bellik: Diş çotgaňyzy ulanýan wagtyňyz, mobil enjamyňyzy diş çotgaňyza ýakynda saklaň. Mobil enjamyňyzyň gury ýerde howpsuz durandygyny anyklaň.
Programma aýratynlyklary
Sonicare for Kids programmasy aşakdaky aýratynlyklary üpjün edýär:
- Çaganyň çotgalama režimini yzarlamak ukyby
-
Ene-ata maglumat paneli
-
Çaganyň çotgalamak režimini görmekde ulanylýar.
- Çaga Programmany ulanman çotgalan wagty, sylaglary bermekde ulanylyar.
- Çotgalama bassyryna dowam etmegi ÿa-da ony düzetmegi öwmekde ulanylýar.
Ulanmaga başlamak
Halaýan stikeriňizi ulanmak
Sonicare For Kids çalşyrylýan stikerler bilen bilelikde berilýär.

1 Halaýan stikeriňizi tutawaçda ulanyň.
1 Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip durar ýaly edip, nasadkany deňlăň.
2 Nasadkany metal walyň üstüne ol aňryk baryp direyänçä dzümli basyň.
Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.
Eger Sonicare for Kids diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare for Kids elektrikli diş çotgaňyza geçmäge kömek etmek üçin, onda EasyStart aýratynlygy işleňleşdirilgi gelýär. Bu aýratynlyk Philips Sonicare for Kids diş çotgasy bilen çotgalamaga uýgunlaşmagyňyza kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär.
Bellik: 8 yâşamadyk çagalar üçin, diş çotgalamagy ene-atanyň ya-da uly yaşly idegçiniň yerine yetirip bermegi maslahat berilýär.
2 Diş çotgasynyň gyllaryny çalaja (45 gradus burçda) dişlere ýerleşdiriň. Gyllar diş eti çzygyna ýeter ýa-da ondan biraz geçer ýaly edip, dözümli basyň.
Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

6 Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň, dişleriň çeýneýän we goşmaça üns berilmeli yerlerini çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz. Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ýa-da öçürip, diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgaňyzy ortodontik skobalarda (nasadka skobada ulanylanda çalt könelýär) we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler, winirler) ulanmak howpsuzdyr.
KidPacer

flowchart
graph TD
A["①"] --> B["②"]
B --> C["③"]
C --> D["④"]
D --> E["⑤"]
E --> A
Tutuş agyzda gyradeň çotgalamak üçin, KidPacer aýratynlygy arkaly agyz boşlugyňyzy 4 bölege bölüň. KidPacer çotgalama wagtyny 4 sany deň bölege bölýär we indiki zolaga geçmeli wagtyňyzy görkezýär. Ol bölekler gysgajyk saz bilen görkezilýär. Diş çotgasy çotgalama seansynyň ahyrynda awtomatik durýar we gutlag sazyny çalýar.
Bellik: Çagaňyza diş çotgalamagy gutlag sazy çalynyp, diş çotgasy öçýänçâ dowam etdirmegi öwrediň.
Tertipler
Pes tertip Úokary tertip
| Yeňillik Yaş çagalara Sonicare tejribesini öwretmek we tanyşdyrmak üçin ulanylýan azaldylan energiýa tertibi. | Uly ýaşly/özbaşdak çotgalaýjylar üçin dizayın edilen doly güyçdäki tertip. | |
| Maslahat berilýän nasadka | Sonicare for Kids Sonic diş çotga nasadkasy | Sonicare for Kids Sonic diş çotga nasadkasy |
| Jemi çotgalama wagty 2 minut (KidTimer-e serediň) | 2 minut | |
Çotgalaýys usuly![]() | ![]() | |
Aýratynlyklar
- KidPacer
- KidTimer
- EasyStart
KidPacer
KidPacer agyz boşlugyny 4 bölege bölmek arkaly, çagaňyzyň tutuş agyzda gyradeň çotgalamagyna kömek edýän aralyk taýmeri bolup durýar.
KidTimer
- KidTimer önünden bellenilen çotgalama wagtynyň ahyrynda gutlag sazyny çalýar. Mundan başga-da, KidTimer çotgalama döwrăniziň gutaranda tutawajy awtomatik öçürýär.
- Ýokary tertipde KidTimer 2 minuta bellenilýär.
- Pes tertipde KidTimer 1 minuta bellenilýär we wagtyň geçmegi bilen hayaljakdan yokarlanyar. Çotgalama wagtynyň şeýdip hayal yokarlanmagy yaş çagalaryň lukman tarapyndan maslahat berilýän 2 minutlyk çotgalama yetmegine kömek edýär.
Bellik: Çagaňyza diş çotgalamagy gutlag sazy çalynyp, diş çotgasy öçýänçâ dowam etdirmegi öwrediň.
EasyStart
Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy işjeňleşen görnüşde gelýär. EasyStart aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiñize kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär.
Bellik: EasyStart başlangıç döwresiniň üsti bilen talabalaýyk öne gitmek üçin, ilkinji 14 sany çotgalamanyň her biri azyndan 1 minut uzynlykda bolmalydyr.
Eger 1 sany bipleme eşitseñiz, ol EasyStart aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini aňladýar.
YÁ-DA
Eger 2 sany bipleme eşitseñiz, ol EasyStart aýratynlygynyň işjeňleşendigini aňladýar.
Ädim 3: Bipleme eşideniñizde, energiya düwmesini goýberiň.
Bellik: Easy-start aýratnlygyny ilkibaşdaky döwürden soň ulanmak maslahat berilmeýär, sebäbi ol Sonicare-iň daşlary aýryrmakdaky netijeliligini peseldýär.
Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy
Bu Philips Sonicare for Kids diş çotgasy azyndan 28 sany çotgalama seansy üçin niyetlenilmek bilen, her seams doly zarýad berlen batareýada 2 minuta çekýär (eger günde iki gezek ulanylsa, 14 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniñizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär.
Zarýadnikde zarýad bermek
1 Zarýadnigi rozetka dakyň.
2 Tutawajy zarýadnige yerleşdiriň.
- Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp, tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny tassyklaýar.
- Batareía görkezijisiniň yanyp sönýän çyrasy tutawajyň zarýad alýandygyny görkezýär.
- Tutawaç zarýadnikde doly zarýad alanda, batareýa görkezijisi 10 sekuntlap ýasyl reňkde ýanýar we soňra sönýär.
Batareía yagdayy
Batareya yagdayy (tutawaç toga dakylgy zarýadnigiň üstünde dur)
Tutawaç zarýadnigiň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.
Batareía yagdaíy Batareía görkezijisi
| Zarýad alýar Yasyl reňkde yanyp sönýär. | |
| Doly 10 sekunda çenli sönmän yasylreňkde yanýar we soňra sönýär. | |
| Batareýa yagdaýy (tutawaç zarýadnigiň üstündedäl wagty)Diş çotgasy oýa wagty, energiýa düwmelerindäkibatareýa görkezijisi çyrasy batareýanyň derejesinigörkezýär. | |
Diş çotgasynyň tutawajy

1 Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman aýryň.
Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip biler.
2 Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Syýahat gapagyny näçe ýygylykda zerur bolsa ýuwup durlaň.
Zarýadnik
1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Syýahat çeholy
Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.
Saklamak
Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýän salkyn, gury yerde saklaň.
Çalşyrmak
Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Sonicare for Kids ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.
Model belgisiniň yerini tapmak
Model belgisi (HX63XX) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.
Kepillik we goldaw
Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.
KEPILLIK ÇÄKLENDIRMELERI
- Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny öz içine alýan agyz nasadkalarynda.
- Ygtyyar berilmedik ätiyaçlyk şaylaryň ya-da ygtyyar berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy sebäpli yüze çykan zeper.
- Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze sykan zeper.
- Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çzyzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.
Gaytadan işlemek

- Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.
- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda yygnamak boýunça öz yurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.
Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän batareýany diňe ýörite hünärli ussa aýryrmalydyr. Batareýany aýrymazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.
Zarýad berilýän batareýany aýrymak
DÜZÜMINDE ZARYAD BERILYÄN LITIY-ION ÖYJÜK BAR. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI YA-DA TALABALAYYK ZYNYLMALY.
Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän batareýany diňe ýörite hünärli ussa aýryrmalydyr.
Batareýany aýrmazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.
Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi, barmaklaryňzy we üstünde işleýän yeriňizi goraň.
Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň önüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňñeler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.
Zarýad berilýän batareýany aýrymak üçin, size ýasy (standart) towlaýjy gerek. Aşakda görkezilýän prosedurany ýerine ýetirýärkäñiz, esasy howpsuzlyk çärelerini berjaý ediň.
1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, Philips Sonicare for Kids-i açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi Philips Sonicare for Kids-i işledip bolmajak derejä çenli gaýtalaň.
2 Nasadkany aýryp zyňyň.
3 Towlaýjyny tutawajyň aşagyndaky deşige giriziň we aşaky gapajyk bilen tutawajyň arasynda boşluk görýänçäñiz, towlaýjyny sagadyň tersine towlaň.

4 Towlaýjyny boşluga giriziň we aşaky gapajygy tutawaçdan aýryň.
5 Tutawajy başaşak saklaň we şnegi basyp, tutawajyň içerki komponentlerini boşadyň.
6 Towlaýjyny elektron shema platasynyň aşagyna, batareýa birikmeleriniň ýanyna goýuň we ony towlap birikmeleri döwüň. Elektron shema platasyny aýryň we batareýany plastik saklaýjydan aýryň.
7 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.
Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan häzir boluň.
8 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň.
Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýyardyr.
Bellik: Hyzmat ömri guataransoň, enjamy adaty hojalyk zibiline taşlamaň-da, resmi utilizasiýa ýygnaýyş nokadyna tabşyryň. Şeyle etmek bilen, daşky gurşawy gorap saklamaga kömek edýärsiňiz.

