PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Elektrik diş çotgasy

Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Elektrik diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 PHILIPS PDF formatynda.

📄 816 sahypa Türkmen TK Ýükläň 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - page 534
Pick your language and provide your email: we'll send you a specifically translated version.

Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 PHILIPS

0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.

Bu enjam barada täze sorag beriň

E-poçta hususylykda galýar: diňe biriniň soragyňyza jogap berende sizi habar bermek üçin ulanylýar.

Heniz sorag ýok. Ilkinji sorag berýäniň siz boluň.

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Elektrik diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 PHILIPS

Bu diş çotgasy has kämil daş aýrymaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiňiz.

  • Zarýadnikleri suwdan uzakda saklaň.
  • Arassalanyňyzdan soň, zarýadnikleri USB zarýadnige dakmazdan öň doly guradyň.
  • Enjamy çagalar, şeyle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boyunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boyunça gözegçilik astyndaky we degişli howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.

- Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.

- Diñe hakyky Philips esbaplaryny yá-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diñe önümiň yany bilen berlen zarádnigi ulanyň. Eger berlen bolsa, diñe original USB kabelini we USB tok üpjünçilik bloguny ulanyň.

- Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň. Eger şnura zeper ýeten bolsa, zarýadnigi täzesi bilen çalşyryň.

- Zarýadnikleri daşarda yá-da gyzgyn üstleriň golaýynda ulanmaň.

- Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň stomatologyňyz bilen maslahatlaşyn.

- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.

- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.

- Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, gaytadan işlemek baradaky bölüme serediň.

- Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.

- Batareýleri elläniñizde elleriňiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.

- Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýalaryň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.

- Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.

Saklamagyň we daşamagyň şertleri

Temperatura -10 °C bilen 60 °C.

Elektromagnit meýdanlary (EMF)

Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.

Radio enjam direktiwasy

Şunlukda, Philips radioenjam görnüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.

  • Degişli önümlerdäki Bluetooth radioýygylyk interfeýsi 2,4 GHz ýygylykda işleýär.
  • Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.
  • Degişli önümlerdäki NFC radioyygylyk interfeýsi 13,56 MHz yygylykda işleýär.
  • Enjamyn geçiryan maksimal RY kuwwatlygy 30,16 dBm.

YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir:

Sonicare DiamondClean Smart seriýaly elektrikli diş çotgalary dişiň çüýremegini azaltmak we agyz saglygyny saklamak maksady bilen, dişlerdäki daşy hem-de iýmit galyndylaryny aýryrmaklyga niyetlenilýär. Sonicare DiamondClean Smart seriýaly elektrikli diş çotgalary şahsy ulanmaklyga niyetlenilýär. Çagalaryň ulanmagy ulularyň gözegçiligi astynda bolmalydyr.

Philips Sonicare enjamyňyz (Şek. 1.)

1 Sonicare programmasyny telefonyňyza göçürip alyň.
2 Telefonyňyzda Bluetooth-yň açykdygyny anyklaň.
3 İşjeňdigini (çyrasynyň yanýandygyny) anyklamak üçin, diş çotgaňyzy eliňize alyň.
4 Programmany açyp, ädimleri berjaý ediň.
5 Diş çotgaňyzy programma bilen jübütläň.

6 Programma arkaly öz hasabyňyzy dörediň. Iň täze gowulandyrmalara we aýratynlyklara girmek üçin, eger soralsa, prošiwka täzelemesini tamamlaň.
7 Diş çotgaňyzy programma birikdirip, wagtly-wagtyna çotgalaň. Diş çotgasyny wagtly-wagtyna programma bilen sinhronlasaňyz, agyz saglygy idegiňizi gowulandyrmaga kömek edýän täzelemeleri alarsyňyz.
8 Wagtly-wagtyna sinhronlaň.
9 Optimal maglumat geçiriş üçin, telefonyňyzy diş çotgaňyzyň golaýynda saklaň.

El bilen sinhronlamak üçin: Programmanyň aýratynlyklaryndan/mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin, diş çotgaňyzy her iki hepeden programma bilen jübütlän/birikdiriň.

Awtomatik sinhronlamak üçin: Programmany sazlaýarkaňyz, yerleşiş rugsadyny beriň. Yerleşiş rugsadyny bermek arkaly, telefonyňyz diş çotgaňyza birikme çägine girende muny bilýär we çotgalama maglumatyňyzy programmada täzelendirip, iň täze çintgemeleri we maslahatlary üpjün edip bilýär.

Bellik: Programmany ulanýarkaňyz, telefonyň Bluetooth-y açyk bolsun, şonda diş çotgaňyz çotgalama maglumatyňzy programma geçirip we täzeläp bilýär. Eger çotgalama maglumatyňzyyň näme üçin ýygnalýandygy barada soraglaryňyz bar bolsa, programmany sazlamak prosesiniň dowamynda elýeterli bolýan Sonicare Gizlinlik beýannamasyny hökman gözden geçiriň.

Programma aýratynlyklary

Sonicare elektrikli diş çotgaňyz size çotgalama endikleriňiz barada seslenme üpjün edýän akylly sensorlar bilen enjamlaşdyrylandyr, şol sanda:

Sonicare programmasy akylly sensorlar tarapyndan üpjün edilýän maglumaty ùygnaýar we çotgalama endikleriňizi wagta görä yzarlaýar.

Ulanmaga başlamak

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Ulanmaga başlamak - 1

1 Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip durar ýaly edip, nasadkany deňlăň.

2 Nasadkany metal walyň üstüne ol aňryk baryp direyänçä dzümli basyň.

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.

Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basys ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň.

Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmegiňize kömegi deger ýaly, ilkibaşda 1–2 hepdeläp pes ýygjamlyk sazlamasyny ulanyň, şondan soň has ýokary sazlama geçiň.

2 Diş çotgasynyň gyllaryny çalaja (45 gradus burçda) dişlere ýerleşdiriň. Gyllar diş eti çzygyna ýeter ýa-da ondan biraz geçer ýaly edip, dözümli basyň.

Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly edip, çalaja öne-yza hereket etdirip, dişleriňizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwrăniziň dowamynda dowam ediň.

Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen ulanylyan diş çotgasynda bolsy ýaly, gazalap çotgalamak maslahat berilmeýär.

Bellik: Eger gaty köp basyş etseñiz, tutawajyň titremesi üýtgäp we çotgalama seslenmesi çyrasy mawy reňkde ýanyp sönüp, size hablar berer.

6 Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň, dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän yerlerini çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz. Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ya-da öçürip, diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.

Bellik: Philips Sonicare diş çotgaňyzy ortodontik skobalarda (nasadka skobada ulanylanda çalt könelýär) we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler, winirler) ulanmak howpsuzdyr.

BrushPacer

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - BrushPacer - 1

Rahat bolan iň aňry çäge çenli arassalaň.

  1. Agzyňyzy çaýkaň we prosedurany ýene iki gezek gaýtalaň.

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - BrushPacer - 2

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - BrushPacer - 3

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - BrushPacer - 4

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - BrushPacer - 5

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - BrushPacer - 6

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - BrushPacer - 7

*Bellik: "Deep Clean+" tertibinde Philips Sonicare programmasy bilen çotgalaýarkaňyz, programma birigen bolsa, çotgalama wagty 2 minut, programma birikmedik bolsa, 3 minut dowam eder.

Ýygjamlyklar

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Ýygjamlyklar - 1

BrushSync tehnologiýasy

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - BrushSync tehnologiýasy - 1

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.

BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:

  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
  • BrushSync tertibi jübütlemesi
    Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.

Aýratynlyklar

  • Basys sensory seslenmesi
  • BrushPacer
  • SmarTimer
  • Nasadka tertibi jübütlemesi
  • EasyStart
  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş

Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşıňyzy ölçeýär.

Eger artykmaç basyş etseñiz, tutawaç tä basyşy azaldýançaňyz öz titremesini üýtgedýär we tutawajyň aşagyndaky çotgalama seslenme çyrasy mawy reňkde ýanyp sönýär.

SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräniziň tamam bolandygyny görkezýär.

Bellik: Maslahat berilýän sazlamadan tertibi/ýygjamlygy üýtgetmegi saýlasaňyz, nasadka şol saylan sazlamaňyzy soňraky çotgalama seanslaryňyzda ýadynda saklar.

EasyStart

Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy deaktiwirlenen görnüşde gelýär. EasyStart işjeňleşdirmek üçin (ser. "Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek"). EasyStart aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiñize kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär.

EasyStart aýratynlygy ähli tertiplerde işleyär.

1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç nasadkany çalşyrmagyn amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlayar. Bu aýratynlyk dişleriñize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.
3 Nasadkany çalışyrmagy yatladyş cyrasy sary reňkde yananda, nasadkany çalışyrmagyňyz gerek.

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - EasyStart - 1

Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:

Zarýad beriş we batareya ýagdayy

Bu Philips Sonicare diş çotgasy azyndan 28 sany çotgalama seansy üçin niyetlenilmek bilen, her seams doly zarýad berlen batareýada 2 minuta çekýär (eger günde iki gezek ulanylsa, 14 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniñizde yá-da ol zarýad alyp durka batareýa yagdaýyny görkezýär.

Zarýad beriş bazasynda zarýad bermek

1 Zarýad beriş bazasynyň şnuruny rozetka dakyň.
2 Zarýad beriş podstawkasyny ya-da zarýad beriş bulguryny zarýad beriş bazasynyň üstünde goýuň.
3 Tutawajy zarýad beriş podstawkasyna ya-da zarýad beriş bulguryna yerleşdiriň.

- Batareya görkeziji we çyra halkasy ak reňkde yagtylýar we tutawaç iki gezek bipleýär. Ol diş çotgasynyň zarýad alyp başladygyny görkezýär.

4 Zarýadnik diş çotgaňyza dolýança zarýad berer.

- Batareÿa görkezijisi ak reñkde ïanyp sönýärkä, tutawaç zarýad alyp durýar. Tutawaç doly zarýad alanda, batareÿa görkezijisi 30 sekuntlap ak reñkde ïanýar we soňra sönýär.

Syýahat çeholy bilen zarýad bermek

1 Zarýad beriş syýahat çeholynyň aşagyndan USB kabeli alyň. 2 Zarýad beriş syýahat çeholyny şu aşağıdaki laryn birinden gelýän 5 woltluk hemişelik toga USB kabel arkaly birikdiriň:

  • Berlen USB adapteri
  • UL talaplaryna laýyk gelýän ya-da ANSI/UL 60950-1 standardy boýunça sertifikatlanan şahsy kompýuteriň standart USB razýomy, ya-da
  • UL talaplaryna laýyk gelýän yá-da ANSI/UL 60950-1 LPS standardy boýunça sertifikatlanan, USB çykyş portly tok çeşmesi, yá-da
  • UL talaplaryna laýyk gelýän yá-da 1310 Class 2 standardy boýunça sertifikatlanan tok çeşmesi.

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Syýahat çeholy bilen zarýad bermek - 1

3 Tutawajy syýahat çeholyna yerleşdiriň. Syýahat çeholy diş çotgaňyza dolýança zarýad berýär.

Batareía yagdayy

Batareya yagdayy (tutawaç işläp duran zarýadnige/syýahat çeholyna dakylgy wagty) Tutawaç işläp duran zarýadnige/syýahat çeholyna dakylgy wagty:

Tutawaç zarýadnigiň ya-da zarýad beriş syýahat çeholynyň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.

Batareía yagdaíy Batareía görkezijisi

Zarýad alýar Ak reňkde ýanyp sönýär
Doly 30 sekuntlap ýanyp durýar we soňrasönýär
Batareýa ýagdaýy (tutawaç zarýadnikde/syýahat çeholynda goýulmadyk wagty)Tutawaç zarýadnige/syýahat çeholyna dakylgy däl wagty:Diş çotgasy oýa wagty, tutawajyň aşagyndaky batareýa görkezijisi batareýanyň derejesini görkezýär.
Doly Ak reňkde ýanyp durýar -
Bölekleýin doly Ak reňkde ýanyp sönýär -
Pes Sary reňkde ýanypsönýärTutawaç çotgalamadan soň 3 bipleme sesini çykarýar
Boş Sary reňkde ýanypsönýärTutawaç çotgalamadan soň 2 tapgyr 5 bipleme sesini çykarýar

Bellik: Energiya tygşıtlamak üçin, batareya görkezijisi ulanylmayaan wagty öçer.

Bellik: Batareýanyň zarýady doly çökende, diş çotgasy öçýär. Diş çotgasyny zarýadnige yerleşdirip, zarýad beriň.

Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.

Arassalamak

Diş çotgasynyň tutawajy

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Diş çotgasynyň tutawajy - 1

1 Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman aýryň.

Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip biler.

2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy rakowina kakmaň.

Nasadka

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Nasadka - 1

2 Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Syýahat gapagyny näçe ýygylykda zerur bolsa ýuwup durlaň.

Zarýadnik

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.

2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Syýahat çeholy

Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.

Zarýad beriş syýahat çeholy

1 Zarýad beriş syýahat çeholyny arassalamazdan öň tokdan aýryň.

2 Syýahat çeholynyň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Saklamak

Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýän salkyn, gury yerde saklaň.

Çalşyrmak

Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.

Model belgisiniň yerini tapmak

Model belgisi (HX99XX) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.

Kepillik we goldaw

Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.

KEPILLIK ÇÄKLENDIRMELERI

  • Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny öz içine alýan agyz nasadkalarynda.
  • Ygtyyar berilmedik ätiyaçlyk şaylaryň ya-da ygtyyar berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy sebäpli yüze çykan zeper.
  • Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze sykan zeper.
  • Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.

Gaýtadan işlemek

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Gaýtadan işlemek - 1

  • Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.
  • Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda yygnamak boýunça öz yurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.

Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän batareýany diňe ýörite hünärli ussa aýryrmalydyr. Batareýany aýrymazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.

Zarýad berilýän batareýany aýrymak

Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän batareýany diňe ýörite hünärli ussa aýryrmalydyr. Batareýany aýrymazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.

Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi, barmaklaryňzy we üstünde işleýän yeriňizi goraň.

Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.

Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň önüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.

Zarýad berilýän batareýany aýrymak üçin, size polotense yá-da mata, çekiç we ýasy (standart) towlaýjy gerek.

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Zarýad berilýän batareýany aýrymak - 1

Aşakda görkezilýän prosedurany yerine yetirýärkäñiz, esasy howpsuzlyk çärelerini berjaý ediň.

1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, diş çotgasyny açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi diş çotgasyny işledip bolmajak derejä çenli gaytalaň.

2 Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense ýada mata bilen ýapyň.

3 Tutawajyň ýokarky bölegini bir elde saklap, tutawajyň korpusynyň aşaky ujundan 1,27 sm ýokarsyny uruň. Uçky gapajygy çykarmak üçin, çekiç bilen 4 tarapyndan közümli uruň.

Bellik: İçerki ilgiçleri döwmek üçin, tutawajyň ujuny birnäçe gezek urmaly bolmagyňyz mümkin.

4 Uçky gapajygy diş çotgasynyň tutawajyndan ayryň. Eger uçky gapajyk koprusdan ÿeñillik bilen sypmasa, tä uçky gapajyk sypýança ädim 3-i gaýtalaň.

5 Tutawajy başasak saklap, waly gaty üste basyň. Eger içerki komponentler koprusdan ýeňillik bilen sypmasa, tâ içerki komponentler sypýança ädim 3-i gaýtalaň.

PHILIPS Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917 - Zarýad berilýän batareýany aýrymak - 2

6 Batareya bilen içerki komponentleriň aşagyndaky gara çarçuwanyň arasyna towlaýjyny sokuň. Soňra batareýany towlaýjy arkaly galdyryp, gara çarçuwanyň aşagyny döwüň.
7 Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen gara çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany ýasyl çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.
8 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.

Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan häzir boluň.

9 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň. Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýyardyr.

Bellik: Hyzmat ömri guataransoň, enjamy adaty hojalyk zibiline taşlamaň-da, resmi utilizasiýa ýygnaýyş nokadyna tabşyryň. Şeyle etmek bilen, daşky gurşawy gorap saklamaga kömek edýärsiňiz.

Εισαγωγή

Gollanma kömekçisi
Anthropic tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare DiamondClean Smart 9400 HX9917

Kategoriýa : Elektrik diş çotgasy