Sonicare ExpertClean 7300 HX9641 - Elektrik diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy
Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare ExpertClean 7300 HX9641 PHILIPS PDF formatynda.
Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare ExpertClean 7300 HX9641 PHILIPS
0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.
Bu enjam barada täze sorag beriň
Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Elektrik diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare ExpertClean 7300 HX9641 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare ExpertClean 7300 HX9641 markalaryň PHILIPS.
ULANYJY GOLLANMASY Sonicare ExpertClean 7300 HX9641 PHILIPS
Philips Sonicare maşgalasyna hoş geldiñiz! Bu diş çotgasy has kämil daş aýrymaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiñiz.
Bu önümi diñe onuň niyetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.
Duýduryşlar
- Zarýadnikleri we ultramelewse dezinfektory suwdan uzakda saklaň.
- Arassalanyňyzdan soň, zarýadnigi we/ýa-da dezinfektory diwar rozetkasyna dakmazdan öň doly guradyň.
- Enjamy çagalar, şeyle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boyunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boyunça gözegçilik astyndaky we değişli howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda dâl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge değişli abatlaýyş işlerini geçirmeli dâl.
- Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
-
Diñe hakyky Philips esbaplaryny yá-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diñe önümiň yany bilen berlen zarádnigi ulanyň. Eger berlen bolsa, diñe original USB kabelini we USB tok üpjünçilik bloguny ulanyň.
-
Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň. Diňe şnurly enjamlar: Eger şnura zeper ýetse, dezinfektorly zarýadnigi täzesi bilen çalşyryň.
- Zarýadnigi we/ýa-da dezinfektory daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda ulanmaň.
- Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç yuwujyda arassalamaň.
- Bu enjam diñe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin dizayın edilendir.
- Dezinfektory hemişe çagalaryň el ýeterinden uzakda goýuň.
- Eger gapy açık wagty ultramelewşe çyra ýanyp duran bolsa, dezinfektory ulanmagy bes ediň. Ultramelewşe çyra adamyň gözüne we tenine zyíanly bolup bilýär.
- Dezinfektory diñe gorag ekrany bilen ulanyň.
- Ultramelewse dezinfektoryn ultramelewse cyrasyna gyzgyn wagty degmän.
- Gyllary mynjiyran yá-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aydan yá-da könelme alamatlary yüze çyksa, ondan hem ir çalşyryň.
- Düzüminde efir yaglary ya-da kokos yagy bar bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
- Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama yüze çyksa, ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň yüze çykmaga dowam etse yá-da bimazalyk yá-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman bilen maslahatlaşyn.
- Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň stomatologyňyz bilen maslahatlaşyn.
- Eger size kardiostimulýator yá-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza yá-da implant enjamyn öndürijisine yüz tutuň.
- Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Bu önlem şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik klinikada ya-da edarada birnäge näsagda ulaşmak üçin niyetlenilmeyär.
- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.
- Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, gaytadan işlemek baradaky bölüme serediň.
- Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.
- Batareýleri elläniñizde elleriňiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
- Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýalaryň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşyän plýonka ýelmään ya-da batareýleri plastik haltajyga salyň.
- Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.
Saklamagyň we daşamagyň şertleri
Temperatura -10 °C bilen 60 °C.
Elektromagnit meýdanlary (EMF)
Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.
Radio enjam direktiwasy
Şunlukda, Philips radioenjam görnüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.
- Degişli önümlerdäki Bluetooth radioýgylyk interfeýsi 2,4 GHz ýygylykda işleýär.
- Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.
- Degişli önümlerdäki NFC radioyygylyk interfeýsi 13,56 MHz yygylykda işleýär.
- Enjamyn geçirýän maksimal RÝ kuwwatlygy 30,16 dBm.
YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir:
Önümde şu aşağıdaki simwollaryň görünmegi mümkin: Operatoryň Gollanmasyny okaň.
Dakylyan tok beriş blogy: "xxxxx" ulanylmak üçin tassyklanylan zarýadnikleriň model belgisini görkezýär. (TCBxxxx, HX6100, HX6110, HX6160 ya-da WAAxxxx)
Niyetlenilýän ulanys
13 Zarýad beriş syýahat çeholy
14 USB-A diwar adapteri
15 USB-A kabeli
16 Ultramelewse dezinfektor we zarýadnik
- Yeñillikleriň doly assortimentine girinň we dowam edýän beýgeltmeleri alyň
Programma köp sanly mobil enjamlar bilen ylalaşykly işleýär.
3 İşjeňdigini (çyrasynyň yanýandygyny) anyklamak üçin, diş çotgaňyzy eliñize alyň.
4 Programmany açyp, ädimleri berjaý ediň.
5 Diş çotgaňyzy programma bilen jübütläň.
6 Programma arkaly öz hasabyňyzy dörediň. Iň täze gowulandyrmalara we aýratynlyklara girmek üçin, eger soralsa, prošiwka täzelemesini tamamlaň.
7 Diş çotgaňyzy programma birikdirip, wagtly-wagtyna çotgalaň. Diş çotgasyny wagtly-wagtyna programma bilen sinhronlasaňyz, agyz saglygy idegiňizi gowulandyrmaga kömek edýän täzelemeleri alarsyňyz.
8 Wagtly-wagtyna sinhronlaň.
9 Optimal maglumat geçiriş üçin, telefonyňyzy diş çotgaňyzyň golaýynda saklaň.
El bilen sinhronlamak üçin: Programmanyň aýratynlyklaryndan/mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin, diş çotgaňyzy her iki hepeden programma bilen jübütlän/birikdiriň.
Awtomatik sinhronlamak üçin: Programmany sazlaýarkaňyz, yerleşiş rugsadyny beriň. Yerleşiş rugsadyny bermek arkaly, telefonyňyz diş çotgaňyza birikme çägine girende muny bilýär we çotgalama maglumatyňyzy programmada täzelendirip, iň täze çintgemeleri we maslahatlary üpjün edip bilýär.
Bellik: Programmany ulanýarkaňyz, telefonyň Bluetooth-y açyk bolsun, şonda diş çotgaňyz çotgalama maglumatyňyzy programma geçirip we täzeläp bilýär. Eger çotgalama maglumatyňyzyň näme üçin ýygnalýandygy barada soraglaryňyz bar bolsa, programmany sazlamak prosesiniň dowamynda elýeterli bolýan Sonicare Gizlinlik beýannamasyny hökman gözden geçiriň.
Programma aýratynlyklary
Sonicare elektrikli diş çotgaňyz size çotgalama endikleriňiz barada seslenme üpjün edýän akylly sensorlar bilen enjamlaşdyrylandyr, şol sanda:
Sonicare programmasy akylly sensorlar tarapyndan üpjün edilýän maglumaty ýygnaýar we çotgalama endikleriňizi wagta görä yzarlaýar.
Ulanmaga başlamak
Nasadkany dakmak

1 Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip durar ýaly edip, nasadkany deňlăň.
2 Nasadkany metal walyň üstüne ol aňryk baryp direyänçä dzümli basyň.
Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.
Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basys ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň.
Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmegiñize kömegi deger ýaly, ilkibaşda 1-2 hepdeläp pes sazlama ulanyň, şondan soň has ýokary sazlama geçiň.
2 Diş çotgasynyň gyllaryny çalaja (45 gradus burçda) dişlere ýerleşdiriň. Gyllar diş eti çzygyna ýeter ýa-da ondan biraz geçer ýaly edip, dözümli basyň.
Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.
4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly edip, çalaja öne-yza hereket etdirip, dişleriňizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwrăniziň dowamynda dowam ediň.
Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen ulanylyan diş çotgasynda bolsy ýaly, gazalap çotgalamak maslahat berilmeýär.
Bellik: Gaty köp basyş etseñiz, size duýduryş bermek üçin, tutawajyň titremesi üýtgâr we nasadkany çalışyrmagy yatladyş çyrasy sary reňkde yanyp söner.
6 Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň, dişleriň çeýneýan we tegmil emele gelýan yerlerini çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz. Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ya-da öçürip, diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.
Bellik: Philips Sonicare diş çotgaňyzy ortodontik skobalarda (nasadka skobada ulanylanda çalt könelýär) we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler, winirler) ulanmak howpsuzdyr.
BrushPacer

BrushSync tehnologiýasy

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.
BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:
- Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
- BrushSync tertibi jübütlemesi
Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.
Aýratynlyklar
- Basys sensory seslenmesi
- BrushPacer
- SmarTimer
- EasyStart
- Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
- Nasadka tertibi jübütlemesi
Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşıňyzy ölçeýär.
Eger artykmaç basyş etseñiz, tutawaç tä basyşy azaldýançaňyz öz titremesini üýtgedýär we tutawaçdaky nasadka çalşyrmagy ýatladyş çyrasy sary reňkde ýanyp sönýär.
1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basysyňyz we nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç nasadkany çalşyrmagyn amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlayar. Bu aýratynlyk dişleriñize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.
3 Nasadkany çalışyrmagy yatladyş cyrasy sary reňkde yananda, nasadkany çalışyrmagyňyz gerek.
Bellik: Maslahat berilýän sazlamadan tertibi/ýygjamlygy üýtgetmegi saýlasaňyz, nasadka şol saylan sazlamaňyzy soňraky çotgalama seanslaryňyzda ýadynda saklar.
Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek
Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:
Eger batareya görkezijisiniň çepdäki LED-iniň 2 gezek ýasyl reňkde ýanyp sönenini görseňiz we çaladan gata 3 signal eşitseňiz, onda ol aýratynlyk işjeňleşen bolýar.
ÝA-DA

Eger batareya görkezijisiniň çepdäki LED-iniň 1 gezek sary reňkde yanyp sönenini görseňiz we gatydan çala 3 signal eşitseňiz, onda ol aýratynlyk deaktiwirlenen bolýar.
Ultramelewse dezinfektor
Ultramelewşe arassalaýjy bilen çotgaňyzyň uçlaryny her gezek ulanyşdan soň arassalap bilersiňiz.
Eger aşakdaky yagdaylarr yüze çyksa, dezinfektory tokdan sogrup, ulanmagy bes ediň we Müşderi idegine jaň ediň:
- Gapy açyk wagty ultramelewse çyrasy gýanyp durýar.
- Dezinfektoryň penjiresi döwlen ýa-da ýok.
- Dezinfektor işläp durka tüsse çykarýar ýa-da ýanygyň ysy gelýär.
Bellik: Ultramelewşe çyra adamyň gözüne we tenine zyyanly bolup bilýär. Bu enjamy hemişe çagalaryň el yeterinden uzakda saklamaly.
1 Çotgalanyňyzdan soň çotganyň ujuny ýuwuň we galan suwy silkip aýryň.
Duýduryş: Nasadka dezinfektorda arassalanylyp durka, nasadkanyň gapagyny nasadka dakylgy bolmaly däldir.
2 Barmagyňyzy arasalaýjydaky gapak oýugyna ýerleşdiriň we gapagy itip açyň.
3 Çotganyň ujuny arassalaýjydaky 2 sany ösüntgä yerleşdiriň, çotganyň gyllary ysyklandyrys çyrasyna seredýän bolmaly.
Bellik: Arassalaýjyda diňe Philips Sonicare geýdirilýän çotgalaryň uçlaryny arassalaň.
Bellik: Philips Sonicare for Kids nasadkalaryny dezinfektorda arassalamaň.
4 Arassalaýjynyň ýerlikli güýjenmä eýe we elektrik bar bolan rozetka dakylandygyna göz ýetiriň.

Penjireden çyranyň ýanyp durany görünýän bolsa, arassalaýjynyň işläp durandygyny aňladýar.
Zarýad beriş we batareya ýagdayy
Bu Philips Sonicare diş çotgasy azyndan 28 sany çotgalama seansy üçin niyetlenilmek bilen, her seams doly zarýad berlen batareýada 2 minuta çekýär (eger günde iki gezek ulanylsa, 14 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniñizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär.
1 Zarýadnigi ýa-da dezinfektory rozetka dakyň.
2 Diş çotgasyny zarýadnige ýa-da dezinfekltora yerleşdiriň.
- Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp, tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny tassyklaýar.
- Batareía görkezijisiniň yanyp sönýän çyrasy tutawajyň zarád alýandygyny görkezýär.
- Tutawaç zarýadnikde doly zarýad alanda, batareýa görkezijisi 30 sekuntlap ýasyl reňkde ýanýar we soňra sönýär.
Syýahat çeholy bilen zarýad bermek

- Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp, tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny tassyklaýar.
- Batareía görkezijisiniň ýanyp sönýän çyrasy tutawajyň zarýad alýandygyny görkezýär.
4 Syýahat çeholy diş çotgaňyza dolýança zarýad berer.
- Tutawaç doly zarýad alanda, batareýa görkezijisi 30 sekuntlap ýasyl reňkde ýanýar we soňra sönýär.
Bellik: Tutawaja zarýad beriş syýahat çeholynda zarýad bermek zarýadnikde berenden has uzaga çekip biler.
Batareía yagdayy
Batareya yagdayy (tutawaç işläp duran zarýadnige/syýahat çeholyna dakylgy wagty)
Tutawaç zarýadnigiň ya-da zarýad beriş syýahat çeholynyň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.
Batareya yagdayy Yanyp sönyän LED- leriň sany
LED reňki
Pes 1 Yanyp sönýän yasyl
| Bölekleýin doly 2 Ýanyp sönýän ýasyl | |
| Doly 3 Dolýança ýasyl reňkde | ýanyp sönýär, soňra 30 sekunt ýasyl reňkde yanýar we sönýär |
Batareya yagdayy (tutawaç toga dakylgy zarýadnikde/syáhat çeholynda goýulmadyk wagty)
Diş çotgasy oÿa wagty, tutawajyň aşagyndaky batareÿa görkezijisi batareÿanyň derejesini görkezýär.
Batareýa ýagdaýy LED-leriň sany LED reňki
| Doly 3 Yanyp duran yasyl |
| Bölekleyin doly 2 Yanyp duran yasyl |
| Pes 1 Yanyp duran yasyl |
| Boş 1 gezek bipleme bilen Sary reňkde yanypsönýär |
Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmayan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.
Arassalamak
Diş çotgasynyň tutawajy

1 Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman aýryň.
Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip biler.
2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy rakowina kakmaň.
Nasadka

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Syýahat çeholy
Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.
Zarýad beriş syýahat çeholy
1 Zarýad beriş syýahat çeholyny arassalamazdan öň tokdan aýryň.
2 Syýahat çeholynyň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Ultramelewse dezinfektor
Duýduryş: Arassalaýjyny suwa çümdürmän ya-da ony krandan akýan suwda yuwmaň.
Duýduryş: Ultramelewşe çyrasy gyzgyn wagty arassalaýjyny arassalamaň.
Amatly netijelilik üçin arassalaýjyňyzy hepdede bir gezek arassalamak maslahat berilýär.

1 Arassalaýjyny tokdan aýryň.
2 Damja mejimesini gönümel daşary çekiň. Damja mejimesini ýuwuň we çygly mata bilen arassa edip süpüriň.
3 İç yüzlerini çygly mata bilen arassalaň.
4 Ultramelewşe çyranyň önündäki gorag ekranyny aýryň.

Ekrany aýrymak üçin ildirgiçlariň ýanyndan kenarlardan tutuň, emaý bilen gysyň we gorag ekranyny çekip çykaryň.
5 Ultramelewse cyrany ayryň.
Çyrany aÿyrmak üçin ony tutuň we metal gysgyçdan çekip çykaryň.
6 Gorag ekranyny we ultramelewse çyrany çygly mata bilen arassalaň.
7 Ultramelewse cyrany yerine dakyň.
Çyrany yerine dakmak üçin çyranyň aşagyny metal gysgyja gabatlaň we çyrany gysgyjyň içine itiň.
8 Gorag ekranyny yerine dakyň.
Ekrany yerine dakmak üçin ekrandaky ösüntgileri ultramelewse çyranyň yanyndaky serpikdiriji tekizlikdäki gädiklere gabatlaň. Ekrany arassalaýjydaky gädiklere gönümel itiň.
9 Damja mejimesini ultramelewse arassalaýjydaky yerine dakyň.
10 Arassalanyňyzdan soň, arassalaýjyny toga dakmazdan öň doly guradyň.
Saklamak
Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeyän salkyn, gury yerde saklaň.
Çalşyrmak
Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.
Model belgisiniň yerini tapmak
Model belgisi (HX9600) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň
Kepillik we goldaw
Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.
- Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.
- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda yygnamak boýunça öz yurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.
- Dezinfektoryň ultramelewse çyrasynda simap bardyr. Hyzmat möhleti gutaransoň, ultramelewse çyrany adaty hojalyk zibiline taşlamaň. Ony resmi utilizasiya ýygnaýyş nokadyna tabşyryň.
Zarýad berilýän batareýany aýrymak
Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän batareýany diňe ýörite hünärli ussa aýryrmalydyr. Batareýany aýrymazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.
Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi, barmaklaryňzy we üstünde işleýän yeriňizi goraň.
Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.

Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň önüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňñeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşyän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.
Zarýad berilýän batareýany aýrymak üçin, size polotense yá-da mata, çekiç we ýasy (standart) towlaýjy gerek. Aşakda görkezilýän prosedurany yerine yetirýärkäñiz, esasy howpsuzlyk çärelerini berjaý ediň.
1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, diş çotgasyny açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi diş çotgasyny işledip bolmajak derejä çenli gaytalaň.
2 Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense yáda mata bilen ýapyň.
3 Tutawajyň ýokarky bölegini bir elde saklap, tutawajyň korpusynyň aşaky ujundan 1,27 sm ýokarsyny uruň. Uçky gapajygy çykarmak üçin, çekiç bilen 4 tarapyndan düzümli uruň.
Bellik: İçerki ilgiçleri döwmek üçin, tutawajyň ujuny birnäge gezek urmaly bolmagyňyz mümkin.

4 Uçky gapajygy diş çotgasynyň tutawajyndan ayryň. Eger uçky gapajyk koprusdan ÿeñillik bilen sypmasa, tä uçky gapajyk sypýança ädim 3-i gaýtalaň.
5 Tutawajy başasak saklap, waly gaty üste basyň. Eger içerki komponentler koprusdan ýeňillik bilen sypmasa, tâ içerki komponentler sypýança ädim 3-i gaýtalaň.
6 Batareya bilen içerki komponentleriň aşagyndaky gara çarçuwanyň arasyna towlaýjyny sokuň. Soňra batareýany towlaýjy arkaly galdyryp, gara çarçuwanyň aşagyny döwüň.
7 Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen gara çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany ýasyl çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.
8 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.
Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan házir boluň.
9 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň. Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýyardyr.
Bellik: Hyzmat ömri guataransoň, enjamy adaty hojalyk zibiline taşlamaň-da, resmi utilizasiýa ýygnaýyş nokadyna tabşyryň. Şeyle etmek bilen, daşky gurşawy gorap saklamaga kömek edýärsiňiz.