PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - Diş çotgasy

Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 PHILIPS PDF formatynda.

📄 698 sahypa Türkmen TK Ýükläň 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - page 481
Pick your language and provide your email: we'll send you a specifically translated version.

Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 PHILIPS

0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.

Bu enjam barada täze sorag beriň

E-poçta hususylykda galýar: diňe biriniň soragyňyza jogap berende sizi habar bermek üçin ulanylýar.

Heniz sorag ýok. Ilkinji sorag berýäniň siz boluň.

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 PHILIPS

- Arassalanyňyzdan soň adapterleri, zarýad berijileri we syýahat çehollaryny toga birikdirmezden ozal olaryň doly gurandygyna göz yetiriň.

- Adapterleri we zarýad berijileri açık howada yá-da gyzdyrylýan üstleriň yákynynda ulanmaň.

- Elektrik adapterine, USB zarbad berijä yá-da kabele zeper yeten bolsa, ony ulanmagy bes ediň we täzesi bilen çalşyryň.

- Tutawajy, esasanam çotga nasadkanyň birikmesini yuwup durlaň. Rezin dykyzlandyrmanyň töweregini emaý bilen arassalaň.

Türkmençe

  • Syýahat çeholyna salmazdan ön, nasadkanyň we diş çotgasynyň gurudygyny anyklaň.
  • Düzüminde efir yaglary ya-da kokos yagy bar bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
  • Ulanmagyň maksimum beýikligi 4500 metrdir.
  • Philips önümleriniň düzümindäki REACH maddalary barada maglumaty www.philips.com/REACH salgysynda tapmak bolar

Lukmançylyk duýduryşlary

  • Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama yüze çyksa, ganama ulanyşdan soň dowam etse ÿa-da bimazalyk ÿa-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we diş lukmanyňyz/lukman bilen maslahatlaşyn.
  • Eger size kardiostimulýator yá-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza yá-da implant enjamyň öndürijisine yüz tutuň.
  • Bu enjam şahsy ideg enjamy bolup, köp ulanyjy tarapyndan paýlaşylyp ulanylmaga niyetlenilmeýär.
  • Bu enjamda diñe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar bar.
  • Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary gününğ göni düşyân şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmään.
  • Eger önüm adatdan daşary gyzsa yá-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese yá-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e ýüz tutuň.
  • Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ya-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
  • Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmăň, olary deşmăň ýa-da olara zeper ýetirmăm. Batareýlerde gysga utgaşma etmăm, olara aşa zarýad bermăm ýa-da ters tarapdan zarýad bermăm.
  • Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, Gaýtadan işlemek baradaky bölüme serediň.
  • Diñe WAA1001, WAA2001, nominal girişi (100-240 V\~; 50/60 Hz; 3,5 W) we nominal çykyşy (5 V hemişelik tok; 2,5 W) bolan, howpsuzlygy tassyklanan IPX4 adapterler bilen zarýad beriň. Adapterleriň sanawy üçin www.philips.com/support salgysyna serediň.
  • Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.

Saklamagyň we daşamagyň şertleri

Temperatura -20°C bilen +60°C arasy (-4 °F bilen 140 °F arasy).

Elektromagnit meýdanlary (EMF)

Bu Phillips enjamy elektromagnit meýdanlaryna sezewar bolmak bilen baglanyşykly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara laýyk gelýär.

Radio enjam direktiwasy

Şunlukda, Philips radioenjam görnüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.

  • Degişli önümlerdäki Bluetooth radioyygylyk interfeysi 2,4 GHz yygylykda isleýär.
  • Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.
  • Degişli önümlerdäki NFC radioyygylyk interfeýsi 13,56 MHz yygylykda işleýär.
  • Enjamyn geçirýän maksimal RÝ kuwwatlygy 30,16 dBm.

YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir: www.philips.com/support

Bellik: Dürli modelleriň ayıratynlyklary dürlüçe bolup bilýär. Käbir modeller Bluetooth ÿa-da NFC bilen enjamlaşdyrylmadyk bolup biler.

BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ

1 Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip durar ýaly edip, nasadkany deňlăň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ - 1

Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diñe çalaja basys ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmegiñize kömegi deger ýaly, ilkibaşda 1-2 hepdeläp pes sazlama ulanyň, şondan soň has ýokary sazlama geçiň.

2 Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45 gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çzygyna ýa-da çalaja diş eti çzygynyň aşagyna ýeter ýaly edip, emaý bilen basyň.

Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ - 2

4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly edip, çalaja öne-yza hereket etdirip, dişleriñizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwrăniziň dowamynda dowam ediň.

Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen ulanylýan diş çotgasynda bolsy ýaly, gazalap çotgalamak maslahat berilmeýär.

Bellik: Çendenaşa güýçli bassaňyz, ses we tutawajyň titremesiniň üýtgemegi bilen siz duýduryş berler («Basyş datçigi» bölümine serediň).

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ - 3

Islenilýän kuwwaty elde saýlamak üçin diş çotgasy opsiýalaryň arasynda döwre edýän wagty iş tertibi / güýç düwmesini basyň. Güýç sazlamasyny diñe diş çotgasy açık wagty üýtgedip bolýar.

BrushSync tehnologiýasy

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - BrushSync tehnologiýasy - 1

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär. BrushSync tehnologiýasy çotga nasadkasyny çalysmalydygyny ýatladyjy ayratynlygyny işledýär.

Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar yaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.

Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.

Aýratynlyklar

  • Basyş sensory
  • SmarTimer
  • QuadPacer
  • EasyStart
  • Nasadkany çalşyrmagy yatladyş

Basyş sensory

Philips Sonicare enjamyñyz diş etleriñizi we dişleriñizi zeperden goramak üçin, çotgalayan wagtyñyz ulanían basysyňzyy ölçeýär.

Çendenaşa güýçli bassaňyz, basyşy azaldýançaňyz ses we tutawajyň titremesiniň üýtgemegi bilen siz duýduryş berler.

SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwrăniziň tamam bolandygyny görkezýär.

1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç nasadkany çalşyrmagyň amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlaýar. Bu aýratynlyk dişleriňize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - Basyş sensory - 1

text_image replace

Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:

  • EasyStart
  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
  • Basyş sensory

Tutawaçdan:

Ädim 1: Tutawajy toga dakylgy zarýad berijiniň üstüne yerleşdiriň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - Tutawaçdan: - 1

1 USB zarýad beriş şnuruny diwar adapterine dakyp, diwar adapterini diwardaky rozetka dakyň.
2 Tutawajy zarýadnige yerleşdiriň. Ol aşakdan yokarlygyna hereket animasiýasyny yerine yetirer, nobaty bilen iş tertibiniň we ýygjamlygyň görkeziji çyralaryny öçürer we tutawajyň talabalaýyk yerleşdirilendigini tassyklamak üçin iki gysga bip sesi çykarar.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - Tutawaçdan: - 2

3 Batareý görkezijisiniň ýasyl ýanyp-öçyän çyrasy diş çotgasynyň zarýad alýandygyny görkezýär.

4 Batareý doly zarýad alanynda ýasyl çyra 30 sekuntlap ýanyp durýar, soňra öçýär.

Batareýiň yagdaýy (tutawaç toga dakylan zarýad berijide wagty)

Tutawaç zarýad berijä dakylgy wagty tutawajyň aşagyndaky batareý görkezijisi batareýiň derejesini görkezyár.

Batareÿa ýagdaÿy (tutawaç toga dakylan zarýadnigiň üstünde däl wagty)

Diş çotgasy oÿa wagty, tutawajyň aşagyndaky batareÿa görkezijisi batareÿanyñ derejesini görkezýär.

Batareýa ýagdaýy LED reňki

Türkmençe

Doly Yanyp duran yaşyl

Pes Çotgalandan soň köz reňkde ýanyp- öçýär we 3 bip sesi çykarýar

Boş Köz reňkde ýanyp-öçýär we 2 gezek 5 bip sesi çykarýar

Bellik: Energiyany tygşıtlamak üçin zarýad berilmeyän wagty batareý görkezijisi öçer.

Bellik: Batareýanyň zarády doly çökende, diş çotgasy öçyär. Diş çotgasyna zarád bermek üçin ony zaráad berijä dakyň.

Bellik: Batareyiň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmayan wagtyňyz ony zarýad berijä dakylgy ýagdaýda saklap bilersiňiz.

Arassalamak

Diş çotgasynyň tutawajy

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - Diş çotgasynyň tutawajy - 1

1 Nasadkany aýryň we metal wally yeri yyly suw bilen yuwup durlaň. Tutawaçdaky we düwmeleriň töweregindäki diş pastasynyň galyndylaryny azyndan hepdede bir gezek aýyrmagy unutmaň, ýöne her ulanyşdan soň aýyrmak iň gowusy bolup durýar.

Seresap boluň: Metal sapdaky ýa-da düwemeleriň töweregindäki rezin dykyzlaýjyny ýiti zatlar bilen itmään, sebäbi beýtmek zeper ýetirip biler.

Seresap boluň: Artykmaç suwuny aýrymak üçin tutawajy nowajyga ýa-da el ýuwulýana tyrkyldatmaň.

3 Tutawajy yumşak mata ya-da süpürgiç bilen guradyň.

Nasadka

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044 - Nasadka - 1

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan ayryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.
3 Zarýad berijini yümşak mata ya-da süpürgiç bilen guradyň.

Syýahat çeholy

Syýahat çeholyny arassalamak üçin ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň, howada guramagyna may beriň.

Saklamak

Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýan salkyn, gury yerde saklaň.

Çalşyrmak

Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiyaçlyk nasadkalaryny ulanyň.

Model belgisiniň yerini tapmak

Bu bölümde enjamda iň köp yüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp bilmeseñiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support salgysyna girin we model belgiñizi giriziň ya-da öz yurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze yüz tutuň.

Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi

Nasadkany doly dakyp bilmeyärin. Nasadka bilen tutawajyň arasynda boşluk bolýar.Ol boşluk adaty zatdyr, ol nasadkanyň talabalaýyk titremegi üçin zerurdyr. Nasadka dogry möçberde titreme döredip bilmek üçin hereket edip bilýän bolmaly.
Philips Sonicare diş çotgamyň titremesi öňküsünden gowşak.Çotga nasadkasy diş çotgasynyň korpusyna gaty ýakyn ýa-da diş çotgasyna zarýad bermeli.Nasadkany tutawaçdan aýryň we ony biraz boşluk goýup, metal wala täzeden yerleşdiriň.(1-2mm).Zarýad berleninde zarýad berijiniň tok üpjünçiligine dakylandygyna we diş çotgasy zarýad berijä yerleşdirilmezden öň onuň tekiz yerde yerleşdirilendigine göz yetiriň. Diş çotgasynyň 24 sagatlap zarýad almagyna maý beriň.
Diş çotgama zarýad berdim, ýöne ol diñe sähelçe wagt işleýär.Zarýad bermäge synanysylanynda diş çotgasynyň esasy zarýad berijä tekiz yerleşdirilmedik.Zarýad berijiniň tok üpjünçiligine dakylandygyna we diş çotgasy zarýad berijä yerleşdirilmezden öň onuň tekiz yerde yerleşdirilendigine göz yetiriň. Diş çotgasynyň 24 sagatlap zarýad almagyna maý beriň.

Kepillik we goldaw

Enjamyňyzy nädip bellige aldyrmalydygyny öwrenmek, kepillik maglumatlaryňyzy we ýygy-ýygydan girilýän goldaw temalary barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.philips.com/support girip, enjamyňyzyň aşagyndaky model belgisini gözleg setirine giriziň. Hemme önümleriň goldawy, energiýany sarp edişi barada jikme-jiklikler we ÝB Laýyklyk ykrarnamasy üçin www.philips.com salgysyna giriň. Enjamyňyzy

gözläniñizden soň, önümiñiziň aýratynlyklary, tehniki aýratynlyklary we elýeterli esbaplary barada maglumat tapyp bilersiňiz.

KEPILLIK ÇÄKLENDIRMELERI

  • Bu nysan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zynmak bolmaýandyqyny aňladýar.
  • Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz yurduňzyň düzgünlerini berjaý ediň.

Enjamyn içindäki gaytadan zarýad berip bolýan batareyi ayyrmak

  • IÇINDE ZARYAD BERILYÄN LITIY-ION ÖYJÜK BAR. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI YA-DA TALABAJAYK ZYNYI MALY
  • Enjamyň içindäki gaytadan zarýad berip bolýan batareýi zibile zyňmak üçin aýryp bolýar. Elektron enjamlary dargatmakda rahat däl bolsaňyz, yerli elektron enjamlary gaytadan işleýän ya-da bejerýän ussahanadan kömek soraň.

Türkmençe

- Ornaşdyrylan zarýad berilýän batareyi ayyrmak boyunça gözükdirijileri www.philips.com/support salgysynda tapyp bolýar. Diş çotgasynyn model belgisini girizmek we önümiñizi tapmak üçin Philips goldaw baş sahypasyndaky gözleg zolagyny ulanyň. Model belgisi «HX» bilen başlayar (mysal üçin, HX123A) we ony diş çotgaňyzyň aşagynda tapmak bolýar Batareyi ayyrmak boyunça gözükdirijiler önümiň goldaw sahypasynyň Näsazlyklary düzetmek we Bejeriş bölüminde berilýär.

- Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.

- Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz yetiriň.

- Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşyán plýonka ýelmään ya-da batareýleri plastik haltajyga salyň.

Εισαγωγή

Gollanma kömekçisi
Anthropic tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare ProtectiveClean 4100 HX4044

Kategoriýa : Diş çotgasy