PHILIPS Sonicare 2100 Series HX3651 - Diş çotgasy

Sonicare 2100 Series HX3651 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare 2100 Series HX3651 PHILIPS PDF formatynda.

📄 529 sahypa Türkmen TK 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare 2100 Series HX3651 - page 363
Gollanma kömekçisi
ChatGPT tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare 2100 Series HX3651

Kategoriýa : Diş çotgasy

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare 2100 Series HX3651 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare 2100 Series HX3651 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare 2100 Series HX3651 PHILIPS

Türkmençe Tanyşdyryş Alan harydyňyz nesip etsin, Philips-e hoş geldiňiz! Philips-iň hödürleýän goldawyndan doly peýdalanmak üçin, önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige alyň. Möhüm howpsuzlyk maglumaty Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün edilýän esbaplar dürli önümlerde dürli bolup biler. Duýduryşlar - Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diňe önümiň ýany bilen berlen USB zarýadnigi ulanyň. - Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky (ser. “Kepillik we goldaw”) Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň. - Adapterleri we zarýad berijileri suwdan uzakda saklaň. - Arassalanyňyzdan soň adapterleri, zarýad berijileri we syýahat çehollaryny toga birikdirmezden ozal olaryň doly gurandygyna göz ýetiriň. - Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa- da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl. - Çagalaryň önüm bilen oýnamazlygyny üpjün etmek üçin olary gözegçilikde saklamaly. - Arassalamak bölüminde başgaça görkezilmedik bolsa, önümiň haýsydyr bir bölegini gap-gaç ýuwýan maşynda arassalamaň. - Adapterleri we zarýad berijileri açyk howada ýa-da gyzdyrylýan üstleriň ýakynynda ulanmaň. - Elektrik adapterine, USB zarbad berijä ýa-da kabele zeper ýeten bolsa, ony ulanmagy bes ediň we täzesi bilen çalşyryň. - Bu enjam diňe dişleri, diş etini arassalamak üçin niýetlenilýär. - Nasadkany her 3 aýdan ýa-da könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir çalşyryň. Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň. - Tutawajy, esasanam çotga nasadkanyň birikmesini ýuwup durlaň. Rezin dykyzlandyrmanyň töweregini emaý bilen arassalaň.357 Türkmençe - Syýahat çeholyna salmazdan öň, nasadkanyň we diş çotgasynyň gurudygyny anyklaň. - Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler. - Ulanmagyň maksimum beýikligi 4500 metrdir. - Philips önümleriniň düzümindäki REACH maddalary barada maglumaty www.philips.com/REACH salgysynda tapmak bolar Lukmançylyk duýduryşlary - Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa, ganama ulanyşdan soň dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we diş lukmanyňyz/lukman bilen maslahatlaşyň. - Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa-da implant enjamyň öndürijisine ýüz tutuň. - Bu enjam şahsy ideg enjamy bolup, köp ulanyjy tarapyndan paýlaşylyp ulanylmaga niýetlenilmeýär. Batareýa howpsuzlyk görkezmeleri - Bu enjamda diňe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar bar. - Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň. - Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese ýa- da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e ýüz tutuň. - Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň. - Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öňüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmäň, olary deşmäň ýa-da olara zeper ýetirmäň. Batareýlerde gysga utgaşma etmäň, olara aşa zarýad bermäň ýa-da ters tarapdan zarýad bermäň. - Bu enjamda çalşyryp bolmaýan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zyňmak gerek, Gaýtadan işlemek baradaky bölüme serediň. - Diňe WAA1001, WAA2001, nominal girişi (100‑240V~; 50/60Hz; 3,5W) we nominal çykyşy (5V hemişelik tok; 2,5W) bolan, howpsuzlygy tassyklanan IPX4 adapterler bilen zarýad beriň. Adapterleriň sanawy üçin www.philips.com/support salgysyna serediň. - Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.358 Türkmençe Saklamagyň we daşamagyň şertleri Temperatura -20 °C bilen +60 °C arasy (-4°F bilen 140°F arasy). Elektromagnit meýdanlary (EMF) Bu Phillips enjamy elektromagnit meýdanlaryna sezewar bolmak bilen baglanyşykly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara laýyk gelýär.

Nasadkany metal walyň üstüne ol aňryk baryp direýänçä dözümli basyň. Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr. Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmak Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmäge kömek etmek üçin, onda EasyStart aýratynlygy işleňleşdirilgi gelýär. Bu aýratynlyk Sonicare diş çotgňyz bilen çotgalamaga uýgunlaşmagyňyza kömek etmek üçin ilkinji 14 gezek dişiňizi çotgalama seansyňyzda kuwwaty ýuwaş-ýuwaşdan köpeldýär.360 Türkmençe Çotgalama görkezmeleri

Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45 gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çyzygyna ýa-da çalaja diş eti çyzygynyň aşagyna ýeter ýaly edip, emaý bilen basyň. Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriňize degrip saklaň.

Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly edip, çalaja öňe-yza hereket etdirip, dişleriňizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwräňiziň dowamynda dowam ediň. Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen ulanylýan diş çotgasynda bolşy ýaly, gazalap çotgalamak maslahat berilmeýär.

Öňdäki dişleriň iç ýüzlerini arassalamak üçin, çotganyň tutawajyny ýarym ýokaryk egiň we her dişe birnäçe dik örtüşýän çotgalama hereketini ediň.361 Türkmençe Bellik: Tutuş agyzda gyradeň çotgalamak üçin, QuadPacer aýratynlygy arkaly agyz boşlugyňyzy 4 bölege bölüň ("Aýratynlyklar" bölümine serediň).

Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstüne ýerleşdiriň.

Aç/öçür düwmesini goýberiň. - Pes-orta-ýokary üç sany ton eşidilse, ol EasyStart aýratynlygynyň işjeňleşendigini aňladýar. Işjeňleşmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 2 gezek ýaşyl reňkde ýanyp söner. - Ýokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol EasyStart aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini aňladýar. Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp söner. Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy Bu Philips Sonicare diş çotgasy doly zarýad berlen batareýde ortaça 28 sany çotgalama seansy üçin niýetlenilmek bilen, her seans 2 minut diýlip hasaplanylýar (günde iki gezek ulanylsa, 14 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniňizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär. Bellik: Ilkinji gezek ulanmazdan öň, batareýa doly zarýad bermek 24 sagada çenli çekip biler, ýöne Philips Sonicare diş çotgasyny doly zarýad almanka-da ulanyp bilersiňiz. Zarýad alýar

Tutawajy zarýadnige ýerleşdiriň.

Tutawajyň talabalaýyk ýerleşdirilendigini tassyklamak üçin iki gysga bip sesi çykýar.

Batareý görkezijisiniň ýaşyl ýanyp-öçýän çyrasy diş çotgasynyň zarýad alýandygyny görkezýär.

Batareý doly zarýad alanynda ýaşyl çyra 30 sekuntlap ýanyp durýar, soňra öçýär.364 Türkmençe Batareýiň ýagdaýy (tutawaç toga dakylan zarýad berijide wagty) Tutawaç zarýad berijä dakylgy wagty tutawajyň aşagyndaky batareý görkezijisi batareýiň derejesini görkezýär. Batareýa ýagdaýy LED reňki Pes Ýanyp sönýän ýaşyl Bölekleýin doly Ýanyp sönýän ýaşyl Doly 30 sekuntlap bitewi ýaşyl reňkde ýanýar we soňra sönýär Batareýa ýagdaýy (tutawaç toga dakylan zarýadnigiň üstünde däl wagty) Diş çotgasy oýa wagty, tutawajyň aşagyndaky batareýa görkezijisi batareýanyň derejesini görkezýär. Batareýa ýagdaýy LED reňki Doly Ýanyp duran ýaşyl Bölekleýin doly Ýanyp duran ýaşyl Orta pes Ýanyp sönýän ýaşyl Pes Çotgalandan soň köz reňkde ýanyp- öçýär we 3 bip sesi çykarýar Boş Köz reňkde ýanyp-öçýär we 2 gezek 5 bip sesi çykarýar Bellik: Energiýany tygşytlamak üçin zarýad berilmeýän wagty batareý görkezijisi öçer. Bellik: Batareýanyň zarýady doly çökende, diş çotgasy öçýär. Diş çotgasyna zarýad bermek üçin ony zarýad berijä dakyň. Bellik: Batareýiň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz ony zarýad berijä dakylgy ýagdaýda saklap bilersiňiz.365 Türkmençe Arassalamak Diş çotgasynyň tutawajy

Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Tutawaçdaky we düwmeleriň töweregindäki diş pastasynyň galyndylaryny azyndan hepdede bir gezek aýyrmagy unutmaň, ýöne her ulanyşdan soň aýyrmak iň gowusy bolup durýar. Seresap boluň: Metal sapdaky ýa-da düwmeleriň töweregindäki rezin dykyzlaýjyny ýiti zatlar bilen itmäň, sebäbi beýtmek zeper ýetirip biler.

Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň. Seresap boluň: Artykmaç suwuny aýyrmak üçin tutawajy nowajyga ýa-da el ýuwulýana tyrkyldatmaň.

Tutawajy ýumşak mata ýa-da süpürgiç bilen guradyň. Nasadka

Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Zarýadnik

Zarýadnigiň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Zarýad berijini ýumşak mata ýa-da süpürgiç bilen guradyň.366 Türkmençe Syýahat çeholy Syýahat çeholyny arassalamak üçin ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň, howada guramagyna maý beriň. Saklamak Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýän salkyn, gury ýerde saklaň. Çalşyrmak Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aýdan çalşyryp duruň. Diňe Philips Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň. Model belgisiniň ýerini tapmak Model belgisi «HX» bilen başlaýar (mysal üçin, HX123A) we ony diş çotgaňyzyň aşagynda tapmak bolýar. Näsazlyklary çözmek Bu bölümde enjamda iň köp ýüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support salgysyna giriň we model belgiňizi giriziň ýa-da öz ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň. Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi Nasadkany doly dakyp bilmeýärin. Nasadka bilen tutawajyň arasynda boşluk bolýar. Ol boşluk adaty zatdyr, ol nasadkanyň talabalaýyk titremegi üçin zerurdyr. Nasadka dogry möçberde titreme döredip bilmek üçin hereket edip bilýän bolmaly.367 Türkmençe Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi Philips Sonicare diş çotgamyň titremesi öňküsünden gowşak. Çotga nasadkasy diş çotgasynyň korpusyna gaty ýakyn ýa-da diş çotgasyna zarýad bermeli. Nasadkany tutawaçdan aýryň we ony biraz boşluk goýup, metal wala täzeden ýerleşdiriň. (1-2mm). Zarýad berleninde zarýad berijiniň tok üpjünçiligine dakylandygyna we diş çotgasy zarýad berijä ýerleşdirilmezden öň onuň tekiz ýerde ýerleşdirilendigine göz ýetiriň. Diş çotgasynyň 24 sagatlap zarýad almagyna maý beriň. Diş çotgama zarýad berdim, ýöne ol diňe sähelçe wagt işleýär. Zarýad bermäge synanyşylanynda diş çotgasynyň esasy zarýad berijä tekiz ýerleşdirilmedik. Zarýad berijiniň tok üpjünçiligine dakylandygyna we diş çotgasy zarýad berijä ýerleşdirilmezden öň onuň tekiz ýerde ýerleşdirilendigine göz ýetiriň. Diş çotgasynyň 24 sagatlap zarýad almagyna maý beriň. Kepillik we goldaw Enjamyňyzy nädip bellige aldyrmalydygyny öwrenmek, kepillik maglumatlaryňyzy we ýygy-ýygydan girilýän goldaw temalary barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.philips.com/support girip, enjamyňyzyň aşagyndaky model belgisini gözleg setirine giriziň. Hemme önümleriň goldawy, energiýany sarp edişi barada jikme-jiklikler we ÝB Laýyklyk ykrarnamasy üçin www.philips.com salgysyna giriň. Enjamyňyzy gözläniňizden soň, önümiňiziň aýratynlyklary, tehniki aýratynlyklary we elýeterli esbaplary barada maglumat tapyp bilersiňiz. Kepillik çäklendirmeleri Kepillige degişli däl zatlar: - Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny öz içine alýan agyz nasadkalarynda.368 Türkmençe - Ygtyýar berilmedik ätiýaçlyk şaýlaryň ýa-da ygtyýar berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy sebäpli ýüze çykan zeper. - Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze şykan zeper. - Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çyzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa- da solmagy. Gaýtadan işlemek - Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar. - Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň. Enjamyň içindäki gaýtadan zarýad berip bolýan batareýi aýyrmak - IÇINDE ZARÝAD BERILÝÄN LITIÝ-ION ÖÝJÜK BAR. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI ÝA-DA TALABALAÝYK ZYŇYLMALY. - Enjamyň içindäki gaýtadan zarýad berip bolýan batareýi zibile zyňmak üçin aýryp bolýar. Elektron enjamlary dargatmakda rahat däl bolsaňyz, ýerli elektron enjamlary gaýtadan işleýän ýa-da bejerýän ussahanadan kömek soraň. - Ornaşdyrylan zarýad berilýän batareýi aýyrmak boýunça gözükdirijileri www.philips.com/support salgysynda tapyp bolýar. Diş çotgasynyň model belgisini girizmek we önümiňizi tapmak üçin Philips goldaw baş sahypasyndaky gözleg zolagyny ulanyň. Model belgisi «HX» bilen başlaýar (mysal üçin, HX123A) we ony diş çotgaňyzyň aşagynda tapmak bolýar Batareýi aýyrmak boýunça gözükdirijiler önümiň goldaw sahypasynyň Näsazlyklary düzetmek we Bejeriş bölüminde berilýär. - Batareýlere zeper ýeten bolsa ýa-da olardan suwuklyk syzyp çykýan bolsa, onuň derä ýa-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeýle ýagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip ýuwuň we lukmançylyk kömegini alyň. - Batareýleri elläniňizde elleriňiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.369 Türkmençe - Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermäň. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmäň ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.370