Sonicare 3100 Series HX4072 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy
Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare 3100 Series HX4072 PHILIPS PDF formatynda.
Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare 3100 Series HX4072 PHILIPS
0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.
Bu enjam barada täze sorag beriň
Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare 3100 Series HX4072 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare 3100 Series HX4072 markalaryň PHILIPS.
ULANYJY GOLLANMASY Sonicare 3100 Series HX4072 PHILIPS
Bu önümi diñe onuň niyetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.
- Arassalanyňyzdan soň adapterleri, zarýad berijileri we syýahat çehollaryny toga birikdirmezden ozal olaryň doly gurandygyna göz yetiriň.
- Adapterleri we zarýad berijileri açık howada yá-da gyzdyrylýan üstleriň yákynynda ulanmaň.
- Elektrik adapterine, USB zarbad berijä yá-da kabele zeper yeten bolsa, ony ulanmagy bes ediň we täzesi bilen çalşyryň.
- Tutawajy, esasanam çotga nasadkanyň birikmesini ýuwup durlaň. Rezin dykyzlandyrmanyň töweregini emaý bilen arassalaň.
- Syýahat çeholyna salmazdan ön, nasadkanyň we diş çotgasynyň gurudygyny anyklaň.
- Düzüminde efir yaglary ya-da kokos yagy bar bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
- Ulanmagyň maksimum beýikligi 4500 metrdir.
- Philips önümleriniň düzümindäki REACH maddalary barada maglumaty www.philips.com/REACH salgysynda tapmak bolar
Lukmançylyk duýduryslary
- Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama yüze çyksa, ganama ulanyşdan soň dowam etse ya-da bimazalyk ya-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy besediň we dis lukmanyňyz/lukman bilen maslahatlaşyn.
- Eger size kardiostimulýator yá-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza yá-da implant enjamyň öndürijisine yüz tutuň
- Bu enjam şahsy ideg enjamy bolup, köp ulanyjy tarapyndan paýlaşylyp ulanylmaga niýetlenilmeýär.
- Bu enjamda diñe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar bar.
- Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary gününğ göni düşyân söhlesine vá-da yokary temperaturalara sezewar etmän.
- Eger önüm adatdan daşary gyzsa yá-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese yá-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermeqi bes ediň we Philips-e yüz tutuň.
- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ya-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmăň, olary deşmăň ýa-da olara zeper ýetirmăm. Batareýlerde gysga utgaşma etmăň, olara aşa zarýad bermăm ýa-da ters tarapdan zarýad bermăm.
- Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, Gaýtadan islemek baradaky bölüme seredin.
- Diñe WAA1001, WAA2001, nominal girişi (100-240 V\~; 50/60 Hz; 3,5 W) we nominal çykyşy (5 V hemişelik tok; 2,5 W) bolan, howpsuzlygy tassyklanan IPX4 adapterler bilen zarýad beriň. Adapterleriň sanawy üçin www.philips.com/support salqysyna serediň.
- Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.
Saklamagyň we daşamagyň şertleri
Temperatura -20 °C bilen +60 °C arasy (-4 °F bilen 140 °F arasy).
Elektromagnit meýdanlary (EMF)
Bu Phillips enjamy elektromagnit meýdanlaryna sezewar bolmak bilen baglanyşykly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara laýyk gelýär.
Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.
Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basys ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň.
2 Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45 gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çzygyna ýa-da çalaja diş eti çzygynyň aşagyna ýeter ýaly edip, emaý bilen basyň.
Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.
Islenilyän kuwwaty elde saylamak üçin diş çotgasy opsiyalaryň arasynda döwre edýän wagty iş tertibi / güýç düwmesini basyň. Güýç sazlamasyny diñe diş çotgasy açyk wagty üýtgedip bolýar.
Aýratynlyklar
- Basyş sensory
- SmarTimer
- QuadPacer
- EasyStart
Basyş sensory
Philips Sonicare enjamyňyz diş etleriñizi we dişleriñizi zeperden goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşyňzy ölçéyär.
Çendenaşa güýçli bassaňyz, basyşy azaldýançaňyz ses we tutawajyň titremesiniň üýtgemegi bilen siz duýduryş berler.
SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwrăniziň tamam bolandygyny görkezýär.
QuadPacer aralyk taýmer bolup, ol gysgaça bipläp säginýär we agyz boşlugynyň 4 bölegini gyradeň we mazaly çotgalamak gerekdigini ýatladýar. Bu Philips Sonicare diş çotgasynda QuadPacer aýratynlygy işjeňleşen görnüşde gelýär.
EasyStart
Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy işjeňleşen görnüşde gelýär. EasyStart aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiñize kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalama seansynyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär.
| 1 bipleme 1 bipleme, 2 bipleme we soñra 3 bipleme | |
| ↓ ↓ | |
| Şunuň bilen bilelikde: | |
![]() | Eger batareýa görkezijisiniň çepdäki LED-iniň 2 gezek ýasyl reňkde ýanyp sönenini görseňiz we çaladan gata 3 signal eşitseňiz, onda ol aýratynlyk işjeňleşen bolýar. |
| ÝA-DA | |
![]() | Eger batareýa görkezijisiniň çepdäki LED-iniň 1 gezek sary reňkde ýanyp sönenini görseňiz we gatydan çala 3 signal eşitseňiz, onda ol aýratynlyk deaktiwirlenen bolýar. |
Zarýad beriş we batareya ýagdayy
Bu Philips Sonicare diş çotgasy doly zarýad berlen batareýde ortaça 28 sany çotgalama seansy üçin niýetlenilmek bilen, her seams 2 minut diýlip hasaplanylýar (günde iki gezek ulanylsa, 14 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniňizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär.
2 Tutawajy zarýadnige yerleşdiriň.
3 Tutawajyň talabalaýyk yerleşdirilendigini tassyklamak üçin iki gysga bip sesi çykýar.
4 Batareý görkezijisiniň ýasyl ýanyp-öçyän çyrasy diş çotgasynyň zarýad alýandygyny görkezýär.
5 Batareý doly zarýad alanynda ýasyl çyra 30 sekuntlap ýanyp durýar, soňra öçýär.
Batareýiň ýagdaýy (tutawaç toga dakylan zarýad berijide wagty)
Tutawaç zarýad berijä dakylgy wagty tutawajyň aşagyndaky batareý görkezijisi batareýiň derejesini görkezýär.
Batareýa ýagdaýy LED reňki
| Doly Yanyp duran yaşyl |
| Bölekleyin doly Yanyp duran yaşyl |
| Orta pes Yanyp sönýän yaşyl |
| Pes Çotgalandan soň köz reňkde yanyp-öçyär we 3 bip sesi çykarýar |
Türkmençe
Boş Köz reňkde ýanyp-öçýär we 2 gezek 5
bip sesi çykarýar
Bellik: Energiyany tygşıtlamak üçin zarýad berilmeyän wagty batareý görkezijisi öçer.
Bellik: Batareýanyň zarády doly çökende, diş çotgasy öçyär. Diş çotgasyna zarád bermek üçin ony zaráad berijä dakyň.
Bellik: Batareýiň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz ony zarýad berijä dakylgy ýagdaýda saklap bilersiňiz.
Arassalamak
Diş çotgasynyň tutawajy

1 Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Tutawaçdaky we düwmeleriň töweregindäki diş pastasynyň galyndylaryny azyndan hepdede bir gezek aýyrmagy unutmaň, ýöne her ulanyşdan soň aýyrmak iň gowusy bolup durýar.
Seresap boluň: Metal sapdaky ýa-da düwemeleriň töweregindäki rezin dykyzlaýjyny ýiti zatlar bilen itmään, sebäbi beýtmek zeper ýetirip biler.
2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Seresap boluň: Artykmaç suwuny aýrymak üçin tutawajy nowajyga ýa-da el ýuwulýana tyrkyldatmaň.
3 Tutawajy yumşak mata ya-da süpürgiç bilen guradyň.
Nasadka

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan ayryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni cygly mata bilen süpüriň.
3 Zarýad berijini ýumşak mata ya-da süpürgiç bilen guradyň.
Syýahat çeholy
Syýahat çeholyny arassalamak üçin ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň, howada guramagyna maý beriň.
Saklamak
Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýan salkyn, gury yerde saklaň.
Çalışyrmak
Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiyaclyk nasadkalaryny ulanyň.
Model belgisiniň yerini tapmak
Model belgisi «HX» bilen başlaýar (mysal üçin, HX123A) we ony diş çotgaňyzyň aşağında tapmak bolýar.
Näsazlyklary çözmek
Bu bölümde enjamda iň köp yüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky maglumatlaryň kömegi bilen meselâni çözüp bilmeseñiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support salgysyna girin’ we model belgiñizi giriziň ya-da öz yurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze yüz tutuň.
Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi
| Nasadkany doly dakyp bilmeyärin. Nasadka bilen tutawajyň arasynda boşluk bolýar. | Ol boşluk adaty zatdyr, ol nasadkanyň talabalaýyk titremegi üçin zerurdyr.Nasadka dogry möçberde titreme döredip bilmek üçin hereket edip bilýän bolmaly. | |
| Philips Sonicare diş çotgamyň titremesi öňküsünden gowşak. | Çotga nasadkasy diş çotgasynyň korpusyna gaty ýakyn ýa-da diş çotgasyna zarýad bermeli. | Nasadkany tutawaçdan aýryň we ony biraz boşluk goýup, metal wala täzeden yerleşdiriň.(1-2mm).Zarýad berleninde zarýad berijiniň tok üpjünçiligine dakylandygyna we diş çotgasy zarýad berijä yerleşdirilmezden öň onuň tekiz yerde yerleşdirilendigine göz yetiriň. Diş çotgasynyň 24 sagatlap zarýad almagyna maý beriň. |
| Diş çotgama zarýad berdim, ýöne ol diñe sähelçe wagt işleýär. | Zarýad bermäge synanysylanynda diş çotgasynyň esasy zarýad berijä tekiz yerleşdirilmedik. | Zarýad berijiniň tok üpjünçiligine dakylandygyna we diş çotgasy zarýad berijä yerleşdirilmezden öň onuň tekiz yerde yerleşdirilendigine göz yetiriň. Diş çotgasynyň 24 sagatlap zarýad almagyna maý beriň. |
Kepillik we goldaw
Enjamyňyzy nädip bellige aldyrmalydygyny öwrenmek, kepillik maglumatlaryňyzy we ýygy-ýygydan girilýän goldaw temalary barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.philips.com/support girip, enjamyňyzyň aşagyndaky model belgisini gözleg setirine giriziň. Hemme önümleriň goldawy, energiýany sarp edişi barada jikme-jiklikler we ÝB Laýyklyk ykrarnamasy üçin www.philips.com salgysyna giriň. Enjamyňyzy
gözläniñizden soň, önümiñiziň aýratynlyklary, tehniki aýratynlyklary we elýeterli esbaplary barada maglumat tapyp bilersiňiz.
- Bu nysan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zvňmak bolmaýandyqyny aňladýar.
- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz yurduňzyň düzgünlerini berjaý ediň.
Enjamyn içindäki gaytadan zarýad berip bolýan batareyi ayyrmak
- IÇINDE ZARYAD BERILYÄN LITIY-ION ÖYJÜK BAR. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI YA-DA TALABAJAYK ZYNYI MALY
- Enjamyň içindäki gaytadan zarýad berip bolýan batareýi zibile zyňmak üçin aýryp bolýar. Elektron enjamlary dargatmakda rahat däl bolsaňyz, yerli elektron enjamlary gaytadan işleýän ya-da bejerýän ussahanadan kömek soraň.
- Ornaşdyrylan zarýad berilýän batareyi ayyrmak boyunça gözükdirijileri www.philips.com/support salgysynda tapyp bolýar. Diş çotgasynyň model belgisini girizmek we önümiñizi tapmak üçin Philips goldaw baş sahypasyndaky gözleg zolagyny ulanyň. Model belgisi «HX» bilen başlaýar (mysal üçin, HX123A) we ony diş çotgaňyzyň aşagynda tapmak bolýar Batareyi ayyrmak boyunça gözükdirijiler önümin goldaw sahypasynyň Näsazlyklary düzetmek we Bejeriş bölüminde berilýär.
- Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömeqini alyň.
- Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz yetirin.
- Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşyän plýonka ýelmään ya-da batareýleri plastik haltajyga salyň.

