PHILIPS Sonicare 4100 Series HX3689 - Diş çotgasy

Sonicare 4100 Series HX3689 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare 4100 Series HX3689 PHILIPS PDF formatynda.

📄 612 sahypa Türkmen TK Ýükläň 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare 4100 Series HX3689 - page 402
Pick your language and provide your email: we'll send you a specifically translated version.

Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare 4100 Series HX3689 PHILIPS

0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.

Bu enjam barada täze sorag beriň

E-poçta hususylykda galýar: diňe biriniň soragyňyza jogap berende sizi habar bermek üçin ulanylýar.

Heniz sorag ýok. Ilkinji sorag berýäniň siz boluň.

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare 4100 Series HX3689 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare 4100 Series HX3689 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare 4100 Series HX3689 PHILIPS

Bu önümi diñe onuň niyetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.

Duýduryşlar

  • Diñe giriş (100–240 V\~; 50/60 Hz; 3,5 W) we çykyş (5 Vdc; 2,5 W) kuwwaty bar bolan Philips WAA1001, WAA2001, UL yá-da ekwiwalent tassyklanylan howpsuzlyk adapterleri bilen zarýad beriň. Adapterleriň sanawy üçin, www.philips.com/support salgysyna serediň.
  • Zarýadnigi suwdan uzakda saklaň.
  • USB zarýadnigiň kabelini dakmazdan öň, tutawajyň doly gurandygyny anyklaň.
  • Enjamy çagalar, şeyle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boyunça gözükdirijiler berlen ya-da howpsuz ulanmak boyunça gözegçilik astyndaky we değişli howplar özlerine mälim edilen yagdaýnda fiziki, duýgurlyk ya-da zehin ukyplary pes ya-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge değişli abatlayış işlerini geçirmeli däl.
  • Çagalaryň önlem bilen oýnamazlygyny üpjün etmek üçin olary gözegçilikde saklamaly.
  • Diñe hakyky Philips esbaplaryny yá-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diñe önümiň yany bilen berlen USB zarýadnigi, şeýle hem UL (Synp 2) yá-da ekwiwalent tassyklanan 5V DC adapter (IPX4 yá-da ýokarsy) ulanyň.

  • Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky (ser. "Kepillik we goldaw") Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň.

  • Önüme daşarda yá-da gyzgyn üstleriň golaýynda zarýad bermäň.
  • Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç yuwujyda arassalamaň.
  • Bu enjam diñe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin dizayın edilendir.
  • Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama yüze çyksa, ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň yüze çykmaga dowam etse ya-da bimazalyk ya-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman bilen maslahatlaşyn.
  • Eger önki 2 ayda agyz ya-da diş eti operasiyasyny geçiren bolsañyz, bu enjamy ulanmazdan ön stomatologynyz bilen maslahatlasyn.
  • Eger size kardiostimulýator yá-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza yá-da implant enjamyň öndürijisine yüz tutuň.
  • Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyn.
  • Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik klinikada -da edarada birnäge näsagda ulaşmak üçin niyetlenilmeyär.
  • Gyllary mynjyran yá-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aydan yá-da könelme alamatlary yüze çyksa, ondan hem ir calşyryň.
  • Eger diş pastañyzda peroksid, azyk sodasy ya-da bikarbonat bar bolsa (agardyjy diş pastoralarynda köp ulanylyar), nasadkany her ulanyşdan soň sabyn we suw bilen mazaly arassalaň. Ol plastikde ähtimal jaýrylmanyň öñüni alýar.
  • Düzüminde efir yaglary ya-da kokos yagy bar bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
  • Önümi 32 °F / 0 °C bilen 104 °F / 40 °C arasynda temperaturada zarýad beriň, önümi şol temperatura aralygynda ulanyň we saklaň.

  • Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşyän şöhlesine yá-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň.

  • Eger önüm adatdan daşary gyzsa -da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese -da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e üz tutuň.
  • Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ya-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
  • Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.
  • Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.

Elektromagnit meýdanlary (EMF)

Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.

Radio enjam direktiwasy

Şunlukda, Philips radioýygylyk interfeýsi (Bluetooth ya-da BrushSync) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen yılalaşyklydygyny yglan edýär.

  • Bluetooth radioyygylygy: 2,4 GGs
  • Maksimum Bluetooth radioýygylygy kuwwaty: 3 dBm
  • NFC radioyygylygy: 13,56 MGs
  • Maksimum NFC radioýygylygy kuwwaty: 30,16 dBm YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir:

3000 we 4000 seriýaly elektrikli diş çotgalary dişin' çüyremegini azaltmak we agyz saglygyny saklamak maksady bilen, dişlerdäki daşy hem-de iýmit galyndylaryny aýrmaklyga niyetlenilýär. 3000 we 4000 seriýaly elektrikli diş çotgalary diñe öýde ulanmaklyga niyetlenilýär. Çagalaryň ulanmagy ulularyň gözegçiligi astynda bolmalydyr.

2 Nasadkany metal walyň üstüne ol baryp durýança berk basyň.

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr. Ol nasadkanyň talabalaýyk titremegine mümkinçilik berýär.

Philips Sonicare-iñize zarýad bermek

1 USB zarýad beriş şnuruny rozetka birikdirilgi diwar adapterine dakyň.

2 Tutawajy zarýadnige yerleşdiriň.

- Zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy ýagtylýar we tutawaç iki gezek bipleýär. Ol diş çotgasynyň zarýad alyp durandygyny görkezýär.

Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmäge kömek etmek üçin, onda EasyStart aýratynlygy işledilgi gelýär. Bu aýratynlyk Philips Sonicare diş çotgasy bilen çotgalamaga uýgunlaşmagyňyza kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär.

2 Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45 gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çzygyna ýa-da diş eti çzygynyň çalaja aşagyna ýeter ýaly edip, çalajadan basyň.

Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

Bellik: Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp, tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny we zarýad alyp durandygyny tassyklaýar.

Batareÿa ýagdaÿy (tutawaç zarýadnigiň üstünde däl wagty)

Bellik: Batareýanyň zarádyny hemişe doly saklamak üçin, Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz zaráadnikde goýuň.

Aýratynlyklar

  • Tertipler (4000 seriýasy üçin)
  • EasyStart
  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
  • Basyş sensory
  • QuadPacer
  • SmarTimer

Tertipler (4000 seriýasy üçin)

1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlayár.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we wagt möçberiňiz esasynda, tutawaç nasadkany çalışmagyň amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlar. Bu aýratynlyk dişleriňize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.

QuadPacer aralyk taýmer bolup, ol gysgaça bipläp säginýär we agyz boşlugynyň 4 bölegini gyradeň we mazaly çotgalamak gerekdigini ýatladýar. Bu Philips Sonicare diş çotgasynda QuadPacer aýratynlygy işjeňleşen görünüşde gelýär.

SmarTimer

SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräniziň tamam bolandygyny görkezýär.

Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:

  • EasyStart
  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
  • Basyş sensory

- Pes-orta-yokary üç sany ton eşidilse, ol EasyStart aýratynlygynyň işjeňleşendigini aňladýar. İşjeňleşmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 2 gezek ýasyl reňkde ýanyp söner.

- Yokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol EasyStart aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini añladýar. Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp söner.

Bellik: Kliniki netijeliligi gazanmak üçin, EasyStart-y deaktiwirlemek gerek.

1 Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
2 Tutawaç zarýadnikde durka, aç/öçür düwmesini basyp saklaň.
3 Yzly-yzyna iki gysgajyk bipleme (5 sekunt soň) eşidýänçăñiz aç/öçür düwmesini basyp saklaň.
4 Aç/öçür düwmesini goýberiň.
- Pes-orta-ýokary üç sany ton eşidilse, ol nasadkany çalışyrmagy ýatladyş aýratynlygynyň işjeňleşendigini añladýar. İşjeňleşmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 2 gezek ýasyl reňkde ýanyp söner.
- Yokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol nasadkany çalşyrmagy yatladyş aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini añladýar. Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp söner.

Basyş sensory

1 Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstünde goýuň.
2 Tutawaç zarýadnikde durka, aç/öçür düwmesini basyp saklaň.
3 Yzly-yzyna üç gysgajyk bipleme (7 sekunt soň) eşidýänçăñiz aç/öçür düwmesini basyp saklaň.
4 Aç/öçür düwmesini goýberiň.

- Pes-orta-yokary üç sany ton eşidilse, ol basyş sensory aýratynlygynyň işjeňleşendigini añladýar. İşjeňleşmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 2 gezek yasyl reňkde yanyp söner.

- Yokary-orta-pes üç sany ton eşidilse, ol basyş sensory aýratynlygynyň deaktiwirlenendigini añladýar. Deaktiwirlenmäni tassyklamak üçin, zarýad derejesi görkezijisiniň çyrasy hem 1 gezek sary reňkde ýanyp söner.

Eger üç sany gysga biplemeden soň aç/öçür düwmesini basmaga dowam etseñiz, işjeñleşdirme/deaktiwirleme yzygiderligi gaytalanar.

Arassalamak

Diş pastasyny we beýleki galyndylary aýrymak üçin, Philips Sonicare diş çotgaňyzy wagtly-wagtyna arassalamagyňyz gerek. Philips Sonicare diş çotgaňyzy arassalamasaňyz, önümiň gigiýenik bolmazlygy we oňa zeper ÿetmekligi mümkindir.

Duýduryş: Önümi yá-da esbaplary ýiti zatlar bilen yá-da gap-gaç yuwujyda, mikrotolkunda, himiki serişdeler bilen yá-da gaýnap duran suwda arassalamaň

Diş çotgasynyň tutawajy

PHILIPS Sonicare 4100 Series HX3689 - Diş çotgasynyň tutawajy - 1

1 Nasadkany aýryň we metal wally yeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman aýryň.

Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip biler.

2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy rakowina kakmaň.

Nasadka

PHILIPS Sonicare 4100 Series HX3689 - Nasadka - 1

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Syýahat çeholy

Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.

Saklamak

Model belgisiniň yerini tapmak

Model belgisi (HX36XX) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.

Kepillik we goldaw

Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.

  • Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.
  • Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.

Enjamyn içindäki gaytadan zarýad berip bolýan batareyi ayyrmak

Önüm zibile zyňlanynda önümiň içine ornaşdyrylan zarýad berip bolýan batareýi diňe ýörite hünärli ussa aýrymaly. Batareýany aýrymazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.

Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi, barmaklaryňyzy we üstünde işleýän yeriňizi goraň.

Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.

Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňneler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.

Zarýad berilýän batareýany aýyrmak

Batareýany aýrmazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.

Zarýad berilýän batareýany aýrymak üçin, size polotense ýa-da mata, çekiç we ýasy (standart) towlaýjy gerek.

PHILIPS Sonicare 4100 Series HX3689 - Zarýad berilýän batareýany aýyrmak - 1

1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, Philips Sonicare-i açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi Philips Sonicare-i işledip bolmajak derejä çenli gaytalaň.

2 Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense yáda mata bilen ýapyň.

3 Tutawajyň ýokarky bölegini bir elde saklap, tutawajyň korpusynyň aşaky ujundan 1,27 sm ýokarsyny uruň. Uçky gapajygy çykarmak üçin, çekiç bilen 4 tarapyndan düzümli uruň.

Bellik: İçerki ilgiçleri döwmek üçin, tutawajyň ujuny birnäge gezek urmaly bolmagyňyz mümkin.

4 Uçky gapajygy diş çotgasynyň tutawajyndan ayryň. Eger uçky gapajyk koprusdan ÿeñillik bilen sypmasa, tä uçky gapajyk sypýança ädim 3-i gaýtalaň.

5 Tutawajy başaşak saklap, waly gaty üste basyň. Eger içerki komponentler koprusdan YEňillik bilen sypmasa, tâ içerki komponentler sypýança ädim 3-i gaytalaň.

6 Batareya bilen içerki komponentleriň aşagyndaky ak çarçuwanyň arasyna towlaýjyny sokuň. Soňra batareýany towlaýjy arkaly galdyryp, ak çarçuwanyň aşagyny döwüň.

PHILIPS Sonicare 4100 Series HX3689 - Zarýad berilýän batareýany aýyrmak - 2

7 Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen ak çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany ýasyl çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.

8 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.

Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan házir boluň.

9 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň. Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýyardyr.

Εισαγωγή

Gollanma kömekçisi
Anthropic tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare 4100 Series HX3689

Kategoriýa : Diş çotgasy