PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Elektrik diş çotgasy

Sonicare ProtectiveClean 4300 - Elektrik diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare ProtectiveClean 4300 PHILIPS PDF formatynda.

📄 808 sahypa Türkmen TK Ýükläň 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - page 535

Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare ProtectiveClean 4300 PHILIPS

0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.

Bu enjam barada täze sorag beriň

E-poçta hususylykda galýar: diňe biriniň soragyňyza jogap berende sizi habar bermek üçin ulanylýar.

Heniz sorag ýok. Ilkinji sorag berýäniň siz boluň.

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Elektrik diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare ProtectiveClean 4300 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare ProtectiveClean 4300 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare ProtectiveClean 4300 PHILIPS

Bu diş çotgasy has kämil daş aýrymaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiňiz.

Bu önümi diñe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.

Duýduryşlar

  • Zarýadnikleri we ultramelewse dezinfektory suwdan uzakda saklaň.
  • Arassalanyňyzdan soň, zarýadnigi we/ýa-da dezinfektory diwar rozetkasyna dakmazdan öň doly guradyň.
  • Enjamy çagalar, şeyle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boyunça gözükdirijiler berlen ya-da howpsuz ulanmak boyunça gözegçilik astyndaky we değişli howplar özlerine mälim edilen yagdaýynda fiziki, duýgurlyk ya-da zehin ukyplary pes ya-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge değişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.
  • Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
  • Diñe hakyky Philips esbaplaryny -da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diñe önümiň any bilen berlen zarýadnigi ulanyň. Eger berlen bolsa, diñe original USB kabelini we USB tok üpjünçilik bloguny ulanyň.

  • Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň. Diňe şnurly enjamlar: Eger şnura zeper ýetse, dezinfektorly zarýadnigi täzesi bilen çalşyryň.

  • Zarýadnigi we/ýa-da dezinfektory daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda ulanmaň.
  • Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç yuwujyda arassalamaň.
  • Bu enjam diñe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin dizayın edilendir.
  • Dezinfektory hemişe çagalaryň el ýeterinden uzakda goýuň.
  • Eger gapy açık wagty ultramelewşe çyra ýanyp duran bolsa, dezinfektory ulanmagy bes ediň. Ultramelewşe çyra adamyň gözüne we tenine zyíanly bolup bilýär.
  • Dezinfektory diñe gorag ekrany bilen ulanyň.
  • Ultramelewse dezinfektoryn ultramelewse cyrasyna gyzgyn wagty degmän.
  • Gyllary mynjiyran yá-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aydan yá-da könelme alamatlary yüze çyksa, ondan hem ir çalşyryň.
  • Düzüminde efir yaglary ya-da kokos yagy bar bolan önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
  • Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama yüze çyksa, ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň yüze çykmaga dowam etse yá-da bimazalyk yá-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman bilen maslahatlaşyn.
  • Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň stomatologyňyz bilen maslahatlaşyn.
  • Eger size kardiostimulýator yá-da başga bir implant enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza yá-da implant enjamyn öndürijisine yüz tutuň.
  • Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

- Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik klinikada yá-da edarada birnäge näsagda ulaşmak üçin niyetlenilmeyär.

- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.

- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň önüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.

- Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, gaytadan işlemek baradaky bölüme serediň.

  • Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.
  • Batareýleri elläniñizde elleriňiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
  • Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýalaryň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.
  • Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň hem-de saklaň.

Saklamagyň we daşamagyň şertleri

Temperatura -10 °C bilen 60 °C.

Elektromagnit meýdanlary (EMF)

Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.

Radio enjam direktiwasy

Şunlukda, Philips radioenjam görnüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.

  • Degişli önümlerdäki Bluetooth radioýygylyk interfeýsi 2,4 GHz ýygylykda işleýär.
  • Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.
  • Degişli önümlerdäki NFC radioyygylyk interfeýsi 13,56 MHz yygylykda işleýär.
  • Enjamyn geçirýän maksimal RÝ kuwwatlygy 30,16 dBm.

YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir:

Önümde şu aşağıdaki simwollaryň görünmegi mümkin: Operatoryň Gollanmasyny okaň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Radio enjam direktiwasy - 1

1 Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip durar ýaly edip, nasadkany deňlăň.

2 Nasadkany metal walyň üstüne ol aňryk baryp direyänçă dzümli basyň.

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.

Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basys ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň.

Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmegiñize kömegi deger ýaly, ilkibaşda 1-2 hepdeläp pes sazlama ulanyň, şondan soň has ýokary sazlama geçiň.

2 Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45 gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çzygyna ýa-da diş eti çzygynyň çalaja aşagyna ýeter ýaly edip, dözümli basyň.

Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Radio enjam direktiwasy - 2

6 Çotgalamagyň bir döwresini gutaranyňyzdan soň, dişleriň çeýneýän we tegmil emele gelýän yerlerini çotgalamak üçin goşmaça wagt sarp edip bilersiňiz. Eger isleseňiz, diş çotgasyny işledip ya-da öçürip, diliňizi hem çotgalap bilersiňiz.

Bellik: Philips Sonicare diş çotgaňyzy ortodontik skobalarda (nasadka skobada ulanylanda çalt könelýär) we diş dikeldişlerinde (plombalar, täçler, winirler) ulanmak howpsuzdyr.

QuadPacer

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - QuadPacer - 1

flowchart
graph TD
    A["①"] --> B["②"]
    B --> C["③"]
    C --> D["④"]
    D --> E["⑤"]
    E --> A

BrushSync tehnologiýasy

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - BrushSync tehnologiýasy - 1

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.

BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:

- Nasadkany çalşyrmagy yatladyş Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.

Aýratynlyklar

  • Basys sensory seslenmesi
  • QuadPacer
  • SmarTimer
  • EasyStart
  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş

Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşıňyzy ölçeýär.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Aýratynlyklar - 1

SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräniziň tamam bolandygyny görkezýär.

Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy işjeňleşdirilgi gelýär (diñe ýygjamlyk opsiýalary ýok modeller şeýledir, ýygjamlyk opsiýalary bar bolan modeller bu aýratynlygy işjeňleşdirip bilýär). EasyStart aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiñize kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär.

1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç nasadkany çalşyrmagyn amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlayar. Bu aýratynlyk dişleriñize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.
3 Nasadkany çalşyrmagy yatladyş çyrasy sary reňkde ýananda, nasadkany çalşyrmagyňyz gerek.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Aýratynlyklar - 2

Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:

Ädim 1: Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstüne yerleşdiriň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Aýratynlyklar - 3

Ultramelewşe arassalaýjy bilen çotgaňyzyň uçlaryny her gezek ulanyşdan soň arassalap bilersiňiz.

Eger aşakdaky ýagdaylarr ýüze çyksa, dezinfektory tokdan sogrup, ulanmagy bes ediň we Müşderi idegine jaň ediň:

  • Gapy açyk wagty ultramelewşe çyrasy gýanyp durýar.
  • Dezinfektoryň penjiresi döwlen ýa-da ýok.
  • Dezinfektor işläp durka tüsse çykarýar ýa-da ýanygyň ysy gelýär.

Bellik: Ultramelewşe çyra adamyň gözüne we tenine zyyanly bolup bilýär. Bu enjamy hemişe çagalaryň el yeterinden uzakda saklamaly.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Aýratynlyklar - 4

1 Çotgalanyňyzdan soň çotganyň ujuny ýuwuň we galan suwy silkip aýryň.

Duýduryş: Nasadka dezinfektorda arassalanylyp durka, nasadkanyň gapagyny nasadka dakylgy bolmaly däldir.

2 Barmagyňyzy arasalaýjydaky gapak oýugyna yerleşdiriň we gapagy itip açyň.

3 Çotganyň ujuny arassalaýjydaky 2 sany ösüntgä yerleşdiriň, çotganyň gyllary ysyklandyrys çyrasyna seredýän bolmaly.

Bellik: Arassalaýjyda diňe Philips Sonicare geýdirilýän çotgalaryň uçlaryny arassalaň.

Bellik: Philips Sonicare for Kids nasadkalaryny dezinfektorda arassalamaň.

4 Arassalaýjynyň ćerlikli güýjenmä eýe we elektrik bar bolan rozetka dakylandygyna göz ćetiriň.

5 Gapagy yapyň we ultramelewşe arassaçylyk döwresini saylamak üçin açyan/öçüryän düwmâni bir gezek basyň.

Bellik: Diñe haçan-da gapagy talabalaýyk ýapylan bolsa, dezinfektory işledip bilersiňiz.

Bellik: Dezinfektor döwresiniň dowamynda gapagy açsaňyz, dezinfektor işlemegini togtadar.

Bellik: Dezinfektoryň döwresi takmynan 10 minuda çekýär we soňra awtomatik öçýär.

Penjireden çyranyň ýanyp durany görünýän bolsa, arassalaýjynyň işläp durandygyny aňladýar.

Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy

1 Zarýadnigi ýa-da dezinfektory rozetka dakyň.
2 Diş çotgasyny zarýadnige yá-da dezinfekltora yerleşdiriň.
- Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp, tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny tassyklaýar.
- Batareía görkezijisiniň yanyp sönýän çyrasy tutawajyň zarýad alýandygyny görkezýär.
- Tutawaç zarýadnikde doly zarýad alanda, batareýa görkezijisi 30 sekuntlap ýasyl reňkde ýanýar we soňra sönýär.

Batareía yagdayy

Tutawaç zarýadnigiň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.

Batareya yagdayy (tutawaç işläp duran zarýadnige/syýahat çeholyna dakylgy wagty)

Tutawaç zarýadnigiň ýa-da zarýad beriş syýahat çeholynyň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.

Batareía yagdaíy Batareía görkezijisi

Zarýad alýar Ýaşyl reňkde ýanyp sönýär

Doly 30 sekuntlap bitewi ýasyl reňkde

ýanýar we soňra sönýär

Batareya yagdayy (tutawaç zarýadnigiň üstünde däl wagty)

Diş çotgasy oya wagty, tutawajyň aşagyndaky batareýa görkezijisi batareýanyň derejesini görkezýär.

Pes Sary reňkde ýanypsönýärTutawaç çotgalamadan soň 3 bipleme sesini çykarýar
Boş Sary reňkde ýanypsönýärTutawaç çotgalamadan soň 2 tapgyr 5 bipleme sesini çykarýar
Bellik: Energiýa tygşıtlamak üçin, batareýa görkezijisi ulanylmayan wagty öçer.
Bellik: Batareýanyň zarýady doly çökende, diş çotgasy öçýär. Diş çotgasyny zarýadnikde ya-da zarýad beriş syáhat çeholynda goýup zarýad beriň.
Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmayan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.

Arassalamak

Diş çotgasynyň tutawajy

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Diş çotgasynyň tutawajy - 1

1 Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman aýryň.

Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip biler.

2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy rakowina kakmaň.

Nasadka

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Nasadka - 1

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Syýahat çeholy

Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.

Duýduryş: Arassalaýjyny suwa çümdürmän ýa-da ony krandan akýan suwda ýuwmaň.

Duýduryş: Ultramelewše çyrasy gyzgyn wagty arassalaýjyny arassalamaň.

Amatly netijelilik üçin arassalaýjyňyzy hepdede bir gezek arassalamak maslahat berilýär.

1 Arassalaýjyny tokdan aýryň.
2 Damja mejimesini gönümel daşary çekiň. Damja mejimesini ýuwuň we çygly mata bilen arassa edip süpüriň.
3 İç yüzlerini çygly mata bilen arassalaň.
4 Ultramelewşe çyranyň önündäki gorag ekranyny aýryň.

Ekrany aýrymak üçin ildirgiçlariň ýanyndan kenarlardan tutuň, emaý bilen gysyň we gorag ekranyny çekip çykaryň.

5 Ultramelewse çyrany aýryň. Çyrany aýyrmak üçin ony tutuň we metal gysgyçdan çekip çykaryň.

6 Gorag ekranyny we ultramelewse çyrany çygly mata bilen arassalaň.

7 Ultramelewşe çyrany yerine dakyň. Çyrany yerine dakmak üçin çyranyň aşagyny metal gysgyja gabatlaň we çyrany gysgyjyň içine itiň.

8 Gorag ekranyny yerine dakyň. Ekrany yerine dakmak üçin ekrandaky ösüntgileri ultramelewşe çyranyň yanyndaky serpikdiriji tekizlikdäki gädiklere gabatlaň. Ekrany arassalaýjydaky gädiklere gönümel itiň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Duýduryş: Ultramelewše çyrasy gyzgyn wagty arassalaýjyny arassalamaň. - 1

Model belgisiniň yerini tapmak

Model belgisi (HX64XX, HX68XX) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.

Kepillik we goldaw

Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.

  • Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny öz içine alýan agyz nasadkalarynda.
  • Ygtyyar berilmedik ätiyaçlyk şaylaryň ya-da ygtyyar berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy sebäpli yüze çykan zeper.
  • Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze sykan zeper.
  • Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çyzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.
  • Ultramelewse çyra.

Gaýtadan işlemek

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Gaýtadan işlemek - 1

  • Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.
  • Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda íygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.
  • Dezinfektoryň ultramelewşe çyrasynda simap bardyr. Hyzmat möhleti gutaransoň, ultramelewşe çyrany adaty hojalyk zibiline taşlamaň. Ony resmi utilizasiya ýygnaýyş nokadyna tabşyryň.

Zarýad berilýän batareýany aýrymak

Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän batareýany diňe ýörite hünärli ussa aýryrmalydyr. Batareýany aýrymazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.

Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi, barmaklaryňyzy we üstünde işleýän yeriňizi goraň.

Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.

Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň önüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňñeler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşyän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.

Zarýad berilýän batareýany aýrymak üçin, size polotense ýa-da mata, çekiç we ýasy (standart) towlaýjy gerek. Aşakda görkezilýän prosedurany yerine yetirýärkäñiz, esasy howpsuzlyk çärelerini berjaý ediň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Zarýad berilýän batareýany aýrymak - 1

1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, diş çotgasyny açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi diş çotgasyny işledip bolmajak derejä çenli gaytalaň.

2 Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense ýada mata bilen ýapyň.

3 Tutawajyň ýokarky bölegini bir elde saklap, tutawajyň korpusynyň aşaky ujundan 1,27 sm ýokarsyny uruň. Uçky gapajygy çykarmak üçin, çekiç bilen 4 tarapyndan közümli uruň.

Bellik: İçerki ilgiçleri döwmek üçin, tutawajyň ujuny birnäge gezek urmaly bolmagyňyz mümkin.

4 Uçky gapajygy diş çotgasynyň tutawajyndan ayryň. Eger uçky gapajyk koprusdan ÿeñillik bilen sypmasa, tä uçky gapajyk sypýança ädim 3-i gaýtalaň.

5 Tutawajy başasak saklap, waly gaty üste basyň. Eger içerki komponentler koprusdan YEňillik bilen sypmasa, tâ içerki komponentler sypýança ädim 3-i gaýtalaň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4300 - Zarýad berilýän batareýany aýrymak - 2

7 Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen gara çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany ýasyl çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.

8 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.

Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan házir boluň.

9 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň. Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýyardyr.

Bellik: Hyzmat ömri guataransoň, enjamy adaty hojalyk zibiline taşlamaň-da, resmi utilizasiýa ýygnaýyş nokadyna tabşyryň. Şeyle etmek bilen, daşky gurşawy gorap saklamaga kömek edýärsiňiz.

Εισαγωγή

Gollanma kömekçisi
Anthropic tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare ProtectiveClean 4300

Kategoriýa : Elektrik diş çotgasy