PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Diş çotgasy

Sonicare 6800 Series HX3792 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare 6800 Series HX3792 PHILIPS PDF formatynda.

📄 744 sahypa Türkmen TK Ýükläň 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - page 508
Pick your language and provide your email: we'll send you a specifically translated version.

Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare 6800 Series HX3792 PHILIPS

0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.

Bu enjam barada täze sorag beriň

E-poçta hususylykda galýar: diňe biriniň soragyňyza jogap berende sizi habar bermek üçin ulanylýar.

Heniz sorag ýok. Ilkinji sorag berýäniň siz boluň.

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare 6800 Series HX3792 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare 6800 Series HX3792 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare 6800 Series HX3792 PHILIPS

  • Bu enjamda diñe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar bar.
  • Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşyän şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň.
  • Eger önlem adatdan daşary gyzsa yá-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese yá-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e yüz tutuň.
  • Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.

- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.

- Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zyňmak gerek, Gaýtadan islemek baradaky bölüme serediň.

- Diñe WAA1001, WAA2001, nominal girişi (100-240 V\~; 50/60 Hz; 3,5 W) we nominal çykyşy (5 V hemişelik tok; 2,5 W) bolan, howpsuzlygy tassyklanan IPX4 adapterler bilen zarýad beriň. Adapterleriň sanawy üçin www.philips.com/support salgysyna serediň.

- Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.

- Energiya sarp edişi: - Öçürilen tertip: Degişli däl - Garaşma tertibi: <0,1 W (1 minutyň içinde awtomatiki usulda yetilýär)

Saklamagyň we daşamagyň şertleri

Temperatura -10 °C bilen +60 °C (14 °F bilen 140 °F) arasynda.

Elektromagnit meýdanlary (EMF)

Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.

Radio enjam direktiwasy

Şunlukda, Philips radioenjam görüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.

- Degişli önümlerdäki Bluetooth radioýgylyk interfeýsi 2,4 GHz ýygylykda işleýär.

- Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.

  • Degişli önümlerdäki NFC radioýygylyk interfeýsi 13,56 MHz ýygylykda işleýär.
  • Enjamyn geçirýän maksimal RÝ kuwwatlygy 30,16 dBm.

YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşakdaky internet salgysynda elýeterlidir:

2 Nasadkany metal walyň üstüne ol baryp durýança berk basyň.

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr. Ol nasadkanyň talabalaýyk titremegine mümkinçilik berýär.

Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmäge kömek etmek üçin, onda EasyStart aýratynlygy işleňleşdirilgi gelýär. Bu aýratynlyk Sonicare diş çotgňyz bilen çotgalamaga uýgunlaşmagyňyza kömek etmek üçin ilkinji 14 gezek dişiňizi çotgalama seansyňyzda kuwwaty yuwaş-ýuwaşdan köpeldýär.

Bellik: Hemme iş tertipleriniň ilkinji 3 sekundy çalaja titreme bilen başlayar. Bu dış pastasynyň syçramagynyň öñüni alýar we öz ileri tutýan çotgalama tertibiňizi saylamak üçin iş tertipleriniň üstünden geçmäge mümkinçilik berýär.

3 Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45 gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çzygyna ýa-da çalaja diş eti çzygynyň aşagyna yeter ýaly edip, emaý bilen basyň.

Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna yeter yaly edip, çalaja öne-yza hereket etdirip, dişleriňizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwrăniziň dowamynda dowam ediň.

Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen ulanylýan diş çotgasynda bolsy yaly, gazalap çotgalamak maslahat berilmeýär.

Iş tertibiniň suraty

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Iş tertibiniň suraty - 1

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Iş tertibiniň suraty - 2

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Iş tertibiniň suraty - 3

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Iş tertibiniň suraty - 4

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Iş tertibiniň suraty - 5

Yeňillik Daş

aýyrmak

Dişdâki saryny aýrymak

Daş aýrymak we diş eti massažy

soň her bölümiň diş etiniň çzygy boýunça 15 sekunt çotgalaň.

Her segmenti 30 sekunt çotgalaň

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Yeňillik Daş - 1

Her segmenti 30 sekunt çotgalaň,

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Yeňillik Daş - 2

soňra ýokarky we aşaky dişleriň hersini 15 sekunt çotgalaň.

BrushSync tehnologiýasy

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - BrushSync tehnologiýasy - 1

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.

BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:

  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
  • Nasadka tertibi jübütlemesi
    Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.

Aýratynlyklar

  • Basyş sensory
  • SmarTimer
  • Çotgalamak barada hasabatlar
  • QuadPacer
  • EasyStart
  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
  • Nasadka tertibi jübütlemesi

Basyş sensory

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Basyş sensory - 1

Philips Sonicare-iñiz çotgalayan wagtyñyz ulanyan basysyňzy ölçeýän kämil sensor bilen enjamlaşdyrylandyr. Eger gaty köp basys ulansaňyz, diş çotgasy dessine seslenme bermek bilen basysy düzmelidigiñizi görkezer. Çotgalayan wagtyñyz aşa köp basys berseňiz, titremede üýtgeşmäni duýarsyňyz we tutawajyň düýbi mämişi reňkde yanar.

SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräniziň tamam bolandygyny görkezýär.

QuadPacer aralyk taýmer bolup, ol gysgaça bipläp säginýär we agyz boşlugynyň 4 bölegini gyradeň we mazaly çotgalamak gerekdigini ýatladýar. Bu Philips Sonicare diş çotgasynda QuadPacer aýratynlygy işjeňleşen görünüşde gelýär.

Bellik: Deep Clean, Gum Pro yá-da White tertiplerini ulananyňyzda goşmaça wagt goşulýar.

EasyStart

Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy işjeňleşen görnüşde gelýär. EasyStart aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiñize kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär.

Philips Sonicare diş çotgasy kliniki barlaglarda ulanylanda, ol tutawaja doly zarýad berlen we EasyStart aýratynlygy deaktiwirlenen görnüşde ýokary ýygjamlykda ulanylmalydyr.

1 Täze akylly çotga nasadkasy birinji gezek dakylanynda tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we displeýde çotga nasadkasynyň nyşany görkezilýär.

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - EasyStart - 1

2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we nasadkany näçe wagtlap ulanandygyňzyň esasynda tutawaç nasadkany çalşyrmagyn amatly wagtyny kesgitlemek üçin onuň könelmegini yzarlayar. Çotganyň nasadkasynyň hyzmat ömri gutaranda, displeýde çotga nasadkasyny çalşyrmagy yatladyjy nyşan yanýar we çotga nasadkasyny mümkin boldugyça basym çalşyrmalydygyňzy görkezýär.

Bellik: Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.

Nasadka tertibi jübütlemesi

BrushSync tehnologiýasy bar bolan nasadkalar tutawaç bilen aragatnaşyk edýän hem-de ony maslahat berilyän tertip we ýygjamlyk bilen jübütleýän mikroçip bilen enjamlaşdyrylandyr. BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp nasadkalar Clean tertibine awto-jübütlener. Belli bir yeňillikleri bar bolan nasadkalar değişli tertip bilen jübütlener (elýeterli bolanda), mysallara şular değişlidir: G3 Premium Gum Care: Gum Pro tertibi S2 Sensitive: Sensitive tertibi W Optimal White: White tertibi

Bellik: Maslahat berilýän sazlamadan tertibi üýtgetmegi saýlasaňyz, nasadka şol saylan sazlamaňyzy indiki çotgalama seanslaryňyzda ýadynda saklar.

Zarýad beriş we batareya yagdayy

Philips Sonicare-iñize zarýad bermek

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Philips Sonicare-iñize zarýad bermek - 1

1 USB zarýad berijini diwar adapterine dakyp, diwar adapterini diwardaky rozetka dakyň. 2 Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstüne yerleşdiriň. - Displeýde ýyldyrym nyşany bolan batareý şekiljigi görkezilýär we iki gezek bip sesi eşidilýär. Basyş datçiginiň görkezijisi hem 5 sekuntlap ak reňkde yanar.

Bellik: Batareya doly zarýad bermek 16 sagada çenli çekip biler, ýöne Philips Sonicare diş çotgasyny doly zarýad almanka-da ulanyp bilersiñiz.

Suwuk-kristal displeý ekranynda her çotgalama sessiýasyndan soň, tutawajy zarýad berijä goýanyňyzda we ony zarýad berijiden aýranyňyzda batareýiň derejesini görkezer. Zarýad berilýärkä batareýiň derejesini barlamak üçin açýan/öçüryán düwmani basyň. Batareýiň şekiljigi batareýiň dürli derejeleri bilen reňkini üýtgedýär: batareýiň derejesi 40%-den pes bolsa, ol sary

bolýar; gyzyl reňkli şekiljik ýanyp-öçýän bolsa we iki gysga bip sesi çyksa, batareýiň pesdigini görkezýär.

Batareýa ýagdaýy Batareý şekiljiginiň reňkiBatareýyň göterimi
Pes Gyzyl 0% - 20%
Orta Sary 21% - 40%
Doly Gök 41% - 100%

Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek

Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:

1 Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstüne yerleşdiriň.
2 Ýeke gysgajyk bip sesini (3 sekunt soň) eşidýänçăñiz açýan/öçürýän düwmâni basyp saklaň.
3 Açýan/öçüryän düwmani goýberiň.

- Pes-orta-yokary üç ses eşiidlse, EasyStart aýratynlygynyň işjeňleşdirilendigini aňladýar. Displeýdäki şekiljik EasyStart işjeňleşdirilendigini görkezýär.

- Yokary-orta-pes üç ses eşidilse, EasyStart aýratynlygynyň öçürilendigini aňladýar. Displeýdäki şekiljik EasyStart öçürilendigini görkezýär.

Bellik: Kliniki netijeliligi gazanmak üçin, EasyStart-y deaktiwirlemek gerek.

- Pes-orta-ýokary üç ses eşidilse, nasadkany çalşyrmagy yatladyş aýratynlygynyň işjeňleşendigini añladýar. Displeýdäki şekiljik çotga nasadkasyny çalşyrmagy yatladyjynyň işjeňleşdirilendigini görkezýär.

- Yokary-orta-pes üç ses eşidilse, nasadkany çalışyrmagy yatladyş aýratynlygynyň öçürilendigini añladýar. Displeýdäki şekiljik çotga nasadkasyny çalışyrmagy yatladyjynyň öçürilendigini görkezýär.

Arassalamak

Diş pastasyny we beýleki galyndylary aýrymak üçin, Philips Sonicare diş çotgaňyzy wagtly-wagtyna arassalamagyňyz gerek. Philips Sonicare diş çotgaňyzy arassalamasaňyz, önümiň gigiýenik bolmazlygy we oňa zeper ÿetmekligi mümkindir.

Duýduryş: Önümi yá-da esbaplary ýiti zatlar bilen yá-da gap-gaç yuwujyda, mikrotolkunly ojakda, himiki serişdeler bilen yá-da gaýnap duran suwda arassalamaň

Diş çotgasynyň tutawajy

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Diş çotgasynyň tutawajy - 1

1 Nasadkany aýryň we metal wally yeri yyly suw bilen yuwup durlaň. Tutawaçdaky we düwmleriň töweregindäki diş pastasynyň galyndylaryny azyndan hepdede bir gezek aýyrmagy unutmaň, yöne her ulanyşdan soň aýyrmak iň gowusy bolup durýar.

Seresap boluň: Metal sapdaky ya-da düwmleriň töweregindäki rezin dykyzlaýjyny ýiti zatlar bilen itmän, sebäbi beýtmek zeper ÿetirip biler.

2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Seresap boluň: Artykmaç suwuny aýrymak üçin tutawajy nowajyga ýa-da el ýuwulýana tyrkyldatmaň.

2 Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly suw bilen ýuwup durlaň.

Zarýadnik

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.

2 Zarýadnigiň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Saklamak

Önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony tokdan aýryň we arassalaň («Arassalamak» bölümine serediň). Ony göni gün şöhlesiniň düşmeýän yerinde, salkyn we gurak yerde saklaň. Batareýiň bütünleý boşap galmazlygy üçin diş çotgasyna belli wagtlarda zarýad beriň. Bütinleý boşan batareýiň soň zarýad almazlygy mümkin.

Model belgisiniň yerini tapmak

Model belgisini (e.g. HX123A) görmek üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.

Bu bölümde enjamda iň köp yüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp bilmeseñiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin

Nasadkany doly dakyp bilmeyärin. Nasadka bilen tutawajyň arasynda boşluk bolýar.Ol boşluk adaty zatdyr, ol nasadkanyň talabalaýyk titremegi üçin zerurdyr. Nasadka dogry möçberde titreme döredip bilmek üçin hereket edip bilýän bolmaly.
Philips Sonicare diş çotgamyň titremesi önküsünden gowşak.Çotga nasadkasy diş çotgasynyň korpusyna gaty ýakyn ıya-da diş çotgasyna zarýad bermeli.Nasadkany tutawaçdan ayryň we ony biraz boşluk goýup, metal wala täzeden yerleşdiriň. (1-2mm).Zarýad berleninde zarýad berijiniň tok üpjünçiligine dakylandygyna we diş çotgasy zarýad berijä yerleşdirilmezden öň onuň tekiz yerde yerleşdirilendigine göz yetiriň. Diş çotgasynyň 24 sagatlap zarýad almagyna maý beriň.
Diş çotgama zarýad berdim, yöne ol diñe sähelçe wagt işleýär.Zarýad bermäge synanysylanynda diş çotgasynyň esasy zarýad berijä tekiz yerleşdirilmedik.Zarýad berijiniň tok üpjünçiligine dakylandygyna we diş çotgasy zarýad berijä yerleşdirilmezden öň onuň tekiz yerde yerleşdirilendigine göz yetiriň. Diş çotgasynyň 24 sagatlap zarýad almagyna maý beriň.

Kepillik we goldaw

Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.

  • Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.
  • Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.

Enjamyn içindäki gaytadan zarýad berip bolýan batareyi ayyrmak

IÇINDE ZARYAD BERILYÄN LITIY-ION ÖYJÜK BAR. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI YA-DA TALABALAÝYK ZYŃYLMALY.

Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile

zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini yerine yetiriň.

Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.

Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.

Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.

Batareýany aýrmazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.

Zarýad berilýän batareýi aýrymak üçin ýasy-uçly (standart) otwýorka gerek.

1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, Philips Sonicare-i açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi Philips Sonicare-i işledip bolmajak derejä çenli gaýtalaň.

2 Tutawajyň düýbündäki plýonkany aýryň, soňra winti sypdyryň.

PHILIPS Sonicare 6800 Series HX3792 - Enjamyn içindäki gaytadan zarýad berip bolýan batareyi ayyrmak - 1

3 Uçky gapajygy diş çotgasynyň tutawajyndan ayryň.
4 Tutawajy başasak saklap, waly gaty üste basyň.
5 Batareya bilen içerki komponentleriň aşagyndaky ak çarçuwanyň arasyna towlaýjyny sokuň. Soňra batareýany towlaýjy arkaly galdyryp, ak çarçuwanyň aşagyny döwüň.
6 Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen ak çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany ýasyl çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.
7 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.

Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ÿetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan házir boluň.

8 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň. Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýýardyr.

Εισαγωγή

Gollanma kömekçisi
Anthropic tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare 6800 Series HX3792

Kategoriýa : Diş çotgasy