PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Elektrik diş çotgasy

Sonicare ProtectiveClean 4500 - Elektrik diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare ProtectiveClean 4500 PHILIPS PDF formatynda.

📄 810 sahypa Türkmen TK Ýükläň 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - page 548

Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare ProtectiveClean 4500 PHILIPS

0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.

Bu enjam barada täze sorag beriň

E-poçta hususylykda galýar: diňe biriniň soragyňyza jogap berende sizi habar bermek üçin ulanylýar.

Heniz sorag ýok. Ilkinji sorag berýäniň siz boluň.

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Elektrik diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare ProtectiveClean 4500 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare ProtectiveClean 4500 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare ProtectiveClean 4500 PHILIPS

Bu diş çotgasy has kämil daş aýryrmaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiňiz.

Bu önümi diñe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.

Duýduryşlar

  • Zarýad berijini, syýahat çeholyny we ultramelewse zyýansyzlandyryjyny suwdan uzakda saklaň.
  • Arassalanyňyzdan soň zarýad berijini, syýahat çeholyny we ultramelewse zyýansyzlandyryjyny rozetka dakmazdan öň olaryň doly gurandygyna göz ýetiriň.
  • Enjamy çagalar, şeyle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boyunça gözükdirijiler berlen ya-da howpsuz ulanmak boyunça gözegçilik astyndaky we değişli howplar özlerine mälim edilen yagdażynda fiziki, duýgurlyk ya-da zehin ukyplary pes ya-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda dâl wagty enjamda arassaçylyk we ulanyjy tarapyndan geçirilmäge değişli abatlayış işlerini geçirmeli dâl.
  • Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
  • Diñe hakyky Philips esbaplaryny yá-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Eger berlen bolsa, diñe original USB kabelini we USB tok üpjünçilik bloguny ulanyň.

- Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky (ser. “Kepillik we goldaw”) Müşderi goldawy merkezine ýüz tutuň.

- USB kabele yá-da USB tok üpjünçilik enjamyna zeper yeten bolsa, ony ulanmagy bes ediň.

- Zarýad berijini, syýahat çeholyny we/ýa-da ultramelewše zyýansyzlandyryjyny açyk howada ýa-da gyzdyrylan tekizlikleriň ýakynynda ulanmaň.

- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.

- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.

- Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zyňmak gerek, gaytadan islemek baradaky bölüme serediň.

- Batareylere zeper yeten bolsa yá-da olardan suwuklyk syzyp çykýan bolsa, onuň derä yá-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle ýagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip ýuwuň we lukmançylyk kömeqini alyň.

- Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.

- Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we sol aralykda ulanyň.

- Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öñüni almak üçin batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin, teňneler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýalaryň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşyän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyqa salyň.

- Bu enjamda zarýad berip bolýan litiý-ion batareýjik bar. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI ŎA-DA TALABALAÝYK ZYŇYLMALY.

Saklamagyň we daşamagyň şertleri

Temperatura -10 °C bilen 60 °C.

Elektromagnit meýdanlary (EMF)

Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.

Radio enjam direktiwasy

Şunlukda, Philips radioenjam görüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň

Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.

  • Degişli önümlerdäki Bluetooth radioýygylyk interfeýsi 2,4 GHz ýygylykda işleýär.
  • Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.
  • Degişli önümlerdäki NFC radioyygylyk interfeýsi 13,56 MHz yygylykda işleýär.
  • Enjamyn geçirýän maksimal RÝ kuwwatlygy 30,16 dBm.

YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir:

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.

Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmäge kömek etmek üçin, onda EasyStart aýratynlygy işleňleşdirilgi gelýär. Bu aýratynlyk Philips Sonicare diş

Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Radio enjam direktiwasy - 1

text_image 45°

BrushSync tehnologiýasy

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - BrushSync tehnologiýasy - 1

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.

BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:

- Nasadkany çalışyrmagy yatladyş Philips Sonicare size BrushSync tehnologiyasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça

maglumat alar yaly www.philips.com/toothbrushheads salgysyna gidiň.

Aýratynlyklar

Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşıňzy ölçeýär.

Eger artykmaç basyş etseñiz, tutawaç tä basyşy azaldyançañyz öz titremesini üýtgedýär we nasadkany çalışyrmagy yatladyş şekiljgi sary reňkde yanyp sönýär.

1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlayar.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Aýratynlyklar - 1

SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräniziň tamam bolandygyny görkezýär.

Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:

Ädim 1: Tutawajy toga dakylgy zarýad beriş podstawkasynyň üstüne yerleşdiriň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Aýratynlyklar - 2

Eger batareÿa görkezijisiniň we nasadkany çalşyrmagy ýatladyş çyrasynyň 2 gezek ýasyl reňkde ýanyp sönenini görseñiz we çaladan gata 3 signal eşitseñiz, onda ol aýratynlyk işjeňleşen bolýar.

ÝA-DA

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Aýratynlyklar - 3

Eger batareya görkezijisiniň we nasadkany çalşyrmagy yatladyş çyrasynyň 1 gezek sary reňkde ýanyp sönenini görseňiz we gatydam çala 3 signal eşitseňiz, onda ol aýratynlyk deaktiwirlenen bolýar.

Ultramelewse dezinfektor

  • Gapy açyk wagty ultramelewse çyrasy gýanyp durýar.
  • Dezinfektoryň penjiresi döwlen ýa-da ýok.
  • Dezinfektor işläp durka tüsse çykarýar ýa-da ýanygyň ysy gelýär.

Bellik: Ultramelewşe çyra adamyň gözüne we tenine zyyanly bolup bilýär. Bu enjamy hemişe çagalaryň el yeterinden uzakda saklamaly.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Ultramelewse dezinfektor - 1

1 Çotgalanyňyzdan soň çotganyň ujuny ýuwuň we galan suwy silkip aýryň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Ultramelewse dezinfektor - 2

3 Çotganyň ujuny arassalaýjydaky 2 sany ösüntgä yerleşdiriň, çotganyň gyllary ysyklandyryş çyrasyna seredýän bolmaly.

Bellik: Arassalaýjyda diňe Philips Sonicare geýdirilýän çotgalaryň uçlaryny arassalaň.

Bellik: Philips Sonicare for Kids nasadkalaryny dezinfektorda arassalamaň.

4 Arassalaýjynyň ćerlikli güýjenmä eýe we elektrik bar bolan rozetka dakylandygyna göz ćetiriň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Ultramelewse dezinfektor - 3

5 Gapagy yapyň we ultramelewşe arassaçylyk döwresini saylamak üçin açýan/öçürýan düwmâni bir gezek basyň.

Bellik: Diñe haçan-da gapagy talabalaýyk ýapylan bolsa, dezinfektory işledip bilersiňiz.

Bellik: Dezinfektor döwresiniň dowamynda gapagy açsaňyz, dezinfektor işlemegini togtadar.

Bellik: Dezinfektoryň döwresi takmynan 10 minuda çekýär we soňra awtomatik öçýär.

Penjireden çyranyň yanyp durany görünýän bolsa, arassalaýjynyň işläp durandygyny aňladýar.

Zarýad beriş we batareya ýagdayy

Bu Philips Sonicare diş çotgasy azyndan 28 sany çotgalama seansy üçin niyetlenilmek bilen, her seams doly zarýad berlen batareýada 2 minuta çekýär (eger günde iki gezek ulanylsa, 14 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniñizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär.

Bellik: Ilkinji gezek ulanmazdan öň, batareýa doly zarýad bermek 24 sagada çenli çekip biler, ýöne Philips Sonicare diş çotgasyny doly zarýad almanka-da ulanyp bilersiňiz.

Zarýad alýar

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Zarýad alýar - 1

1 Zarýadnigi ýa-da dezinfektory rozetka dakyň.
2 Diş çotgasyny zarýadnige ýa-da dezinfekltora yerleşdiriň.

  • Tutawaç 2 gezek gysga bipleme sesini çykaryp, tutawajyň zarýadnige dogry goýlandygyny tassyklaýar.
  • Batareýa görkezijisiniň ýanyp sönýän çyrasy tutawajyň zarád alýandygyny görkezýär.
  • Tutawaç zarýadnikde doly zarýad alanda, batareýa görkezijisi 30 sekuntlap ýasyl reňkde ýanýar we soňra sönýär.

Batareía yagdayy

Batareya yagdayy (tutawaç toga dakylgy zaryadnigiñ üstünde dur)

Tutawaç zarýadnigiň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.

Batareía yagdaíy Batareía görkezijisi

Zarýad alýar Yasyl reňkde yanyp sönýär
Doly 30 sekuntlap bitewi yasyl reňkde yanýar we soňra sönýär

Batareya yagdayy (tutawaç zarýadnigiň üstünde däl wagty)

Diş çotgasy oÿa wagty, tutawajyñ aşagyndaky batareÿa görkezijisi batareÿanyñ derejesini görkezýär.

Doly Yanyp duran yasyl -
Bölekleyin doly Yasyl reňkde yanypsönýär-
Pes Sary reňkde yanypsönýärTutawaç çotgalamadan soň 3 bipleme sesini çykarýar
Boş Sary reňkde yanypsönýärTutawaç çotgalamadan soň 2 tapgyr 5 bipleme sesini çykarýar
Bellik: Energiya tygşıtlamak üçin, batareya görkezijisi ulanylmayan wagty öçer.
Bellik: Batareýanyň zarýady doly çökende, diş çotgasy öçýär. Diş çotgasyny zarýadnige yerleşdirip, zarýad beriň.
Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmayan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.

Arassalamak

Diş çotgasynyň tutawajy

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Diş çotgasynyň tutawajy - 1

1 Nasadkany aýryň we metal wally yeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman aýryň.

Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip biler.

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Syýahat çeholy

Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.

1 Arassalaýjyny tokdan aýryň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Syýahat çeholy - 1

4 Ultramelewse çyranyň önündäki gorag ekranyny aýryň.

Ekrany aýrymak üçin ildirgiçlariň yanyndan kenarlardan tutuň, emaý bilen gysyň we gorag ekranyny çekip çykaryň.

5 Ultramelewse cyrany ayryň.

Çyrany aýrymak üçin ony tutuň we metal gysgyçdan çekip çykaryň.

6 Gorag ekranyny we ultramelewse cyrany cygly mata bilen arassalaň.

7 Ultramelewse cyrany yerine dakyň.

Çyrany yerine dakmak üçin çyranyň aşagyny metal gysgyja gabatlaň we çyrany gysgyjyň içine itiň.

8 Gorag ekranyny yerine dakyň.

Ekrany yerine dakmak üçin ekrandaky ösüntgileri ultramelewşe çyranyň yanyndaky serpikdiriji tekizlikdäki gädiklere gabatlaň. Ekrany arassalaýjydaky gädiklere gönümel itiň.

9 Damja mejimesini ultramelewse arassalaýjydaky yerine dakyň.

10 Arassalanyňyzdan soň, arassalaýjyny toga dakmazdan öň doly guradyň.

Saklamak

Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýän salkyn, gury yerde saklaň.

Çalşyrmak

Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.

Model belgisiniň yerini tapmak

Model belgisi (HX64XX, HX68XX) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.

Kepillik we goldaw

Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.

- Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.

- Ultramelewse çyra.

Gaytadan işlemek

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Gaytadan işlemek - 1

- Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.

- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz yurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.

- Dezinfektoryň ultramelewşe çyrasynda simap bardyr. Hyzmat möhleti gutaransoň, ultramelewşe çyrany adaty hojalyk zibiline taşlamaň. Ony resmi utilizasiya ýygnaýys nokadyna tabşyryň.

- Philips önümleriniň düzümindäki REACH maddalary barada maglumaty www.philips.com/REACH salgysynda tapmak bolar

Zarýad berilýän batareýany aýrymak

Önüm zibile zyňlanynda, içinde ornaşdyrylan zarýad berilýän batareýi hünärmen tarapyndan ayrylmaly.

Ornaşdyrylan zarýad berilýän batareýi aýrymak boýunça gözükdirijileri www.philips.com/support salgysynda tapyp bolýar.

Zarýad berilýän batareýany aýrymak üçin, size polotense ýa-da mata, çekiç we ýasy (standart) towlaýjy gerek.

Aşakda görkezilyän prosedurany yerine yetirýärkäniz, esasy howpsuzlyk çärelerini berjaý ediň.

1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, diş çotgasyny açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi diş çotgasyny işledip bolmajak derejä çenli gaytalaň.

2 Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense yáda mata bilen ýapyň.

PHILIPS Sonicare ProtectiveClean 4500 - Zarýad berilýän batareýany aýrymak - 1

7 Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen gara çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany ýasyl çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.

8 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.

Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan häzir boluň.

9 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň. Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýýardyr.

Bellik: Hyzmat ömri guataransoň, enjamy adaty hojalyk zibiline taşlamaň-da, resmi utilizasiýa ýygnaýyş nokadyna tabşyryň. Şeyle etmek bilen, daşky gurşawy gorap saklamaga kömek edýärsiňiz.

Εισαγωγή

Gollanma kömekçisi
Anthropic tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare ProtectiveClean 4500

Kategoriýa : Elektrik diş çotgasy