PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - Diş çotgasy

Sonicare 5500 HX7110 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare 5500 HX7110 PHILIPS PDF formatynda.

📄 755 sahypa Türkmen TK Ýükläň 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - page 499

Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare 5500 HX7110 PHILIPS

0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.

Bu enjam barada täze sorag beriň

E-poçta hususylykda galýar: diňe biriniň soragyňyza jogap berende sizi habar bermek üçin ulanylýar.

Heniz sorag ýok. Ilkinji sorag berýäniň siz boluň.

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare 5500 HX7110 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare 5500 HX7110 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare 5500 HX7110 PHILIPS

Philips Sonicare maşgalasyna hoş geldiñiz! Bu diş çotgasy has kämil daş aýrymaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiñiz.

  • Bu enjamda diñe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar bar.
  • Bu önümi diñe onuň niyetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün edilýän esbaplar dürli önünemlerde dürli bolup biler.
  • Diñe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş materiallaryny ulanyň.
  • Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşyán şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmään.
  • Eger önüm adatdan daşary gyzsa yá-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese yá-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e ýüz tutuň.
  • Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ya-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
  • Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň öñüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmăň, olary deşmăň ýa-da olara zeper ýetirmăm. Batareýlerde gysga utgaşma etmăm, olara aşa zarýad bermăm ýa-da ters tarapdan zarýad bermăm.

  • Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, Gaýtadan işlemek baradaky bölüme serediň.

  • Diñe Philips HX6110 bilen zarýad beriň giriş derejeleri: 4,75-5,25V hemişelik akym, 1,5W.
  • Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.
  • Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin, teňñeler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýalaryň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ya-da batareýleri plastik haltajyqa salyň.
  • Bu enjamda zarýad berip bolýan litiý-ion batareýjik bar. TÄZEDEN DIKELDISE BERILMELI ÝA-DA TALABALAÝYK ZYŇYLMALY.

Saklamagyň we daşamagyň şertleri

Temperatura -20°C bilen +60°C arasy (-4 °F bilen 140 °F arasy).

Elektromagnit meýdanlary (EMF)

Bu Phillips enjamy elektromagnit meýdanlaryna sezewar bolmak bilen baglanyşykly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara laýyk gelýär.

Radio enjam direktiwasy

Şunlukda, Philips radioenjam görnüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.

- Degişli önümlerdäki Bluetooth radioyygylyk interfeýsi 2,4 GHz yygylykda islevýär.

- Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.

- Degişli önümlerdäki NFC radioyygylyk interfeýsi 13,56 MHz yygylykda islevýär.

YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir: www.philips.com/support

Bellik: Dürli modelleriň aýratynlyklary dürlüçe bolup bilýär. Käbir modeller Bluetooth ýa-da NFC bilen enjamlaşdyrylmadyk bolup biler.

BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.

Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diñe çalaja basys ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmegiñize kömegi deger ýaly, ilkibaşda 1-2 hepdeläp pes sazlama ulanyň, şondan soň has ýokary sazlama geçiň.

Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.

PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ - 1

4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly edip, çalaja öne-yza hereket etdirip, dişleriñizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwrăniziň dowamynda dowam ediň.

Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen ulanylýan diş çotgasynda bolsy ýaly, gazalap çotgalamak maslahat berilmeýär.

Bellik: Juda gaty bassaňyz, tutawajyň titremesindäki üýtgeme size duýduryş berýär.

PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ - 2

Bellik: Iň oňat netijeler üçin ýokary ýygjamlygy maslahat berýäris.

Islenilýän ýygjamlygy elde saýlamak üçin diş çotgasy işläp durka çotgalamaga başlanandan ýa-da dowam etdirileninden soň 2 sekundyň içinde togy açýan/öçürýän düwmäni basmak arkaly opsiýalaryň birinden beýlekisine geçiriň.

BrushSync tehnologiýasy

PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - BrushSync tehnologiýasy - 1

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär. BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:

Bellik: BrushSync tertibini jübütlemegiň elýeterliligi diş çotgaňyzyň modeline bagly bolup durýar.

Philips Sonicare size BrushSync tehnologiyasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar yaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.

Aýratynlyklar

  • Basyş sensory seslenmesi
  • BrushPacer
  • SmarTimer
  • EasyStart
  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
  • Nasadka tertibi jübütlemesi

Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşıňzy ölçeýär. Juda gaty bassaňyz, tutawaç tâ basyşı azaldýançaňyz öz titremesini we sesini üýtgeder.

SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwrăniziň tamam bolandygyny görkezýär.

Bu Philips Sonicare modelinde EasyStart aýratynlygy deaktiwirlenen görnüşde gelýär. EasyStart aýratynlygy Philips Sonicare bilen çotgalamaga öwrenişmegiñize kömek etmek üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni çalajadan köpeldýär. EasyStart aýratynlygy ähli tertiplerde işleýär. Bellik: EasyStart aýratynlygy 5500 seriýasynda işjeňleşdirilen görnüşde gelýär.

*Jogapkärçilikden yüz öwürmek Philips Sonicare diş çotgasy kliniki barlaglarda ulanylanda, ol tutawaja doly

zarád berlen we EasyStart aýratynlygy deaktiwirlenen görünüşde ýokary ýygjamlykda ulanylmalydyr.

1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç nasadkany çalşyrmagyn amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlaýar. Bu aýratynlyk dişleriñize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.

PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - Aýratynlyklar - 1

Bellik: Maslahat berilýän sazlamadan tertibi/ýygjamlygy üýtgetmegi saýlasaňyz, nasadka şol saýlan sazlamaňyzy soňraky çotgalama seanslaryňyzda ýadynda saklar.

Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek

Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:

Eger batareya görkezijisiniň çepdäki LED-iniň 2 gezek yaşyl reňkde ýanyp sönenini görseñiz we çaladan gata 3 signal eşitseñiz, onda ol aýratynlyk işjeňleşen bolýar.

YÁ-DA

PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - YÁ-DA - 1

Eger batareya görkezijisiniň çepdäki LED-iniň 1 gezek sary reňkde ýanyp sönenini görseňiz we gatydan çala 3 signal eşitseňiz, onda ol aýratynlyk deaktiwirlenen bolýar.

Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy

Bu Philips Sonicare diş çotgasy doly zarýad berlen batareýde ortaça 42 sany çotgalama seansy üçin niyetlenilmek bilen, her seams 2 minut diýlip hasaplanylyar (günde iki gezek ulanylsa, 21 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniñizde ýa-da ol zarýad alyp durka batareýa ýagdaýyny görkezýär.

Zarýadnikde zarýad bermek

1 USB zarýad beriş şnuruny diwar adapterine dakyp, diwar adapterini diwardaky rozetka dakyň.

PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - Zarýadnikde zarýad bermek - 1

4 Batareyi görkeziji we çyraly halka ak reňkde ćyanýar, tutawaç iki gezek sesli duýduryş berýär we tutawaçdaky hemme çyralar tutawajyň aşagyndan ćyokarlygyna ćyanýar.
5 Batareya görkezijisiniň ýanyp sönýän çyrasy tutawajyň zarýad alýandygyny görkezvär.
6 Tutawaç zarýad berijide wagty we batareýiň zarýady doly bolsa, batareýi görkezijiniň diod çyralary ýasyl reňkde ýanyp-öçüp başlaýar. Batareý dolanynda ýasyl çyra 30 sekuntlap ýanyp durýar, soňra öçýär.

Batareía yagdayy

Batareya yagdayy (tutawaç toga dakylgy zarýadnigiň üstünde dur)

Tutawaç zarýadnigiň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.

Batareya yagdayyYanyp sönyän LED-leriñ sanyLED reňki
Pes 1 Yanyp sönýän yasyl
Bölekleyin doly 2 Yanyp sönýän yasyl
Doly 3 Dolýança yasyl reňkdeyanyp sönýär, soňra 30 sekunt yasyl reňkde yanýar we sönýär

Batareya yagdayy (tutawaç toga dakylan zarýadnigiň üstünde däl wagty)

Diş çotgasy oÿa wagty, tutawajyň aşagyndaky batareÿa görkezijisi batareÿanyñ derejesini görkezýär.

Batareýa ýagdaýy LED-leriň sany LED reňki

Doly 3 Yanyp duran yasyl
Bölekleyin doly 2 Yanyp duran yasyl
Orta pes 1 Yanyp duran yasyl
Pes Çotgalamadan soň 1bilen 3 gezek biplemeSary reňkde yanypsönýär
Boş 5 sesli duýduryşyn 2toplumy bilen 1Sary reňkde yanypsönýär

Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.

Arassalamak

Diş çotgasynyň tutawajy

PHILIPS Sonicare 5500 HX7110 - Diş çotgasynyň tutawajy - 1

1 Nasadkany ayryň we metal wally yeri hem-de düwmeleri yyly suw bilen yuwup durlaň. Tutawaçdaky we düwmeleriň töweregindäki diş pastasynyň galyndylaryny azyndan hepdede bir gezek ayyrýandygyňyza göz yetiriň, yöne iň gowusy her gezek ulanyşdan soň ayýrmak bolup durýar.

Seresap boluň: Metal waldaky ya-da düwmeleriň töweregindäki rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi beýtmek zeper ýetirip biler.

2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy rakowina kakmaň.

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.

2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.

3 Zarýad berijini ýumşak mata ýa-da süpürgiç bilen guradyň.

Syýahat çeholy

Syýahat çeholyny arassalamak üçin ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň, howada guramagyna maý beriň.

Saklamak

Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýan salkyn, gury yerde saklaň.

Çalşyrmak

Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiyaçlyk nasadkalaryny ulanyň.

Model belgisiniň yerini tapmak

Model belgisi (mysal üçin, HX740x) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.

Bu bölümde enjamda iň köp yüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp bilmeseňiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support salgysyna girin we model belgiñizi giriziň ya-da öz yurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze yüz tutuň.

Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi

Nasadkany doly dakyp bilmeyärin. Nasadka bilen tutawajyň arasynda boşluk bolýar.Ol boşluk adaty zatdyr, ol nasadkanyň talabalaýyk titremegi üçin zerurdy. Nasadka dogry möçberde titreme döredip bilmek üçin hereket edip bilýän bolmaly.
Philips Sonicare diş çotgamyň titremesi öňküsünden gowşak.Nasadka tutawajyň korpusyna gaty yakyn.Nasadkany tutawaçdan ayryň we ony biraz boşluk goýup, metal wala täzeden yerleşdiriň. (1-2mm).

Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi

Diş çotgasy işlemegini bes edýär.Batareý çöken. Diş çotgasynyň tutawajyna zarýadnikde zarýad beriň.
Diş çotgama zarýad berdim, ýöne ol diñe sähelçe wagt işleýär.Diş çotgasynyň tutawajy zarýadnikde dik goýulmadyk, şonda ol zarýad almaýar.Tutawajy zarýadnigiň bazasynda dik goýuň we zarýadnigi toga dakyň.

KEPILLIK ÇÄKLENDIRMELERI

- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz vurduňvzyň düzgünlerini beriay ediň.

- Önüm zibile zyňlanynda, içinde ornaşdyrylan zarýad berilýän batareýi hünärmen tarapyndan aýrylmaly. Ornaşdyrylan zarýad berilýän batareýi aýrymak boýunça gözükdirijileri www.philips.com/support salgysynda tapyp bolýar. Diş çotgasynyň model belgisini girizmek we önümiňizi tapmak üçin Philips goldaw baş sahypasyndaky gözleg zolagyny ulanyň. Model belgisi "HX" bilen başlaýar (mysal üçin, HX123A) we ony diş çotgaňyzyň aşagynda tapmak bolýar. Batareýi aýrymak boýunça gözükdirijiler önümiň goldaw sahypasynyň Näsazlyklary düzetmek we Bejeriş bölüminde berilýär.

518 Türkmençe

  • Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömeqini alyň.
  • Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz yetiriň.

Εισαγωγή

Gollanma kömekçisi
Anthropic tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare 5500 HX7110

Kategoriýa : Diş çotgasy