PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - Diş çotgasy

Sonicare 6100 HX7406 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy

Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare 6100 HX7406 PHILIPS PDF formatynda.

📄 735 sahypa Türkmen TK Ýükläň 💬 AI soragy
Notice PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - page 488
Pick your language and provide your email: we'll send you a specifically translated version.

Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare 6100 HX7406 PHILIPS

0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.

Bu enjam barada täze sorag beriň

E-poçta hususylykda galýar: diňe biriniň soragyňyza jogap berende sizi habar bermek üçin ulanylýar.

Heniz sorag ýok. Ilkinji sorag berýäniň siz boluň.

Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare 6100 HX7406 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare 6100 HX7406 markalaryň PHILIPS.

ULANYJY GOLLANMASY Sonicare 6100 HX7406 PHILIPS

Philips Sonicare maşgalasyna hoş geldiñiz! Bu diş çotgasy has kämil daş aýrymaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiñiz.

  • Bu enjamda diñe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar bar.
  • Bu önümi diñe onuň niyetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün edilýän esbaplar dürli önünemlerde dürli bolup biler.
  • Diñe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş materiallaryny ulanyň.
  • Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günün't göni düşyän şöhlesine yá-da ýokary temperaturalara sezewar etmän.
  • Eger önüm adatdan daşary gyzsa yá-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese yá-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e yüz tutuň.
  • Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ya-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
  • Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň önüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmăň, olary deşmăň ýa-da olara zeper ýetirmăm. Batareýlerde gysga utgaşma etmăň, olara aşa zarýad bermăm ýa-da ters tarapdan zarýad bermăm.

Türkmençe

  • Bu enjamda çalşyryp bolmayan batareýalar bardyr. Batareýanyň hyzmat möhleti gutaranda, enjamy talabalaýyk görnüşde zynmak gerek, Gaýtadan işlemek baradaky bölüme serediň.
  • Diñe Philips HX6110 bilen zarýad beriň giriş derejeleri: 4,75-5,25V hemişelik akvm, 1,5W.
  • Önüme 0 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.
  • Batareýalar aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin batareýanyň klemmalarynyň metal zada (mysal üçin, teňñeler, saç tokalary, yüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýalaryň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ya-da batareýleri plastik haltajyga salyň.
  • Bu enjamda zarýad berip bolýan litiý-ion batareýjik bar. TÄZEDEN DIKELDISE BERILMELI ÝA-DA TALABALAÝYK ZYŇYLMALY.

Saklamagyň we daşamagyň şertleri

Temperatura -20°C bilen +60°C arasy (-4 °F bilen 140 °F arasy).

Elektromagnit meýdanlary (EMF)

Bu Phillips enjamy elektromagnit meýdanlaryna sezewar bolmak bilen baglanyşykly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara laýyk gelýär.

Radio enjam direktiwasy

Şunlukda, Philips radioenjam görnüşi (Bluetooth, NFC) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.

  • Degişli önümlerdäki Bluetooth radioyygylyk interfeýsi 2,4 GHz yygylykda islevýär.
  • Bluetooth enjamynyň maksimal çykyş kuwwatlygy 3 dBm.
  • Degişli önümlerdäki NFC radioyygylyk interfeýsi 13,56 MHz yygylykda islevýär.
  • Enjamyn geçiryan maksimal Rý kuwwatlygy 30,16 dBm.
    YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşağıdaki internet salgysynda elýeterlidir: www.philips.com/support

Bellik: Dürli modelleriň aýratynlyklary dürlüçe bolup bilýär. Käbir modeller Bluetooth ÿa-da NFC bilen enjamlaşdyrylmadyk bolup biler.

BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ

1 Gyllar tutawajyň öň tarapy bilen bir ugra seredip durar ýaly edip, nasadkany deňlăň.

PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ - 1

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.

Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diñe çalaja basys ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmegiñize kömegi deger ýaly, ilkibaşda 1-2 hepdeläp pes sazlama ulanyň, şondan soň has ýokary sazlama geçiň.

4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly edip, çalaja öne-yza hereket etdirip, dişleriñizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwräniziň dowamynda dowam ediň. Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen ulanylýan diş çotgasynda bolsy ýaly, gazalap çotgalamak maslahat berilmeýär.

Bellik: Eger gaty köp basys etseñiz, tutawajyň titremesi üýtgäp we çotgalama seslenmesi çyrasy mawy reňkde ýanyp sönüp, size hablar berer.

PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - BU GÖZÜKDIRIJILERI SAKLAĞ - 2

Islenilýän kuwwaty elde saýlamak üçin diş çotgasy opsiýalarynyň birinden beýlekisine geçer ýaly iş tertibi / ýygjamlyk düwmesini basyň. Güyç sazlamasyny diñe diş çotgasy açık wagty üýtgedip bolýar.

BrushSync tehnologiýasy

PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - BrushSync tehnologiýasy - 1

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär. BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:

gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.

Aýratynlyklar

  • Basyş sensory seslenmesi
  • BrushPacer
  • SmarTimer
  • EasyStart
  • Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
  • Nasadka tertibi jübütlemesi

Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basysyňyzy ölçeýär.

PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - Aýratynlyklar - 1

SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwrăniziň tamam bolandygyny görkezýär.

1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç nasadkany çalşyrmagyň amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlaýar. Bu aýratynlyk dişleriňize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.

PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - Aýratynlyklar - 2

flowchart
graph TD
    A["Start"] --> B{Decision}
    B -->|Yes| C["Output 0"]
    B -->|No| D["End"]

3 Nasadkany çalşyrmagy yatladyş çyrasy sary reňkde yananda, nasadkany çalşyrmagyňyz gerek.

Bellik: Maslahat berilýän sazlamadan tertibi/ýygjamlygy úýtgetmegi saýlasaňyz, nasadka şol saýlan sazlamaňyzy soňraky çotgalama seanslaryňyzda ýadynda saklar.

Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek

Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:

Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy

Bu Philips Sonicare diş çotgasy doly zarýad berlen batareýde ortaça 42 sany çotgalama seansy üçin niyetlenilmek bilen, her seams 2 minut diýlip hasaplanylyar (günde iki gezek ulanylsa, 21 gün). Batareýa görkezijisi 2 minutlyk çotgalama seansy gutaranda, diş çotgasyny sägindireniñizde ya-da ol zarýad alyp durka batareýa yagdaýyny görkezýär.

Zarýadnikde zarýad bermek

1 USB zarýad beriş şnuruny diwar adapterine dakyp, diwar adapterini diwardaky rozetka dakyň.

PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - Zarýadnikde zarýad bermek - 1

5 Batareya görkezijisiniň yanyp sönýän çyrasy tutawajyň zarýad alýandygyny görkezyär.

6 Tutawaç zarýad berijide wagty we batareýiň zarýady doly bolsa, batareýi görkezijiniň diod çyralary ýasyl reňkde ýanyp-öçüp başlaýar. Batareý dolanynda ýasyl çyra 30 sekuntlap ýanyp durýar, soňra öçýär.

Batareía yagdayy

Batareya yagdayy (tutawaç işläp duran zarýadnige/syýahat çeholyna dakylgy wagty)

Tutawaç zarýadnigiň ya-da zarýad beriş syýahat çeholynyň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.

Batareía yagdaíy

Yanyp sönýän LED- leriň sany

LED reňki

Pes 1 Yanyp sönyän yaşyl

Doly 3 Dolýança ýasyl reňkde

yanyp sönýär, soňra 30 sekunt yaşyl reňkde yanýar we sönýär

Batareya yagdayy (tutawaç toga dakylgy zarýadnikde/syáhat çeholynda goýulmadyk wagty)

Diş çotgasy oÿa wagty, tutawajyň aşagyndaky batareÿa görkezijisi batareÿanyñ derejesini görkezyär.

Batareýa ýagdaýy LED-leriň sany LED reňki

Doly 3 Yanyp duran yaşyl
Bölekleyin doly 2 Yanyp duran yaşyl
Orta pes 1 Yanyp duran yaşyl
Pes Çotgalamadan soň 1bilen 3 gezek biplemeSary reňkde yanypsönýär
Boş Çotgalamadan soň 1bilen 2 gezek biplemeSary reňkde yanypsönýär

Bellik: Energiya tygşytlamak üçin, batareya görkezijisi ulanyılmayan wagty öçer.
Bellik: Batareýanyň zarády doly çökende, diş çotgasy öçyär. Diş çotgasyny zarádnige ýerleşdirip, zarád beriň.
Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmayan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.

Arassalamak

Diş çotgasynyň tutawajy

PHILIPS Sonicare 6100 HX7406 - Diş çotgasynyň tutawajy - 1

1 Nasadkany aýryň we metal wally ýeri hem-de düwmeleri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Tutawaçdaky we düwmeleriň töweregindäki diş pastasynyň galyndylaryny azyndan hepdede bir gezek aýyrýandygyňyza göz ýetiriň, ýöne iň gowusy her gezek ulanyşdan soň aýryrmak bolup durýar.

Seresap boluň: Metal waldaky ýa-da düwemeleriň töweregindäki rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi beýtmek zeper ýetirip biler.

1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.
3 Zarýad berijini ýumşak mata ýa-da süpürgiç bilen guradyň.

Syýahat çeholy

Syýahat çeholyny arassalamak üçin ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň, howada guramagyna maý beriň.

Saklamak

Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýan salkyn, gury yerde saklaň.

Çalışyrmak

Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiyaçlyk nasadkalaryny ulanyň.

Model belgisiniň yerini tapmak

Model belgisi (mysal üçin, HX740x) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.

Bu bölümde enjamda iň köp yüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp bilmeseñiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support salgysyna girin we model belgiñizi giriziň ya-da öz yurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze yüz tutuň.

Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi

Nasadkany doly dakyp bilmeyärin. Nasadka bilen tutawajyň arasynda boşluk bolýar.Ol boşluk adaty zatdyr, ol nasadkanyň talabalaýyk titremegi üçin zerurdy. Nasadka dogry möçberde titreme döredip bilmek üçin hereket edip bilýän bolmaly.
Philips Sonicare diş çotgamyň titremesi önküsünden gowşak.Nasadka tutawajyň korpusyna gaty ýakyn.Nasadkany tutawaçdan ayryň we ony biraz boşluk goýup, metal wala täzeden yerleşdiriň. (1-2mm).
Diş çotgasy işlemegini bes edýär.Batareý çöken. Diş çotgasynyň tutawajyna zarýadnikde zarýad beriň.
Diş çotgama zarýad berdim, ýöne ol diñe sähelçe wagt işleýär.Diş çotgasynyň tutawajy zarýadnikde dik goýulmadyk, şonda ol zarýad almaýar.Tutawajy zarýadnigiň bazasynda dik goýuň we zarýadnigi toga dakyň.

KEPILLIK ÇÄKLENDIRMELERI

- Bu nysan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.

- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda íygnamak boýunça öz yurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.

- Önüm zibile zyňlanyında, içinde ornaşdyrylan zarýad berilýän batareyi hünärmen tarapyndan aýrylmaly. Ornaşdyrylan zarýad berilýän batareyi aýrymak boýunça gözükdirijileri www.philips.com/support salgysynda tapyp bolýar. Diş çotgasynyň model belgisini girizmek we önümiñizi tapmak üçin Philips goldaw baş sahypasyndaky gözleg zolagyny ulanyň. Model belgisi “HX” bilen başlaýar (mysal üçin, HX123A) we ony diş çotgaňyzyň aşagynda tapmak bolýar. Batareyi aýrymak boýunça gözükdirijiler önümiň goldaw sahypasynyň Näsazlyklary düzetmek we Bejeriş bölüminde berilýär.

- Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz yetiriň.

Εισαγωγή

Gollanma kömekçisi
Anthropic tarapyndan goldanýar
Habaryňyz garaşylýar
Önüm barada maglumat

Marka : PHILIPS

Model : Sonicare 6100 HX7406

Kategoriýa : Diş çotgasy