Sonicare Diamond Clean 9000 HX9914 - Diş çotgasy PHILIPS - Mugt ulanyjy gollanmasy
Enjamyň gollanmasyny mugt tapyň Sonicare Diamond Clean 9000 HX9914 PHILIPS PDF formatynda.
| Önümiň görnüşi | Diş arassalaýan soniki çotga |
| Model | Sonicare Diamond Clean 9000 HX9914 |
| Marka | Philips |
| Ölçegler (tutawaç) | 2,5 x 2,5 x 18 cm |
| Agramy (tutawaç) | Takmynan 130 g |
| Enerji çeşmesi | Litium-ion batareýasy, induksiýa arkaly zarýadkalaýjy |
| Zarýadkalaýjy wagty | 24 sagat (standart) |
| Batareýada iş wagty | 3 hepde çenli (günde 2 minut) |
| Çotga režimleri | 5: Clean, White, Gum Health, Deep Clean, Tongue Care |
| Taymer | 2 minutlyk taymer, 30 sekuntdan aralyk bilen |
| Basgy datçigi | Hawa – aşa güýçli basylmagy duýdurýar |
| Syýahat gaplasy | Hawa – USB zarýadka bilen berk gaplama |
| Suw geçirmezlik | IPX7 – çygly ýerde howpsuz |
| Ujyny çalyşmak | 3 aýda bir (görkeziji ýatladýar) |
| Gabat gelýän uçlar | Philips Sonicare DiamondClean (dürli görnüşleri) |
| Kepillik | 2 ýyl (öndürijiniň) |
| Toplumyň düzümi | Tutawaç, 2 sany uç, zarýadkalaýan stakan, syýahat gaplasy, görkezme |
Köplenç soralýan soraglar - Sonicare Diamond Clean 9000 HX9914 PHILIPS
Ulanyjylaryň soraglary barada Sonicare Diamond Clean 9000 HX9914 PHILIPS
0 sorag bu enjam barada. Bilýänleriňize jogap beriň ýa-da öz soragyňyzy beriň.
Bu enjam barada täze sorag beriň
Enjamyňyz üçin görkezmeleri ýükläň Diş çotgasy PDF formatynda mugt! Gollanmanyzy tapyň Sonicare Diamond Clean 9000 HX9914 - PHILIPS we elektronik enjamyňyzy yzyna alyň. Bu sahypada enjamyňyzy ulanmak üçin zerur bolan ähli resminamalar çap edilýär. Sonicare Diamond Clean 9000 HX9914 markalaryň PHILIPS.
ULANYJY GOLLANMASY Sonicare Diamond Clean 9000 HX9914 PHILIPS
Bu diş çotgasy has kämil daş aýrymaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiňiz.
- Diñe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş materiallaryny ulanyň. Diñe aýryp bolýan TCAxxxx we/ýa-da CBAxxxx üpjünçilik bloguny ulanyň. Diñe önümiň ýany bilen berlen zarýad berilýän batareýany ulanyň.
- Önüme 5 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.
- Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günün göni düşyän şöhlesine yá-da ýokary temperaturalara sezewar etmään.
- Eger önüm adatdan daşary gyzsa yá-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese yá-da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e yüz tutuň.
- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary çykarmagynyň önüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda üýtgeşme etmään, olary deşmään ýa-da olara zeper ÿetirmään. Batareýlerde gysga utgaşma etmään, olara aşa zarýad bermään ýa-da ters tarapdan zarýad bermään.
- Batareylere zeper yeten bolsa ya-da olardan suwuklyk syzyp çykyan bolsa, onuň derä ya-da gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeyle yagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip yuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.
Elektromagnit meýdanlary (EMF)
Şu Philips enjam elektromagnit meýdançalara sezewar bolunmagyna dahylly hereket edýän ähli standartlara we düzgünnamalara gabat gelýär.
Radio enjam direktiwasy
Şunlukda, Philips radioýygylyk interfeýsi (Bluetooth ÿa-da BrushSync) bilen enjamlaşdyrylan elektrikli diş çotgalarynyň Direktiwa 2014/53/EU bilen ylalaşyklydygyny yglan edýär.
- Bluetooth radioýygylygy: 2,4 GHz
- Maksimum Bluetooth radioýygylygy kuwwaty: 3 dBm
- NFC radioýygylygy: 13,56 MHz
- Maksimum NFC radioýygylygy kuwwaty: -26 dBm YB-niň laýyklyk deklarasiýasynyň doly teksti şu aşakdaky internet salgysynda elýeterlidir:
Sonicare DiamondClean 9000 seriýaly elektrikli diş çotgalary dişiň çüyremegini azaltmak we agyz saglygyny saklamak maksady bilen, dişlerdäki daşy hem-de iýmit galyndylaryny aýryrmaklyga niyetlenilýär. Sonicare DiamondClean 9000 seriýaly elektrikli diş çotgalary şahsy ulanmaklyga niyetlenilýär. Çagalaryň ulanmagy ulularyň gözegçiligi astynda bolmalydyr.
Philips Sonicare enjamyňyz (Şek. 1.)
Önümde şu aşağıdaki simwollaryň görünmegi mümkin: Operatoryň Gollanmasyny okaň.

Dakylýan tok beriş blogy: "xxxxxx" ulanylmak üçin tassyklanylan zarýadnikleriň model belgisini görkezýär.
Bellik: Programmany ulanýarkaňyz, telefonyň Bluetooth-y açyk bolsun, şonda diş çotgaňyz çotgalama maglumatyňzy programma geçirip we täzeläp bilýär. Eger çotgalama maglumatyňzyyň näme üçin ýygnalýandygy barada soraglaryňyz bar bolsa, programmany sazlamak prosesiniň dowamynda elýeterli bolýan Sonicare Gizlinlik beýannamasyny hökman gözden geçiriň.
Programma aýratynlyklary
Sonicare elektrikli diş çotgaňyz size çotgalama endikleriňiz barada seslenme üpjün edýän akylly sensorlar bilen enjamlaşdyrylandyr, şol sanda:
Sonicare programmasy akylly sensorlar tarapyndan üpjün edilýän maglumaty ùygnaýar we çotgalama endikleriňizi wagta görä yzarlaýar.
Ulanmaga başlamak

Bellik: Nasadka bilen tutawajyň arasynda çalaja boşluk görmek adaty ýagdaýdyr.
Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini berjaý ediň.
Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza geçmegiñize kömegi deger ýaly, ilkibaşda 1-2 hepdeläp pes sazlama ulanyň, şondan soň has ýokary sazlama geçiň.
Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriñize degrip saklaň.
4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly edip, çalaja öne-yza hereket etdirip, dişleriňizi çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwrăniziň dowamynda dowam ediň.

Tutawaç öçük ýa-da sägindirilgi wagty, ýygjamlygy üýtgedip bolmaýar.
BrushSync tehnologiýasy

BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik beryär. Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.
BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:
- Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
- BrushSync tertibi jübütlemesi
Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we özüñize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-heads salgysyna gidiň.
Aýratynlyklar
- Basyş sensory seslenmesi
- BrushPacer
- SmarTimer
- EasyStart
- Nasadkany çalışyrmagy yatladyş
- Nasadka tertibi jübütlemesi
Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşyňyzy ölçeýär.
Eger artykmaç basyş etseñiz, tutawaç tä basyşy azaldyançaňyz öz titremesini üýtgedýär we nasadkany çalışyrmagy yatladyş şekiljgi sary reňkde ýanyp sönýär.
Bellik: Önümiñizde Basys sensory işjeğleşdirilen görnüşde gelýär. Bu aýratynlygy deaktiwirlemek üçin (ser.
"Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek").
BrushPacer
BrushPacer agyz boşlugyňzy 6 bölege bölmek arkaly tutuş agyzda gyradeň çotgalamaga kömek edýän aralyk taýmeri bolup durýar.
SmarTimer
SmarTimer çotgalama döwresiniň ahyrynda diş çotgasyny awtomatik öçürmek arkaly, çotgalama döwräniziň tamam bolandygyny görkezýär.
1 Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda, tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2 Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç nasadkany çalşyrmagyn amatly wagtyny kesgitlemek üçin, onuň könelmegini yzarlayar. Bu aýratynlyk dişleriñize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün etmekligi kepillendirýär.
3 Nasadkany çalışyrmagy yatladyş çyrasy sary reňkde ýananda, nasadkany çalışyrmagyňyz gerek.
![graph TD A["Process Node"] --> B["Output Node n"]](/content/2026/05/875394/images/0aa8b21f5efea7dc7d857959a9648615ae0bf6a5a0ecab63f18c6a0b034d67f7.jpg)
Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:
Zarýad beriş we batareýa ýagdaýy
Zarýad beriş bazasynda zarýad bermek
1 Zarýad beriş bazasynyň şnuruny rozetka dakyň.
2 Zarýad beriş podstawkasyny ya-da zarýad beriş bulguryny zarýad beriş bazasynyň üstünde goýuň.
3 Tutawajy zarýad beriş podstawkasyna ya-da zarýad beriş bulguryna yerleşdiriň.
- Batareya derejesi çyrasy yanyar we tutawaç iki gezek bipleyär. Ol diş çotgasynyň zarýad alyp durandygyny görkezyär.
4 Zarýadnik diş çotgaňyza dolýança zarýad berer.
Batareÿa görkezijisi ïanyp sönýärkä, tutawaç zarýad alyp durýar. Tutawaç doly zarýad alanda, batareÿa görkezijisi 30 sekuntlap ïanýar we soňra sönýär.
Syýahat çeholy bilen zarýad bermek
1 Zarýad beriş syýahat çeholynyň aşagyndan USB kabeli alyň.
2 Zarýad beriş syýahat çeholyny şu aşakdakylaryň birinden gelýän 5 woltluk hemişelik toga USB kabel arkaly birikdiriň:
- Berlen USB adapteri
- UL talaplaryna laýyk gelýän yá-da ANSI/UL 60950-1 standardy boýunça sertifikatlanan şahsy kompýuteriň standart USB razýomy, yá-da
- UL talaplaryna laýyk gelýän yá-da ANSI/UL 60950-1 LPS standardy boýunça sertifikatlanan, USB çykyş portly tok çeşmesi, yá-da

3 Tutawajy syýahat çeholyna yerleşdiriň. Syýahat çeholy diş çotgaňyza dolýança zarýad berýär.
Batareía yagdayy
Batareya yagdayy (tutawaç işläp duran zarýadnige dakylgy ya-da syyahat çeholynda duran wagty)
Tutawaç zarýadnigiň ya-da zarýad beriş syýahat çeholynyň üstünde goýlanda, batareýa görkezijisi batareýa derejesini görkezýär.
Batareía yagdaíy Batareía görkezijisi
Zarýad alýar Ýanyp sönýär
Doly 30 sekunda çenli yanýar we soňra
sönýär
Batareya yagdayy (tutawaç zarýadnikde ya-da syýahat çeholynda goýulmadyk wagty)
Diş çotgasy oÿa wagty, tutawajyň aşagyndaky batareÿa görkezijisi batareÿanyň derejesini görkezýär.
| Pes Sary reňkde ýanypsönýär | Tutawaç çotgalamadan soň 3 bipleme sesini çykarýar |
| Boş Sary reňkde ýanypsönýär | Tutawaç çotgalamadan soň 2 tapgyr 5 bipleme sesini çykarýar |
Bellik: Batareýanyň zarýady doly çökende, diş çotgasy öçýär. Diş çotgasyny zarýadnige yerleşdirip, zarýad beriň.
Bellik: Batareýanyň zarýadyny hemişe doly saklamak üçin, diş çotgaňyzy ulanmaýan wagtyňyz zarýadnikde goýuň.
Arassalamak
Diş çotgasynyň tutawajy

1 Nasadkany aýryň we metal wally ýeri ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Hiç hili diş pasta galyndysyny goýman aýryň.
Seresap boluň: Metal waldaky rezin dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi ol zeper ýetirip biler.
2 Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy rakowina kakmaň.
Nasadka

2 Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan aýryp, nasadkanyň birikmesini ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Nasadkanyň gapagyny näçe ýygylykda zerur bolsa, ýuwup durlaň.
Zarýadnik
1 Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2 Zarýadnigiň yüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Syýahat çeholy
Syýahat çeholynyň içini arassalamak üçin, ýyly suw bilen ýuwup durlaň we çygly mata bilen arassalaň.
Zarýad beriş syýahat çeholy
1 Zarýad beriş syýahat çeholyny arassalamazdan öň tokdan aýryň.
2 Syýahat çeholynyň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Saklamak
Eger önümi uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, ony rozetkadan sogrup arassalaň we gönümel gün şöhlesi düşmeýän salkyn, gury yerde saklaň.
Çalşyrmak
Optimal netijeleri almak üçin, Philips Sonicare nasadkalaryny her 3 aydan çalşyryp duruň. Diñe Philips Sonicare ätiýaçlyk nasadkalaryny ulanyň.
Näsazlyklary çözmek
Bu bölümde enjamda iň köp ýüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp bilmeseñiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support salgysyna girin’ ya-da öz yurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze yüz tutuň.
Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi
| Nasadkany doly dakyp bilmeyärin. Nasadka bilen tutawajyň arasynda boşluk bolýar. | Bu adaty yagdaý bolup durýar. Dişiñizi arassalamaga zerur titremeleri üpjün etmek üçin hereket eder yaly biraz boşluk gerek bolýar. | |
| Philips Sonicare diş çotgamyň titremesi önküsünden gowşak. | Nasadka tutawajyň korpusyna gaty yakyn. | Nasadkany tutawaçdan aýryň we ony biraz boşluk goýup, metal wala täzeden yerleşdiriň. (1-2mm) |
| Batareýa pes. Diş çotgasynyň tutawajyna zarýadnikde zarýad beriň. | ||
Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi
| Diş çotgama zarýad berdim, ýöne ol diñe sähelçe wagt işleýär. | Diş çotgasynyň tutawajy zarýadnikde dik goýulmadyk, şonda ol zarýad almaýar. | Tutawajy zarýadnigiň bazasynda dik goýuň we zarýadnigi toga dakyň. |
| Diş çotgasy işlemegini bes edýär. | Batareý çöken. Diş çotgasynyň tutawajyna zarýadnikde zarýad beriň. | |
Model belgisiniň yerini tapmak
Model belgisi (HX99XX) üçin Philips Sonicare diş çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.
Kepillik we goldaw
Maglumat yá-da goldaw gerek bolsa, www.philips.com/support salgysyna girin yá-da halkara kepillik hatyny okaň.
KEPILLIK ÇÄKLENDIRMELERI
- Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny öz içine alýan agyz nasadkalarynda.
- Ygtyyar berilmedik ätiyaçlyk şaylaryň ya-da ygtyyar berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy sebäpli yüze çykan zeper.
- Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk, geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik abatlama sebäpli ýüze sykan zeper.
- Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çyzyklar, iýilmeler, reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.
Gaýtadan işlemek

- Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak bolmaýandygyny aňladýar.
- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini berjaý ediň.
Zarýad berilýän batareýany aýrymak
DÜZÜMINDE ZARYAD BERILYÄN LITIY-ION ÖYJÜK BAR. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI YA-DA TALABALAYYK ZYNYLMALY. Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän batareýany diñe yörite hünärli ussa aýrymalydyr. Batareýany aýrymazdan öň, onuň doly çökendigini anyklaň.
Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi, barmaklaryňzy we üstünde işleýän yeriňizi goraň.
Batareýleri elläniñizde elleriñiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň önüni almak üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermään. Batareýleriň daşyna alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmään ýa-da batareýleri plastik haltajyga salyň.
Zarýad berilyän batareýany aýrymak üçin, size polotense ya-da mata, çekiç we yasy (standart) towlaýjy gerek. Aşakda görkezilýän prosedurany yerine yetirýärkäñiz, esasy howpsuzlyk çärelerini berjaý ediň.
1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin, tutawajy zarýadnikden aýryp, diş çotgasyny açyň we ony durýança işlediň. Şu ädimi diş çotgasyny işledip bolmajak derejä çenli gaytalaň.

2 Nasadkany aýryp zyňyň. Bütin tutawajy polotense ýada mata bilen ýapyň.
3 Tutawajyň yokarky bölegini bir elde saklap, tutawajyň korpusynyň aşaky ujundan 1,27 sm yokarsyny uruň. Uçky gapajygy çykarmak üçin, çekiç bilen 4 tarapyndan közümli uruň.
Bellik: İçerki ilgiçleri döwmek üçin, tutawajyň ujuny birnäge gezek urmaly bolmagyňyz mümkin.
4 Uçky gapajygy diş çotgasynyň tutawajyndan aýryň. Eger uçky gapajyk koprusdan ÿeňillik bilen sypmasa, tä uçky gapajyk sypýança ädim 3-i gaýtalaň.
5 Tutawajy başaşak saklap, waly gaty üste basyň. Eger içerki komponentler koprusdan ýeňillik bilen sypmasa, tä içerki komponentler sypýança ädim 3-i gaýtalaň.
6 Batareya bilen içerki komponentleriň aşagyndaky gara çarçuwanyň arasyna towlaýjyny sokuň. Soňra batareýany towlaýjy arkaly galdyryp, gara çarçuwanyň aşagyny döwüň.

7 Towlaýjyny batareýanyň aşagy bilen gara çarçuwanyň arasyna sokup, batareýany ýasyl çap edilgi plata birikdirýän metal berkidijini döwüň. Ol batareýany çarçuwanyň aşaky ujundan sypdyrar.
8 Batareýany tutup, içerki komponentlerden çekip aýryň we ikinji metal batareýa berkidijisini döwüň.
Seresap boluň: Barmaklaryňyza şikes ýetmez ýaly, batareýa berkidijileriniň ýiti gyralaryndan házir boluň.
9 Batareýada galan zarýad bilen gysga utgaşma bolmaz yaly, batareýanyň kontaktlaryny lenta bilen ýapyň. Zarýad berilýän batareýa indi utilizasiýa berilmäge, önümiň galan bölekleri bolsa, talabalaýyk zyňylmaklyga taýyardyr.
Bellik: Hyzmat ömri guataransoň, enjamy adaty hojalyk zibiline taşlamaň-da, resmi utilizasiýa ýygnaýyş nokadyna tabşyryň. Şeyle etmek bilen, daşky gurşawy gorap saklamaga kömek edýärsiňiz.